«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 14-nji aprelinde ak mermerli paýtagtymyzyň Maslahat köşgüniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň hünärmenleri hem gatnaşdy. Biz hem olaryň ýürek buýsançlaryny ýazga geçirdik.
Berdimyrat Garýagdyýew, Merkezi saýlaw toparynyň Guramaçylyk müdirliginiň başlygy:
— Ak mermerli gözel şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň şanly 140 ýyllygyna uludan taýýarlyk görülýän taryhy günlerde paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň biri bolan Çandybil şaýolunyň ugrunda, Köpetdagyň eteginde Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy we ol ýerde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisiniň geçirilmegi ýatdan çykmajak buýsançly pursatlar boldy. Şeýle hem Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisiniň geçirilmegi her birimiz üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň biragyzdan goldamagy netijesinde, gizlin ses bermek arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine Hormatly Prezidentimiziň saýlanandygy baradaky habaryň aýdylmagy bolsa, göwün buýsanjymyzy, şatlygymyzy artdyrdy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki taryhy mejlisi baky Bitarap döwletimiziň demokratik we hukuk esaslarynyň pugtalanýandygynyň, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar bolýandygynyň dabaralanmasy boldy. Munuň özi jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşendiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiz ildeşlerimiziň mynasyp durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi, gurmagy we döretmegi, berkarar Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda bimöçber tagalla edýär.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisindäki çuň manyly taryhy çykyşynda belleýşi ýaly: «Halk Maslahatynyň agzalary ýerli wekilçilikli häkimiýet hem-de öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işine-de uly üns bermelidir. Şunuň bilen baglylykda, bu edaralaryň işiniň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, geljekde olaryň ygtyýarlyklaryny giňeltmek, işine kömek bermek esasy wezipe bolmalydyr. Olar beýleki häkimiýet we dolandyryş edaralary bilen hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek, ýurdumyzyň Hökümeti bilen işleri alyp barmak boýunça degişli teklipleri işläp taýýarlamalydyr».
Geok Abaýew, Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň hukukçysy.
— Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň her bir raýaty eşretli, bagtly durmuşda ýaşaýar, döredýär, gurýar, berkarar Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýar. Munuň özi Arkadagly döwrümiziň bize beren peşgeşidir.
Bitarap döwletimizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan günlerimizde dünýä ýaň salýan taryhy wakalara şaýat bolmagyň özi bagtlylykdan, bagtyýarlykdan, döwletlilikden nyşan.
Paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgüniň binasynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisine gatnaşmak bagtynyň miýesser edendigine şatlygymyň çägi ýok.
Hormatly Prezidentimiz ildeşlerimiziň mynasyp durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi, gurmagy we döretmegi, berkarar Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda bimöçber tagalla edýär.
Türkmenistanyň raýatlarynyň jemgyýetiň we döwletiň işini dolandyrmaga göni, şeýle hem erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlamaga hem-de saýlanmaga hukugy bardyr. Şeýle-de, Türkmenistanyň raýatlary öz ukyplaryna we hünär taýýarlygyna laýyklykda, döwlet gullugynda işlemäge deň hukuklydyr. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň ýaşaýyş jaýyna, ýaşaýyş jaýyny almakda we edinmekde hem-de özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda, durmuş taýdan üpjünçilikde döwlet goldawyny almaga hukugy bardyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Milli Liderimiz döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni babatda ösdürmekde kanun çykaryjylygy kämilleşdirmegiň ähmiýeti, bu babatda Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada giňişleýin gürrüň etdi.
Gahryman Arkadagymyzyň çuň manyly çykyşyny diňlemek bizde uly buýsanç döretdi.
Goý, beýik özgertmeleri amala aşyrmakda öz halky bilen geňeşip, Türkmenistan döwletini ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!
– Beren täsirli, buýsançly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!
Söhbetdeşligi ýazga geçiren H. ÖWEZOW.