TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

AŞGABADA BEZEG BERÝÄN AJAÝYP GÖZELLIKLER

 «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylymyzyň her bir güni mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler bilen utgaşýar. Merjen şäherimiz Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Aşgabat suw çüwdürimleriniň, arassaçylygyň, aýdym-sazyň we söýginiň şäheridir».

Aşgabat — aşyklaryň, söýginiň, gözelligiň, şäheri. Geçmişine ser salanymyzda, ady söýgi bilen baglanyşdyrylan Aşgabadymyzyň islendik künjegine baryp, onuň gözelliklerini synlanyňda, barlyga, ýaşaýşa söýgä ýugrulan binalara gözüň düşýär.

Ak mermerli Aşgabadyň barha özgerýän nurana keşbi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek barada edýän taýsyz tagallalaryndan, döwletli tutumlaryndan gözbaş alýar.

Ak mermerli paýtagtymyz özüniň binagärlik aýratynlygy, sazlaşykly ösüşi bilen haýran galdyrýar. Dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriň hatarynda ornuny barha pugtalandyrýan Aşgabat täsin binagärlik çözgütlerine eýe bolan özboluşly desgalary bilen birnäçe gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygynyň aýdyň nyşany bolup durýar. 

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ak şäherimiziň binagärlik keşbi özgerýär, gözelleşýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli, depginli ösüşleri bilen dünýäni haýran galdyrýan Aşgabada gezelenç edeniňde, hormatly Prezidentimiziň gysga döwürde bitiren beýik işlerine bolan buýsanjyň artýar.

Gözel Aşgabadyň uzalyp gidýän giň şaýollarynyň, köçeleriniň ugrundaky binalar hem özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Şolaryň biri hem Magtymguly şaýoludyr. Ilkibaşda Magtymguly şaýoly Merw, soňra Azatlyk şaýoly diýlip atlandyrylýar. Garaşsyzlygymyzy gazananymyzdan soň bu şaýol Magtymguly diýlip atlandyrylyp, 1992-nji ýylyň güýzünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ilkinji dabaraly ýörişi hem şu şaýolda geçirilýär.

Şaýoluň Magtymguly şaýoly diýlip atlandyrylmagy ýöne ýerden däldir. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 225 ýyllyk şanly toýy Bütinsoýuz möçberinde 1960-njy ýylda giňden bellenilýär. Bu şanly sene mynasybetli beýik söz ussadynyň heýkelini döretmek barada bäsleşik yglan edilýär. Şeýlelikde, şaýoluň ugrundaky binalaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň heýkeli 1971-nji ýylda bina edilýär.

Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän ajaýyp binalaryň ýene biri «Ak şäherim Aşgabat» binasydyr. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda  2014-nji ýylyň 24-nji maýynda, Aşgabadyň gününiň öňüsyrasynda  durky täzelenen «Aşgabat» medeni dynç alyş seýilgähi bilen bilelikde bu binanyň açylyş dabarasy boldy.

Göreniňde göwnüňi göterýän biri-birinden beýik binalar, kaşaň ymaratlar, bilim we saglyk maksatly desgalar, owadan, tekiz ýollar, ýollaryň gyralaryndaky döwrebap duralgalar, owadan suw çüwdürimleri, ajaýyp seýilgähler döwrüň belent ruhundan habar berýär. Gijelerine bolsa dürli öwüşginli yşyklara beslenýän bu ajaýyp binalar bada-bat ünsüňi özüne çekýär.

Milli Liderimiziň paýtagtymyza iş saparlarynyň birinde Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän, 25-nji maýda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän köpugurly işewürlik merkezli kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň  we onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Özboluşly döwrebap gurluşy we bezeg aýratynlygy bilen tapawutlanýan 6,9 gektar meýdany eýeleýän 9 gatly bu myhmanhana ýakyn wagtlarda Aşgabadyň kämil binagärlik toplumynyň aýrylmaz bölegine öwrüler. Şeýle hem  9,75 gektar meýdany öz içine alýan, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna gabatlap, açylmagy meýilleşdirilýän «Laçyn» seýilgähi hem bu künjekde özboluşly sazlaşygy emele getirer.  Bu seýilgäh diňe bir şäherimiziň ýaşaýjylarynyň däl, eýsem Aşgabada gelýän myhmanlaryň hem wagtlaryny hoş geçirmekleri, rahat dynç almaklary üçin oňaýly merkez bolup hyzmat eder.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda görülýän çäreler ilatymyzyň saglygyna oňaýly täsir edýän amatly ekologiýa gurşawyny kemala getirmäge gönükdirilendir. Şeýle netijeli işleriň ählisi ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň üstünlikli dabaralanýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň gözel Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny uly toý tutup, baýram etmek barada aýdanlary hem halkymyzyň mähriban paýtagtymyza söýgüsini artdyryp, ýüreklerde joşgun, uly buýsanç döretdi.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bina bolýan paýtagtymyz häzirki wagtda seýilgähleriň, arassaçylygyň, asudalygyň we ajaýyplyklaryň şäherine öwrüldi. Gözel paýtagtymyzyň kämil binagärlik keşbi her bir adama döredijilik joşgunyny bagyşlaýar hem-de ildeşlerimiziň hyjuwly zähmet çekmek, şol gözelliklere mynasyp goşant goşmak islegini artdyrýar.

 Goý, ak mermerli Aşgabadymyzy dünýäniň owadan, ýaşamak üçin amatly şäherine öwürýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun !

 

Jahan Orazowa, 
Türkmenistanda  Saýlawlary  we  sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi  toparyň  edarasynyň  esasy hünärmeni.