TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

AŞGABAT _ ŞÖHRATLY GEÇMIŞ WE ŞU GÜN

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp pursatlarynda 140 ýaş ýubileý toýuny garşylamagyň bosagasynda duran mähriban Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat bu gün wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýär. 140 ýylyň içinde agyr we kyn taryhy ýollary başdan geçiren Aşgabat  uly bolmadyk türkmen obalygyndan döwrüň iri megapolis şäherine öwrüldi. Paýtagtymyzyň taryhyna ser salsaň, Aşgabat şäheri gadymdan oturymly ozalky Ashabat obasynyň ýerinde döräpdir. 1881-nji ýylyň başynda Ashabat çeşmesiniň ugrunda ýerleşýän agzalan obada 800 çemesi ak öý bar eken. 

Aşgabat amatly geografik çäkde ýerleşendigi üçin türkmenleriň merkezi şäheri hökmünde esaslandyrylýar. Tiz wagtyň içinde Aşgabat uly söwdagärler şäherine öwrülýär we örän çalt depginde ösüpdir. Şäheriň ösmegine onuň Eýran bilen söwda ediş merkezine öwrülmegi hem ýardam edipdir. Russiýa we bütin Merkezi Aziýa Eýran bilen söwda gatnaşygyny Aşgabadyň üsti bilen amala aşyrypdyr.

Aşgabatda ilkinji hususy dermanhana 1885-nji ýylda açylýar we şol ýyl hem Aşgabada demir ýol gelip ýetýär we uly owadan demirýol wokzaly gurulýar. 

ХIХ asyryň soňlarynda Aşgabat şäheriniň, esasan, söwda we hyzmat ulgamy ösüpdir. 1889-njy ýylda şäherde 750 öý, 654 söwda nokady, hünärmentleriň 121 sany dükany, 33 sany kerwensaraý, 2 myhmanhana, 15 sany naharhana, kiçiräk harby keselhana bolupdyr. Şäheriň ilaty örän çalt artypdyr.

Merkezi şäherimizde 1893-nji ýylda 15 adama hyzmat edýän ilkinji hassahana açylypdyr. Onuň üçin hususy öýleriň birini kireýine alypdyrlar. Diňe 1901-nji ýylda hassahana ýörite gurlan jaýa göçüp barypdyr.

Aşgabadyň köçeleri ilki dar, egrem-bugram bolupdyr. Soňra örän göni, giň ýollar gurlup başlanypdyr. Umuman, şäher örän medeniýetli bolupdyr, diňe jaýlaryň ýasy üçekliligi onuň Aziýa şäheridigini aňladypdyr.

Aşgabat şäheriniň köçelerini ýagtyltmak üçin 1894-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda 246 sany yşyklandyryjy çyralar goýlupdyr. Paýtagtymyzda 1899-njy ýylda jemi 2002 sany bina bar eken we bu san yzygiderli artypdyr. Şäherde birnäçe täze köçeler döräp başlaýar. 1915-nji ýylda şäherde öýleriň köp bölegi bir gatly hususy jaýlary öz içine alypdyr.

30-njy ýyllarda köçelere ilkinji gezek asfalt düşelip başlanýar. Şondan soň atly paýtun gatnawlarynyň ýerine awtoulaglar we awtobuslaryň gatnawy amala aşyrylyp başlanýar. Şol wagt mekdepler, oglanlar we gyzlar üçin niýetlenen gimnaziýalar, demirýol tehniki okuw jaýy, hassahanalar bolupdyr. Şol döwürde şäherde esasan hem medeni-durmuş ähmiýetli binalar köp gurlup, ulanylmaga berlipdir. Olaryň hatarynda: «Modern» kinoteatryny, Türkmen döwlet drama teatryny, 1000 sany tomaşaçy üçin niýetlenen «Çeperçilik» kinoteatryny görkezmek bolar.

Aşgabat şäheri Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda, bütin ýurtda bolşy ýaly, harby döwrüň kynçylyklaryny başdan geçiripdir. Urşuň ilkinji günlerinden başlap, tä ýeňiş gazanylýança şäheriň kärhanalarynda we edaralarynda fronta hemmetaraplaýyn kömek bermek üçin, Aşgabadyň ähli ýaşaýjylary elinde baryny edip zähmet çekipdirler. Ýurtda şol wagt goranmak fondy döredilip, eýýäm 1941-nji ýylyň 27-nji awgustyna çenli aşgabatlylaryň çeken asylly zähmetiniň netijesinde oňa jemi 3 million 858 müň manat girendigi habar berlipdir. Aşgabatly zenanlar hem fronta kömek hökmünde özleriniň altyn we kümüş şaý-seplerini, esgerler üçin ýyly geýimleri taýýarlamaklyga öz goşantlaryny goşupdyrlar.

Aşgabat 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda adamzat taryhynyň elhenç ýer titremesine duçar bolýar. On sekundyň içinde gülläp oturan şäher haraba öwrülýär, müňlerçe adam onuň astynda galýar.

Aşgabada, urşuň galdyran kynçylyklaryna garamazdan, ähli ýurtlar  dostlukly goluny uzatdy.

Aşgabada adam eli bilen döredilen Garagum derýasynyň suwy 1962-nji ýylyň 12-nji maýynda gelipdir. Bu bolsa paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwrüp, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga giň mümkinçilikleri döredipdir. Aşgabatda şol wagtlar her ýylda 4 müň çemesi bag nahallary oturdylypdyr.

Aşgabatda 1963-nji ýylda täze uly ekranly «Watan» kinoteatry we «yşk mülküniň şasy» - nusgawy şahyrymyz Mollanepesiň ady dakylan Türkmen döwlet drama teatry açylýar.  Şäher gurluşygy bilen bir hatarda önümçilik maksatly desgalar hem gurlup, ulanylmaga berilip başlanýar. XX asyryň başynda Aşgabatda ýüpek kelepleýji we dokma fabrigi, Aşgabat çörek zawody işläp başlaýar. Ýyl-ýyldan Aşgabat çalt depginler bilen ösüp başlapdyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde Aşgabat aýratyn hem gülläp ösdi. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da tä­ze keş­be eýe bo­lan paý­tag­ty­myz bu gün ge­le­ni haý­ra­na goý­ýar. Ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, ylym-bi­lim we me­de­ni mer­ke­zi ha­sap­lan­ýan Aş­ga­bat Ga­raş­syz­ly­gy­my­zy ga­za­na­ny­myz­dan soň düýp­gö­ter öz­ge­rip, se­bi­tiň uly sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy mer­kez­le­ri­niň bi­ri­ne öw­rül­di.

Aziýanyň merjen şäherine öwrülen Aşgabatda  Aziýanyň gadymy binagärlik ülňüsi bilen häzirki zaman Ýewropa arhitektura sazlaşygyny özünde jemleýän, şäheriň görkine görk goşýan binalaryň, seýilgähleriň sany artýar.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, ak mermerli Aşgabadyň 140 ýyllyk senesiniň belleniljek günleriniň öňüsyrasynda hem paýtagtymyzda möhüm ähmiýetli desgalaryň birnäçesi dabaraly ýagdaýda açyldy. Şolaryň hatarynda ýakynda  hormatly Prezidentimiziň  gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berlen, ýurdumyzyň baş şäheriniň günorta böleginde gurlan Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň    hem-de Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň,  Halk Maslahatynyň Diwanynyň we Türkmenistanyň   Maslahatlar   merkeziniň   we  Kabul  ediş  merkeziniň binalar toplumyny görkezmek bolar.

Şeýlelikde, milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen gurlan täze döwrebap binalar paýtagtymyzyň şu işewürlik böleginde öňden bina edilen ajaýyp we täsin desgalar bilen birlikde, olar Köpetdagyň etegindäki tebigy gözellik bilen täsin we özboluşly sazlaşyk döredip, ak mermerli Aşgabadyň arhitektura gözelligine goşulyp, tutuş bir toplumy emele getirdi.

Aslynda paýtagtymyzyň Arçabil we Çandybil şaýollary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly özgertmeleriniň alamatyna öwrüldi. Onuň ugrunda bary-ýogy birnäçe ýylyň içinde ak mermerli binalaryň onlarçasy peýda boldy. Şeýle-de Konstitusiýa binasy bilen «Älem» medeni-dynç alyş merkezini birleşdirýän gür bagly seýilgäh hem bu künjege aýratyn gözellik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aşgabat Türkmenistanyň paýtagty hökmünde dünýäniň iň asuda, abadan, gözel şäherleriniň birine öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde Aşgabatda gurlup, ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalaryň ençemesi özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilýär. Häzirki wagtda ak mermerli paýtagtymyz özboluşly ajaýyp görnüşi bilen halkara derejesinde öz ornuny has-da pugtalandyrýar.

Goý, gözel paýtagtymyz Aşgabady dünýäniň ösen şäherleriniň hataryna çykarmak ugrunda ägirt uly işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Aýna Saryýewa
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça 
merkezi toparyň edarasynyň arhiwçisi.