TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

WATAN GAHRYMANLARYNYŇ MERTLIGI NESILLERE GÖRELDEDIR

Milli Gahrymanlaryny hatyralamak türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biri bolup durýar.

Her ýyl 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli, sö­weş meýdan­la­ryn­da baş go­ýan gerçek­le­riň ýag­ty ýa­dy­gärlik­le­ri ha­ty­ra­la­nyp, paý­tag­ty­my­zyň «Halk ha­ky­dasy» ýa­dy­gär­likler top­lu­my­nyň «Ba­ky şöh­rat» ýa­dy­gär­li­gi­ne we ýur­du­myzyň et­rap­la­rynda, oba­la­ryn­da Wa­tan ogul­la­rynyň ha­ty­ra­sy­na bi­na edi­len ýa­dygär­lik­le­re gül des­se­le­ri go­ýulýar. Bu  ýadygärlikler toplumlarynda ýowuz uruş barada türkmen halkynyň mizemez pikiri beýan edilendir.

Hormatly Prezidentimiziň «Mertler Watany beýgeldýär» atly ajaýyp eserinde beýan edişi ýaly: «Watana söýgi daglarymyzdaky çeşme-çaýlaryň tereňligidir, asmanyň hem Zeminiň, deňzimiziň mawy giňişliginiň asudalygydyr. Bularyň barysy Watandyr, elýetmez gymmatlyklarymyzdyr».

Geçen  asy­ryň ta­ry­hyn­da­ky iň gazap­ly uruş äh­li halk­lar bilen birlikde türkmen halky üçin hem örän ýo­wuz sy­nag bo­lup, hiç ha­çan öwe­zi­ni do­lup bol­majak ýit­gi­le­re ge­tir­di.

Milli gah­ry­manlary­myzyň deň­siz-taý­syz eder­men­li­gi ata Wa­ta­ny­my­za gulluk et­me­giň be­ýik nus­ga­sy bo­lup, bi­ziň her bi­ri­mi­zi ola­ryň ýe­ňişli ýol­la­ry­na yg­rar­ly bol­ma­ga borç­ly ed­ýär. Öz is­le­gi bi­len Wa­tan go­ra­gy­na gi­den, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ata­sy Ber­di­mu­ha­met An­na­ýew hem sö­weş­jeň ýol­daş­la­ry bi­len adam­za­dyň pa­ra­hat dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin duş­ma­na berk gaý­ta­wul be­rip, wa­tan­çy­lyk kasa­my­na, be­ýik yn­san­lyk bor­ju­na we­pa­ly­ly­gy­ny gör­kez­di. Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şy ýyl­la­ryn­da türk­menis­tan­ly ger­çek­le­r — mer­da­na wa­tan­daşla­ry­my­z köpmilletli do­gan­lyk halk­la­ryň we­kil­le­ri bi­len egin-eg­ne be­rip, duş­ma­na gar­şy al­dym-berdim­li sö­weş­ler­de eder­men­li­giň we gah­ryman­çy­ly­gyň be­lent nus­ga­sy­ny gör­ke­zip, olar ýo­ka­ry döw­let sy­lag­la­ry­ny­ň e­ýe­si bol­dular.

Ur­şa gi­den mer­da­na ata-ba­ba­la­ry­my­zyň yzyn­da we­pa­dar­ly­gyň be­ýik nus­ga­sy­ny gör­ke­zip, maş­ga­la ojak­la­ry­nyň abat­ly­gy­ny sak­lap, ogul-gyz­la­ry ýe­tiş­di­ren türkmen zenanlary Watanyň ar-namysy we azatlygy üçin gi­je-gün­diz zäh­met çe­kip, Goranmak gaznasyna 7400 kilograma golaý altyn-kümüş şaý-seplerini tabşyryp, belent ynsanperwerligini, synmaz erkini beýan edendikleri aýratyn bellärliklidir. Bu gün milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistan  döwletimizde Ýer ýüzünde  parahatçylygy pugtalandyrmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda ulgamlaýyn işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda   adamzadyň parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi giňden dabaralandyrýan Ýeňiş gününe  örän uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtaýar.

Hal­ky­my­zyň «Mer­di sy­lan — mer­da­na» di­ýen pä­hi­mi­ne eýerýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­z tarapyndan her ýylyň 9-njy maýynda Ýeňiş güni mynasybetli, Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şu­nyň wete­ran­la­ry­na, şeýle hem uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna, tyl­da zäh­met çe­ken we­te­ran­la­ra gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Diýarymyzda täze gurlan we durky täzelenen dynç alyş öýlerinde, şypahanalarda, hassahanalarda uruş we zähmet weteranlaryna köp sanly durmuş ýeňillikleri döredilýär.

Şol ýowuz ýyllardan ençeme ýyl geçse-de, Watan goragyna aýaga galan gahrymanlaryň edermenligi, batyrlygy we gaýduwsyzlygy şu günki bagtyýar  nesilleriň hakydasynda we ýüreklerinde hemişelik saklanýar. 

Bu günki bagtyýar  nesillerimiz şol merdana watandaşlarymyzyň söweş edermenligi we ak ýürekden çeken zähmeti bilen külli adamzadyň öňünde bitiren beýik işlerine baş egýärler, tüýs ýürekden guwanýarlar.

Goý, geljekki nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemegiň nusgalyk mekdebini döredýän, ýurdumyzyň parahatçylykda gülläp ösmegi ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!