Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy uly dabara bilen bellenilýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem bu baýramyň dabarasy tutuş Zemine ýaň salar. Çünki, özüniň owadanlygy, gylyk-häsiýeti we düşbüligi bilen dünýäde giňden tanalýan ahalteke bedewiniň şu ýylda giňden bellenilýän
baýramynyň ýene-de bir aýratynlygy, ol hem ilkinji gezek Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bilelikde geçirilýänligidir.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji fewralyndaky kararyna laýyklykda, türkmen alabaýlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslygy ösdürmek we kämilleşdirmek maksady bilen Türkmen alabaýynyň baýramy döredildi.
Şeýlelikde, Türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde geçiriler.
Türkmen milletiniň döreden gymmatlyklarynyň hatarynda alabaýlarymyzyň mynasyp orny bar. Özüniň göze doly görnüşi, edermenligi, wepalylygy bilen dünýä ýüzüni haýrana goýýan alabaý itleri hakynda Gahryman Arkadagymyzň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda belleýşi ýaly: «Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän türkmençiligiň batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr».
Ýurdumyzda her ýylda ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Behişdi bedewlerimiziň gaýtalanmajak tebigy gözelligini ýokary çeperçilik taýdan beýan etmek ugrunda medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşiklerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen alabaýlarynyň başarnygyny, özboluşly häsiýetlerini we aýratynlyklaryny açyp görkezýän halkara bäsleşiginiň bilelikde geçirilmeginiň özi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň häzirki döwürde hem dowam edýändigini görkezýär.
Ahalteke bedewleri asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Halkymyzyň döreden «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «Aty baryň — ganaty bar», «Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz» ýaly ganatly jümleleri munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ata-babalarymyzyň «Ata yhlas edeniň ýedi arkasy ýalkanar» diýen jümlesiniň hakykatdygy şu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda has-da äşgär bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzda atçylyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak boýunça ulgamlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Munuň özi halkymyzyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan–şöhratyny has-da belende götermek, atçylyk sungatyny we sportuny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertleriň we giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aňladýar. Hut şonuň üçin hem biziň ýurdumyzda türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini hem-de at çapmagyň milli däplerini wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen hem-de abraýly halkara festiwallaryň we bäsleşikleriň iň ýokary baýraklaryna mynasyp bolup, gelýän «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýäde meşhurlygy gün-günden artýar. Türkmen jigitleriniň baş öwredilen ajaýyp atlary bilen özara düşünişmeginiň netijesinde, ençeme ýurtlaryň tomaşaçylaryny özüne bendi eden bu topar dünýäde iň gowy atçylyk-akrobatika toparlaryň biri hasaplanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly: «Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala gelen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär». Atçylyk pudagyny ösdürmek, halkara derejede ýaryşlary we bäsleşikleri geçirmek üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi.
Türkmen ýigitleriniň ýerine ýetirýän at üstündäki oýunlary toý-baýramlarymyzyň bezegi bolup, ildeşlerimizde we daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.
Arkadag Prezidentimizi we ähli watandaşlarymyzy Türkmen bedewiniň we Türkmen alabaýynyň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde toýlar toýlara ulaşsyn!