TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SEÝILGÄHLI, BAGY-BOSSAN AŞGABAT

Türkmenistanyň merdana halkyny bagtyýar durmuşa ýetiren milli Liderimiziň pähim-parasatly, ynsanperwer başlangyçlary esasynda, Berkarar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döwrün­de bedew bady bilen ösüp barýan eziz Diýary­myz ta­nal­maz de­re­je­de öz­ger­ýär, kaşaňdan-kaşaň ajaýyp binalar gurulýar, bagy-bossanlyga öwrülýär, asla biziň ýur­du­myz äh­li babatda gül­läp ös­ýär, şan-şöh­ra­ty bü­tin dün­ýä äşgär bolýar.

Ar­ka­dag Prezidentimi­ziň dün­ýä nus­ga­lyk beýik iş­le­ri asuda, parahat durmuşda ýaşaýan agzybir, watansöýüji, ruhubelent il-gü­nü­mi­zi juda guwan­dyr­ýar we buý­san­dyr­ýar.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen toplumlaýyn, ähli düzümleriň sazlaşykly ösdürilýän, dünýäde iň gözel hem-de abadan we bagtyýar ýaşaýyş üçin ösen şähere öwrülýän ata Watanymyzyň ýüregi, ak şäherimiz Aşgabat özüniň örän çalt depginlerdäki ösüşleri bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär.

Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Bu ýerde şäher ilaty üçin ösen halkara ülňülerine laýyk gelýän amatlyklar, oňyn şertler üpjün edilýär. Ajaýyp mekan bu gün söýginiň, tämizligiň, kämilligiň, abadançylygyň, ýaşyl baglaryň, al-elwan gülleriň, dost-doganlygyň, agzybirligiň, parahatçylygyň, ak ýollaryň, arzuwlaryň, ýagşy umytlaryň şäherine öwrüldi.

Ak mermere bürenen belent binalar, dürli maksatly täze gurulýan täsin desgalar, seriňi heýjana getirýän seýilgähler, gök zolaklar, köpugurly şertleri bilen haýran galdyrýan medeni-durmuş maksatly binalar sebitiň binagärlik merjeni diýlip atlandyrylýan ak mermerli paýtagtymyzyň beýik ösüşleriniň anyk netijeleridir. Paýtagtymyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly şähergurluşyk işleri ýurduň keşbini tanalmaz derejede özgertdi.

Bu özgertmeleriň esasy häsiýetli aýratynlyklarynyň biri-de, bagçylyk seýilgäh sungatyny yzygiderli ösdürmekden ybaratdyr.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz: «Paý­tag­ty­myz hem­me ba­bat­da nus­ga­lyk bolma­ly­dyr. «Aşgabat — suw çüw­dü­rim­le­riň, aras­saçy­ly­gyň, aý­dym-sa­zyň we söý­gi­niň şä­heri!» şy­ga­ry as­tyn­da biz döw­le­ti­mi­ziň paýtag­ty­ny dün­ýä­niň owa­dan şä­her­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­me­li­di­ris» di­ýip aýt­mak bi­len, Aş­ga­ba­dyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek, ony Ýer ýüzünde nus­ga­lyk şä­he­re ö­wür­mek boýun­ça bi­möç­ber ta­gal­la ed­ýär.

Ar­ka­dag Preziden­ti­mi­ziň bu ugur­da­ky ro­waç­ly işleri­ni onuň paýtagtymy­zy tap­gyr­la­ýyn ös­dür­mek ug­run­da dur­mu­şa ge­çir­ýän taslamalarynyň mysalyndan hem görmek bolýar.

Aşgabadyň seýilgähler şäheri diýlip atlandyrylmagy hem tötänden däldir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, seýilgähleri döretmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrülýär. Şoňa görä-de, Aşgabat şäheriniň ilaty üçin amatly ekologiýa gurşawynyň döredilmegine paýtagtymyzy ösdürmegiň esasy şerti hökmünde aýratyn ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzdaky onlarça seýilgähler, müňlerçe düýp agaç nahallary we ajaýyp güller ak şäherimiziň görküni artdyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna hem özboluşly öwüşgin çaýýar.

Aziýanyň merjen şäherine öwrülen Aşgabat häzirki wagtda Ýer ýüzüniň iň gür bagly şäherleriniň birine öwrüldi.

Ýur­du­my­zyň ýü­re­gi ha­sap­lan­ýan Aşga­ba­dyň ýa­şyl beg­res­li seýilgähle­ri ta­ry­pa my­na­syp­dyr. Paý­tag­ty­my­zyň «Arka­dag», «Garaşsyzlyk», «Bagtyýarlyk», «Al­tyn asyr», «Yl­ham», «Aşgabat» medeni dynç alyş seýilgähleri we beýle­ki köp sanly se­ýil­gäh­le­ri aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myh­man­la­rynyň iň gelim-gidimli ýerlerine öwrülmek bilen, olara ýa­kym­ly duý­gula­ry ­peş­geş ber­ýär.

Köp sanly ýaşyl zolaklar, seýilgähler, saýaly bagy-bossanlyklar, älemgoşar öwüşginli güller, suw çüwdürimleri kalplarymyza ylham eçilýär, ak şäherimiziň görküni has-da artdyrýar.

Şeýlelikde, Türkmenistanda bagçylyk-seýilgäh sungatynyň ösüşine ýurdumyzda kuwwatly itergi berilýär we ol giň gerime eýe bolýar. Ähli ýerlerde, uly we kiçi şäherlerde ählihalk baýramçylyklaryny guramak, şeýle hem adamlaryň dynç alşy we wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin binagärlik desgalary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýän ägirt uly gök zolaklar emele gelýär. Seýilgähler, baglar, gök guşaklar we ägirt uly meýdany bolan tokaý zolaklary türkmen topragynyň bezegine öwrüldiler.

Ezber elli bagbanlarymyz hem şu günler owadan baglary ösdürip, hoşboý ysly gülleri ekip, ýurdumyzyň baş şäheriniň nusgalyk derejede bolmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ak mermerli paýtagtymyzyň seýilgähleri owadan pürli we ýaprakly baglardyr al-elwan güller bilen bezelýär. Merjen paýtagtymyz Aşgabat diňe bir ýaz paslynda däl, ýylyň dowamynda ösüp oturan dürli reňkli güllere, ýaşyl bossanlara beslenýär.

Gür baglyga bürenen ýaşyl zolaklar şäher ulgamynyň örän möhüm we ähmiýetli bölegidir. Ýaş tokaý zolaklaryny synlanyňda, diňe bir gözellikden lezzet almak bilen çäklenmän, olaryň haýwanat dünýäsiniň köp sanly wekilleriniň mesgen tutan künjegine öwrülýändigine, topragyň ýaramazlaşmagynyň öňüni alýandygyna, amatly howa ýagdaýyny döredýändigine göz ýetirýärsiň.

Häzirki wagtda paýtagtymyzdaky seýilgähleri abadanlaşdyrmak we bezemek işlerine aýratyn üns berilýär. Olaryň bezegi babatda dürli bäsleşikler geçirilýär. Munuň özi bolsa, ýurdumyzyň baş şäheriniň seýilgähleriniň, umuman, tutuş paýtagtymyzyň has-da gözel keşbe eýe bolmagyna ýardam edýär.  

Ata-babalarymyzyň ertekilere siňdirip, nesillere ýollan arzuwlary bu gün hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda hakykat ýüzünde hasyl bolýar.

Aşgabat şäheriniň ajaýyp seýilgählerindäki öz ene-atalary bilen erkana seýran edýän çagalaryň naşyja gülküleri, bagtyýar ýylgyryşly aşyk-magşuklaryň we beýlekileriň şadyýan söhbetleri, her dürli guşlaryň, bilbilleriň simfoniki saýraýyşlary, bagşydyr şahyrlaryň eserleri, mukamlary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň waspnamasy bolup, bahar pasly deýin kalbyňy heýjana getirýär.   

Goý, döwlet Baştutanymyz tarapyndan amala aşyrylýan belent tutumly işler rowaçlyklara beslensin! Il-halkyň ykbalyny Garaşsyzlygyň gazananlarynyň döredijilikli dowamy bilen galkyndyrýan Gahryman Arkadagymyzyň belent başy aman, il-ýurdy abadan bolsun, badalga beren aýdyň ýollary asyrlardan asyrlara uzasyn! Kalbymyzdan çykýan şeýle ajaýyp setirler beýik Arkadagly bagtyýar zamanamyzyň waspy bolup ýaňlansyn.

 

Maksatmyrat GELDIÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň
edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.