TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

HAÝYR-SAHAWATYŇ DABARALANÝAN AÝY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, her ýyl ýurdumyzda Oraza baýramy döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Halkymyzyň haýyr-sahawatlylygyny, ynsanperwerligini has-da aýdyňlaşdyrýan mübärek aýlaryň biri hem Oraza aýydyr. Ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dost-doganlygy, dogruçyllygy we päkligi ebedi ýol-ýörelge edinen türkmen halky beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy hökmünde mukaddes Oraza aýyna aýratyn sarpa goýýar.

Oraza aýy halkymyzda sahawatyň we kanagatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy hökmünde derejelenýär. Aýlaryň serweri bolan mukaddes Oraza aýynda agyz bekläp, kalbyňy, ruhuňy tämizlemek Taňrynyň öz eziz gören adamlaryna sahawaty, haýyr-sogaby bagyş etmeginiň alamatydyr.

Oraza aýynda agzaçar sadakalary berilýär, öý-ojaklaryň abadançylygy, eziz Watanymyzyň parahatçylygy, il-günümiziň bagtyýarlygy, jebisligi dileg edilip, tarawa namazy okalýar we ýagşy dileg-dogalar edilýär. Her ýylda bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem haýyr-sahawatlylygy, ruhy tämizligi, päk ynanjy, ynsanperwerligi we agzybirligi alamatlandyrýan Oraza aýynda hormatly Prezidentimiz halkymyzyň beýik ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyryp, asylly işleri amala aşyrdy.

Mälim bolşy ýaly, mähriban Arkadagymyz Gypjakda ýerleşýän Baş metjitde agzaçar sadakasyny berdi. Şol agzaçar sadakasyna goňşy dostlukly Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hem gatnaşdy. Ata-babalarymyz: «Kyýamat güni — goňşudan» diýipdirler. Munuň özi türkmen-özbek halklarynyň dost-doganlygy hem-de ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini dowam etdirýändigini aňladýar. Şeýle-de, milli Liderimiz mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli «Iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda» Permana hem gol çekdi. Şol resminama esasynda, iş kesilen raýatlarymyzyň 982-siniň hem-de daşary ýurtly raýatlaryň 53-siniň günäsi geçilip, olar jeza çekmekden boşadyldy. Munuň özi ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, adalatlylyk, rehimdarlyk ýörelgelerine eýerilýändiginiň, jemgyýetimiziň ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri esasynda kämilleşmegine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

Külli musulman ymmatynyň iň arzyly baýramlarynyň biri bolan Oraza baýramy hem däp-dessurlarymyza, gadymy urp-adatlarymyza laýyklykda, milli öwüşginde giňden bellenilýär. Ruhy tämizlik we ahlak arassalygy, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik, şükranalyk ýaly ruhy gymmatlyklarymyzy dabaralandyrýan bu gadymy baýrama türkmen halky aýratyn ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly: «Oraza baýramy ruhy-ahlak tämizligi, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi dabaralandyrýan, mähriban halkymyzyň medeniýetini, däp-dessurlaryny, ynanç-adatlaryny özünde jemleýän gadymy baýramlaryň biridir». Oraza baýramy hem pederlerimiziň gadymdan bäri belläp gelýän ajaýyp baýramydyr. Remezan aýynyň ahyrynda Oraza baýramynyň bellenilmegi we metjitlerde baýram namazynyň okalmagy hem il agzybirliginiň nyşanydyr.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy: «Doga kylyp säher wagty» diýip, Günüň dogup gelýän pursadynda edilen doga-dilegleriň kabul bolýandygyny belleýär. Oraza aýyny sag-aman, agzybirlikde geçiren ildeşlerimiziň aýdyşy ýaly: «Baýram namazyňyz, orazalaryňyz, ýagşy doga-dilegleriňiz kabul bolsun! Ýeneki ýyllara Hudaý ýetirsin!».

Gadyrly ildeşler! Oraza baýramyňyz gutly bolsun!