TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

AŞGABAT —DOSTLUGYŇ WE HALKARA GATNAŞYKLARYNYŇ MERKEZI

Goýny çeşme-çaýly gojaman Köpetdagy etekläp oturan dünýäniň zynaty, älemiň göwher gaşy, dilleriň dessany Aşgabat bagy-bossanlyga beslenip, onuň ajaýyplyklary eserlere, saza-mukama öwrülip, dünýä ýaň salýar. Watansöýüji ata-babalarymyzyň ýürek arzuwlarynyň hasyl bolýan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe, asuda, parahat durmuşda ýaşaýan agzybir halkymyz döwlet derejesindäki şanly wakalary toý-dabara, buýsanç we ruhubelentlik bilen garşy alýar.

Bilşimiz ýaly, «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýy gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň düýbüniň tutulmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýär. Bu şanly seneler hem, hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalary esasynda, giňden bellenilip geçiler. Ýurdumyzyň paýtagtynyň hukuk ýagdaýy barada Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 24-nji maddasynda şeýle bellenýär: «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir».

Aşgabat bu gün diňe bir lowurdap duran ak mermerli merjen şäher bolman, eýsem ol sebitde ylalaşdyryjy, dostlugyň we halkara gatnaşyklaryň merkezi hökmünde hem dünýäde giňden tanalýar. Ylalaşdyryjy we işewürlik merkezi hökmünde paýtagtymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornunyň we ähmiýetiniň ýylsaýyn pugtalanýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän, ata-babalarymyzdan miras galan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, ynanyşmak, bähbitlere hormat goýmak ýaly milli däpleri uzak geljegi nazarlaýan döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Çünki, Türkmenistanyň bu ýörelgeleri dünýäde parahatçylygyň höküm sürmeginiň hatyrasyna tagallalary birleşdirmegiň zerurlygy babatda ähli döwletlere bähbitli garaýyşlaryň ösmegine itergi berýär. Muňa mysal edip, Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň goldamagynda öz döwründe Täjigistanda parahatçylygyň we ylalaşygyň berkarar bolmagynda, şeýle-de geçen ýüzýyllygyň 90-njy ýyllarynyň ahyrlarynda Owganystandaky gapma-garşylyklary kadalaşdyrmak boýunça möhüm orun eýelän birnäçe gepleşikleriň geçirilmegi ata Watanymyzyň goňşy döwletlerde hem parahat, asuda durmuşyň höküm sürmegi üçin özboluşly ylalaşdyryjy merkeze öwrülendigini subut edýär. Şeýle syýasatyň üstünlikli alnyp barylmagy  netijesinde biziň ýurdumyz sebitde syýasy durnuklylygy gorap saklamakda we goldamakda, hoşmeýilli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, dost-doganlygy, hyzmatdaşlygy ösdürmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ynamly, ygtybarly hyzmatdaşyna öwrüldi. Hut şunuň üçin 2007-nji ýylda ştab-kwartirasy Aşgabatda bolan Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň sebit merkeziniň döredilmegi bu ugurda möhüm tapgyryň biri boldy.

Garaşsyzlygyň sütüni bolan hem-de ýurdumyzyň öňdengörüjilikli we netijeli halkara syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda uly orun eýeleýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen berkidilmegi taryhy ähmiýetli wakadyr.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda şu günki Aşgabadyň syýasy ähmiýeti dogrusynda şeýle belleýär: «Aşgabat özüniň dostlugyň, bagtly çagalygyň, arzuwlaryň, täze innowasiýalaryň şäheri hökmündäki meşhurlygyny artdyrýar. Halkara gatnaşyklaryň ygtybarly binýadynda dostluk, goňşuçylyk, sahawatlylyk, myhmansöýerlik ýörelgeleri rowaçlanyp, paýtagtymyzyň sebitiň ylalaşdyryjylyk merkezi derejesini berkitdi».

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen we halkara jemgyýetçiliginiň ýakyndan goldamagynda ýokary guramaçylykda geçirilýän halkara derejeli okuw maslahatlary, halkara forumlar, ýokary derejeli duşuşyklar paýtagtymyzyň sebitde we tutuş dünýäde abraýyny barha belende göterýär.  

Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabatda halkymyza mahsus myhmansöýerlik däplerini berjaý etmek şertlerinde, taraplar üçin amatly syýasy gurşawda döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki duşuşyklar halkara gatnaşyklarynyň dürli ugurly, ýagny energetika, suw, ulag, ekologiýa, daşky gurşaw, azyk howpsuzlygy we beýleki meseleleriň ençemesini özara bähbitli esaslarda oňyn çözmäge ýardam berýär.

Häzirki wagtda Aşgabat dünýä we halkara derejesindäki maslahatlaryň we forumlaryň, sergileriň we bäsleşikleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu dabaralara gatnaşmaga gelýän daşary ýurtly myhmanlar Aşgabadyň binagärlik aýratynlygyna haýran galýandyklaryny belleýärler. Ak şäherimizde gurulýan binalaryň ençemesi halkara derejesindäki maslahatlary, forumlary geçirmäge niýetlenendir.

Aşgabat barha gözel keşbe eýe bolýar, dürli ähmiýetli iri we döwrebap toplumlary özünde jemläp, paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary amatlylygy üpjün edýär. Ak şäherimiz medeniýetli dynç almak üçin hem örän täsin mekandyr.

Aşgabatda dünýäniň dürli döwletleriniň Medeniýet günleri ýaly döredijilik çärelerini geçirmek ajaýyp däbe öwrüldi. Bu çäreler medeniýetleriň we halklaryň özara gatnaşyklary üçin oňaýly mümkinçilikleri döredýär. Bu bolsa Aziýanyň merjeni bolan gözel paýtagtymyzda dünýä döwletleri bilen dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň giňden alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň paýtagty dünýäde diňe bir ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalman eýsem, Halkara derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarynyň merkezi hökmünde hem dünýä äşgärdir. Muňa mysal edip, 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýylda geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny we beýleki halkara sport ýaryşlaryny görkezmek bolar.

Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň uly dabaralara beslenmegi bilen taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazyljak «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem paýtagtymyzda ýurdumyzyň dünýädäki sport abraýyny täze belentliklere göterjek Halkara sport ýaryşlarynyň ikisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Olar Aziýa we Okeaniýa toparynda tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşy, şeýle hem welotrek boýunça geçiriljek dünýä çempionatydyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Bitarap döwletimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynda dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin parahatçylygyň we abadançylygyň ilçisi bolan sportuň hem-de sport diplomatiýasynyň aýratyn orny bardyr». Dostlugyň we halkara gatnaşyklarynyň, halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän merkezi bolan paýtagtymyzyň 140 ýyllygyny mynasyp garşylamaga giňden taýýarlyk görülýän häzirki günlerde şäheriň islendik künjegine nazar aýlanyňda, göwnüň galkynýar. Galkynan göwünlerde ýaşaýşa, ýagty geljege bolan hyjuw has-da artýar. 

Goý, ata Watanymyzy ösüşleriň we dostlukly gatnaşyklaryň merkezine öwürýän, dünýäde parahatçylygy we abadançylygy dabaralandyrýan mähriban Prezidentimiziň jany sag, başy dik bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri mydama rowaçlyklara beslensin!

 

Geok Abaýew, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparynyň edarasynyň hukukçysy.