TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

AK ŞÄHERIM AŞGABAT — SOŇKY JAŇ DABARASY

Toýy-toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzda  her ýylyň  25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň gününi hem-de «Soňky jaň» dabarasyny bir günde şatlyk-şowhun bilen belläp geçmek indi asylly däbe öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda bu baýramçylyk çäreleriniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna gabat gelmegi aýratyn many-mazmuna eýe bolup, merdana halkymyzyň köňlüni ruhubelentlige besledi. Aslynda, 25-nji maýyň Aşgabat şäheriniň güni diýlip yglan edilmegi diňe bir paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin däl, eýsem tutuş ýurdumyz boýunça hem örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň birine öwrüldi.

Aşgabat şäheriniň güni ýurdumyzyň ýokary we orta okuw mekdeplerini tamamlaýan ýaşlaryň «Soňky jaň» dabarasynyň şatlyk-şowhuny bilen has hem dabaralanýar. Soňky jaň dabarasy orta mekdebi tamamlap, ýagty okuw otaglary bilen mähirli hoşlaşan hyjuwly ýaşlaryň durmuş menzillerini külterläp başlaýan gününi aňladýar. Bu günüň Aşgabat şäheriniň güni bilen bilelikde  baýram edilmeginiň örän uly manysy we ähmiýeti bardyr. Ýaşamak, işlemek hem-de okamak, sowat-bilim almak üçin Ýer ýüzünde iň amatly, oňaýly  şäherleriň biri saýylýan hem-de ak mermerli binalaryň has köp jemlenen ýeri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda özüne hormatly orun tutunan Aşgabadyň ýokary we orta okuw mekdepleri-de geljekki talyplara sabyrsyzlyk bilen gujak açyp garaşýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň daýanjy bolmaly, onuň şöhratyny artdyrmaly ýaşlaryň zehininiň hem-de aň-bilim kuwwatynyň hakyky gülläp ösmeli döwrüdir.

Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistanyň iň iri ykdysady we senagat merkezine öwrülen ak mermerli Aşgabat diňe bir ösen dünýäniň, şeýle-de milli binagärlik sungatynyň täsinliklerini süňňüne siňdirmek bilen çäklenmän, eýsem türkmeniň naýbaşy, nusgawy medeni gymmatlyklaryny hem özünde jemleýän ajaýyp şäherdir. Şanly senelere-baýramlara taýýarlyk görülýän  ýylyň  her bir güni şatlykly wakalary, rowaçlyklary taryhyň sahypalaryna altyn haplar bilen ýazýar we agzybir halkymyzy begendirýär, buýsandyrýar.

Şu ýylyň ajaýyp ba­ha­r paslynyň nu­ra­na gün­leri­niň bi­rin­de mil­li Li­de­ri­miziň hut özüniň se­ýis­läp ýe­tişdi­ren, ady rowaýata öwrülen Ak­han at­ly behişdi be­de­wi­niň il­kin­ji at ta­ýy­nyň dogul­ma­gy ýur­du­my­zyň durmu­şyn­da mö­hüm wakalaryň birine öwrüldi. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Akha­nyň ady­nyň bi­rin­ji har­pyna la­ýyk­lyk­da we ak mermer­li paý­tag­ty­my­zyň 140 ýyl­ly­gy­nyň hor­ma­ty­na bu taý­ça­na­ga Aş­ga­bat di­ýip at goý­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tä­ze taý­ça­na­gyň dün­ýä in­megi bilen baglanyşykly şat­lyk­ly pur­sat­la­ra yl­ha­my jo­şup, “Ak şä­herim Aş­ga­bat” at­ly goş­gy­ny dö­ret­di  hem-de ony tä­ze ki­tabyn­da ýer­leş­dirme­gi ma­kul bil­di. Şeýlelikde, şanly seneleriň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň neşir  edilip,  halkymyza gowuşmagy bahasyna ýetip bolmajak baýramçylyk sowgady boldy.

«Ak zat alnyňa ýagşy» diýlişi  ýaly: Arkadag Prezidentimiz «ak arzuwlar», «ak şäher» söz düzümleriniň manysyny düşündirmek arkaly, halkymyzyň gowy niýet tutunmak hakyndaky ynamyny kitabyň «Aşgabatda ak arzuwlar amala aşýar» atly ikinji bölüminde giňişleýin beýan edýär.

Hormatly Arkadagymyzyň döredijilik zehininiň, binagärlik taýdan ussatlygynyň ajaýyp netijesi, gözelligi we täsinligi bilen haýran galdyrýan ak şäherimiz – paýtagtymyz döwletimiziň kemala gelşiniň esasy menzillerini, geçmişini we şöhratly şu gününi aýdyň beýan edýär. Bu taryhy sene golaýlaşdygyça, ak şäherimiz barha gözelleşýär, ösýär we özgerýär. Aşgabadyň baýramçylyk bezegleri edara binalarynyň öňünde, şaýollaryň ugrunda goýlan dürli şygarlar bilen utgaşyp, şanly toýuň habaryny buşlaýar. Döredijilik, medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlan şowhunly çykyşlary, sahna oýunlary toý-baýramlaryň şatlygyny artdyrýar.

Ady äleme dolan gözel Aşgabat şahyrlaryň şygyrlarynda, sungat ussatlarynyň aýdymlarynda giňden wasp edilýär. Joşgunly köňüllerde täze-täze eserler, aýdymdyr sazlar döreýär. Merjen paýtagtymyzyň ady dillerde dessan bolup ýaň­lan­ýar.

Hormatly Prezidentimiziň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabynda belleýşi ýaly: «Aşgabady özgerdip, biz onuň diňe gözelligiň şäheri däl, eýsem, iň bagtly adamlaryň şäheri, bagtyýar adamlaryň berkarar ýurdunyň paýtagty bolmagy hakynda alada edýäris. Ýene ýyllar geçer. Aşgabat gözellige dyngysyz ymtylyşy bilen has juwan hem-de owadan bolar. Aşgabat — geljegiň şäheri. Baky ýaşa, gözel paýtagtymyz! Beýik taryhymyzyň şaýady bol! ».