«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aziýanyň merjen şäheri bolan gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy dabaraly ýagdaýda belleniler. Ak şäherimiz Aşgabat dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde 2013-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda parahatçylygyň we dostlugyň mekanyna öwrülen Watanymyzda sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek, ösüp gelýän ýaş nesilleri sport bilen meşgullanmaga giňden ugrukdyrmak, beden we ruhy taýdan kämil nesilleri ýetişdirmek boýunça alnyp barylýan işler biziň her birimizi juda buýsandyrýar.
Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň hatarynda sport ulgamynyň hem möhüm ornunyň bolmagy, gözel paýtagtymyzda dünýäni haýran edýän sport desgalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi buýsanjymyza buýsanç goşýar.
Aşgabatda ähli amatlyklary özünde jemleýän dürli sport desgalarynyň 40-a golaýyny özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi Aşgabadyň bezegine we onuň ýaşaýjylarynyň buýsanjyna öwrüldi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, sport gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşydyr. Mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen eziz Diýarymyz dost – doganlygyň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Elbetde, bu görkezijiler Diýarymyzyň ähli künjeklerinde sporty ösdürmek ugrundaky tagallalaryň utgaşdyrylýandygyny aýan edýär.
Türkmenistan – sport ýurdy. Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygynyňuly dabaralara beslenmegi bilen taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyljak «Türkmenistan—parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýtagtymyzda ýurdumyzyň dünýädäki sport abraýyny täze belentliklere göterjek iri ýaryşlar geçiriler. Munuň özi ýurdumyzda geçiriljek halkara ýaryşlary bu hakykaty ýene bir ýola bütin dünýäde dabaralandyrar. Dürli derejedäki Halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrülen döwletimizde, şu ýylyň sentýabr aýynyň 6 – 12-si aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde Aziýa we Okeaniýa IV toparynda tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň tapgyry, şeýle hem oktýabr aýynyň 13 – 17-si aralygynda welotrek boýunça dünýä çempionatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Welotrek boýunça geçiriljek bu nobatdaky dünýä çempionaty XIX asyrdan bäri guralyp gelinýän dünýä çempionatlarynyň 118-njisi bolar. Welotrek boýunça geçiriljek bu dünýä çempionatyna dünýäniň 186 ýurdunyň wekilleriniň gatnaşmagynda ýaýbaňlanjak bu möhüm sport çäresini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler giň gerim bilen alnyp, barylýar.
Hormatly Prezidentimiziň sporta üns bermegi netijesinde ýurdumyzda sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredildi, dünýä derejesine laýyk gelýän sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Welotrek sport toplumynda hem şeýle iri derejeli ýaryşyň geçirilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilendir.
Bilişimiz ýaly, paýtagtymyzda öň hem şeýle Halkara ýaryşlarynyň ençemesiniň guramaçylykly geçirilendigi bellesek ýerlikli bolar.
Muňa mysal edip, 2017-nji ýylda Aziýa yklymynda ilkinji gezek Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna Aziýa yklymynyň 45 we Okeaniýanyň 19 sany döwletleri, şol bir wagtda milli Liderimiziň ýöredýän ynsanperwer syýasaty netijesinde bu ýaryşlara bosgunlar topary hem gatnaşdyryldy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň we dünýäniň sport taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalaryň biri-de 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen eziz Diýarymyzyň çäginden Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça geçirilen «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşy bolupdy. Dünýäniň sport bilermenlerinde, esasanam, awtomobil sportunyň muşdaklarynda uly gyzyklanma döreden bu ýaryş 1571 kilometr aralyga guralyp, oňa onlarça döwletden ussat türgenler gatnaşypdylar. 2018-nji ýylda ýurdumyzda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty Türkmenistanyň halkara derejesindäki şeýle uly ýaryşlary nusgalyk derejede gurap bilýändigini aýan eden ýene bir uly waka bolupdy. Aşgabatda geçen bu ýaryşa dünýäniň 100-e golaý döwletinden Olimpiýa oýunlarynyň çempionlary gatnaşypdylar. Onda täze dünýä rekordlarynyň 72-siniň goýulmagynyň özem ýaryşyň ählitaraplaýyn ýokary derejede guralandygynyň, agyr atletikaçylara özleriniň henize çenli görkezip bilmedik ussatlyklaryny görkezmäge ähli şertleriň döredilendigi bellärliklidir. Şol geçirilen dünýä çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgeni Ýulduz Jumabaýewa jemi 179 kilogram agramy göterip, şeýle hem dünýä rekordyny täzeläp, altyn medallara mynasyp boldy. Ol agyr atletika boýunça zenanlaryň arasynda ilkinji dünýä çempiony hökmünde türkmen sportunyň taryhyna girdi.
Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda oňa dünýä çempionatynyň altyn medallary, Şa serpaýy gowşuryldy. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna hem mynasyp boldy. Munuň özi ýurdumyzda sport syýasatynyň dabaralanmagynyň aýdyň subutnamasydyr.
Türkmenistan sporty parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirmek boýunça çykyş edýär we beýleki döwletlere nusgalyk görelde bolýar. Bitarap Türkmenistanyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň barha işjeňleşmegi döwletleriň sport arkaly ýakynlaşmagyna hem-de hoşmeýilli gatnaşyklaryň pugtalanmagyna oňyn täsir edýär. Bu başlangyçlaryň ählisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň asudalygyň we sportuň mekanyna öwrülýändigini aýdyň görkezýär.
Türkmenistan sebitde iň uly sport toplumlary bolan, halkara derejeli ýaryşlary geçirmäge ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän ýurt hökmünde dünýäde özüni ykrar etdirdi. Muny bolsa şu ýylyň dowamynda geçiriljek iri halkara ýaryşlarynyň mysalynda hem görmek bolýar. Ata Watanymyzy iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine, sagdynlygyň mekanyna öwürýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömriniň uzak, beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris! Baýramyňyz gutly bolsun, mähriban adamlar!
Maksat Saipow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň edarasynyň baş hünärmeni.