Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylan konstitusion-hukuk we syýasy özgertmeleriň esasy maksady döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmekden hem-de täze taryhy şertlerde kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan täze ulgamy döretmekden ybaratdyr.
Ýakynda, has anygy, 14-nji aprelde paýtagtymyzyň gözel ýerleriniň biri bolan Çandybil şaýolunyň ugrunda, Köpetdagyň eteginde Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýle hem Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň birinji çagyrylyşynyň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz ilki bilen Halk Maslahatynyň Diwanynyň kiçi mejlisler zalynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisini geçirdi.
Mejlisde merkezi saýlaw toparynyň başlygy G.Myradow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri barada beren hasabatynda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz döwletimiziň syýasy ulgamyny döwrebaplaşdyrmak işiniň dowam edýändigini, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine laýyklykda, şu ýylyň 28-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary munuň aýdyň subutnamasy boldy diýip nygtady.
Şeýlelikde, göni däl saýlaw hukugynyň esasynda geçirilen bu saýlawlaryň netijesinde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna ýurdumyz boýunça jemi 48 agza saýlandy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 78-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen sekiz agza bellendi.
Soňra mejlisiň gün tertibine girizilen guramaçylyk meselelerine garaldy. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna hem-de «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 10-njy maddasyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň hataryndan Halk Maslahatynyň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlamak, Halk Maslahatynyň komitetlerini döretmek we olaryň başlyklaryny saýlamak işlerine girişildi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň biragyzdan goldamagy netijesinde gizlin ses bermek arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine Gurbanguly Berdimuhamedow saýlanyldy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary wezipesine K.Babaýew saýlanyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi dowam edip, islendik edaranyň işini netijeli alyp barmak we dolandyrmak üçin onuň düzümini oýlanyşykly döretmegiň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belledi. Şunuň bilen bagly-lykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň düzüminde bäş komiteti döretmek teklip edildi. Olar şu aşakdakylardan ybarat:
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary tarapyndan göni ses bermek arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň komitetleriniň başlyklary we orunbasarlary saýlanyldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Maslahat köşgüniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň — Halk Maslahatynyň agzalarynyň hem-de Mejlisiň deputatlarynyň bilelikdäki mejlisini geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly ulgamynyň döredilmegi bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuşynda täze tapgyryň başlanýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisde eden taryhy ähmiýetli, çuň manyly çykyşynda şeýle diýdi: « Bu gün — taryhy gün. Biz şu gün ýurdumyzda täze edarany — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyny döretdik. Iki palataly kanun çykaryjy edara Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga hyzmat eder».
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini döwrebap ýagdaýa getirmek üçin milli parlamentde jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň bolmagyna amatly şertleriň döredilmeginiň wajypdygyny belledi. Şonuň netijesinde hem halkyň erkin pikiri, erk-islegi esasynda döwleti dolandyrmaga gatnaşmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimi giňeldilmelidir.
Munuň özi, Konstitusiýamyzda bellenilişi ýaly, «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýlen şertleriň berjaý edilýändigini görkezýär.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine biragyzdan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Täze döredilen iki palataly kanun çykaryjy edaranyň işi rowaçlyklara beslensin!
Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak, mertebesi belent bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!