TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

DÖWLETLILIGIŇ MIZEMEZ MUKADDESLIKLERI

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her ýylyň 18-nji maýynda  ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni agzybirlikde, jebislikde, ýokary ruhubelentlikde baýram edilýär. Bu iki mukaddeslik biri-biri bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki, Esasy Kanunymyz döwletiň gurluşyny, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny we borçlaryny, şeýle hem döwlet häkimiýet we dolandyryş ulgamyny berkidýän bolsa, Döwlet baýdagy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny hem-de hemişelik Bitaraplygyny kesgitleýän esasy döwlet nyşanlarynyň biridir. Ol milletimiziň agzybirligini, mertebesini, Watanymyzyň buýsanjyny, baý taryhyny, bagtyýar şu gününi we nurana geljegini alamatlandyrýar. Döwletimiziň Esasy Kanuny bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy Garaşsyz döwletimiziň berkarar bolmagynyň yzysüre — 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň döredilmegi bilen, Garaşsyz Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň düýbi ygtybarly we mäkäm tutulypdy. Şondan bäri geçilen döwürde ýurduň Esasy Kanunyny döwrebap derejä ýetirmek üçin birnäçe gezek üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Türkmen  jemgyýetiniň hukuk esaslarynyň we demokratik binýatlarynyň hemmetaraplaýyn kämilleş-megine giň ýol açýan konstitusion özgertmeler her bir raýatyň kadaly ýaşaýşyny, goraglylygyny üpjün etmäge, şahsyýetiň kämillige ymtylyşyny höweslendirmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň  demokratik başlangyçlary esasynda döwletiň we jemgyýetiň ösüşiniň hil taýdan täze derejä ýetirmek maksady bilen, 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda we 2016-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň täze redaksiýalary kabul edildi. Şeýle hem 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň üçünji mejlisinde  «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň karary bilen doly makullanyldy hem-de Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edildi.

Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi bilen iki palataly parlament ulgamyna geçildi. Şuňa laýyklykda, ýurdumyzda ilkinji gezek şu ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Esasy Kanunymyz hem-de belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň şanly geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, agzybirligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan milli gymmatlygymyzdyr». Hut şonuň üçin-de, Aşgabat şäherinde Konstitusiýa binasynyň, Baýdak meýdançasynyň, welaýat merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda belent sütünli baýdak meýdançalarynyň döredilmegi watansöýüjiligimizi hem-de jebisligimizi, üstünliklerimizi we rowaçlyklarymyzy dabaralandyrýan nyşandyr.

Baýdagymyzyň döreýiş taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýär. Geçmişde ululy-kiçili döwletleriň ençemesini guran, dünýä ösüşine maddy we ruhy gymmatlyklary goşan halkymyzyň ýaşyl Tugunyň uly taryhy bardyr. Milli gymmatlygymyz, buýsanjymyz hökmünde ýaşyl Baýdagymyza halkymyz tarapyndan  uly sarpa goýulýar. Halkymyzyň milli buýsanjyny alamatlandyrýan Tugymyzyň ýüzündäki zeýtun şahajyklary halkymyzyň hemişelik Bitaraplygyny dabaralandyrýar.

Agzybirligiň, ylalaşygyň we parahatçylygyň nyşanlarynyň Döwlet baýdagymyzda şekillendirilmeginiň çuň manysy bardyr. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynyň belent binasynyň öňünde 193 döwletiň baýdaklarynyň hatarynda parahatçylygyň buşlukçysy bolup parlaýar. Gahryman Arkadagymyzyň konstitusion taglymatynyň ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň many-mazmuny bilen utgaşyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mizemez mukaddesliklerine öwrülmegi kanunalaýyk hakykatdyr.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mähriban halkymyz goşa mukaddesligiň baýramyny aýratyn şanly günlerde — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görülýän günlerde giňden, dabaraly ýagdaýda belläp geçýär. Goý, eziz Watanymyzda nurana geljegimizi şöhlelendirýän ýaşyl Baýdagymyz belentde parlasyn! Esasy Kanunymyz — Konstitusiýamyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, baky bagtyýarlygymyzyň sarsmaz sütüni bolup, şöhratly ata Watanymyzy özgertmeler hem-de ösüşler  ýoly bilen  ynamly öňe alyp gitsin!