TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

KALPLARA SIŇEN AJAÝYP SUNGAT

Merdana at-babalarymyzyň arzuwlan zamanasynda – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda ähli milli gymmatlyklarymyz bilen bir hatarda, ajaýyp haly sungatymyzyň aýratyn sarpalanmagy her bir türkmen raýatynyň başyny göge ýetirýär. Türkmen halysynyň baýramy eziz Diýarymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky dynç gününde uly şatlyk-şowhun, buýsanç bilen bellenilip geçilýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Janly rowaýat» kitabynda nygtalyşy ýaly: «Adamyň ýaradylyşy şeýle, onuň nazary mydama gözellikden özüne daýanç gözleýär. Çünki, diňe ajaýyp zatlar biziň durmuşymyzy manyly edýär. Şonuň üçin bahar örän tiz geçse geçsin, oňa derek her bir zenan halynyň üstünde öz bagyny, öz gülhanasyny döredýär we ol tutuş ýylyň dowamynda öz zehinli kalbyndan dörän, ajaýyp reňkler çaýylan halysy bilen öýdäkileri şatlandyrýar». Nepisligiň nusgasy bolan älemgoşar öwüşginli ajaýyp halylarymyz bu gün kalbymyzy, kaşaň-kaşaň binalarymyzy, toý-baýramly törlerimizi bezeýär.

Türkmen gyz-gelinleriniň dokan türkmen halysynyň dünýäde iň uly haly diýlip ykrar edilmegi we Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi buýsanylmaga mynasyp wakadyr. Halymyzyň agzybirligiň, abadançylygyň, asuda we parahat durmuşyň alamaty bolan ajaýyp gölleri Döwlet baýdagymyzy bezeýär. Şeýle-de, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda bäş sany esasy haly gölüniň ýerleşdirilmegi halkymyzyň jebisliginiň we milli mirasa goýýan iňňän uly sarpasynyň nyşanydyr.

Türkmeniň halyçylyk sungaty özüniň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. «El hünäri — il gezer» diýlişi ýaly, türkmen halysy asyrlardan asyrlara aşyp, öz gymmatyny ýitirmän gelýän milli mirasymyzdyr. Bu täsin sungat geçmişdäki ene-mamalarymyzyň giň düşünjeliligini, zehinliligini we başarjaňlygyny, zähmete ukyplylygyny, tebigy sowatlylygyny aýan edýär we bu ajaýyp sungatyň nesillere miras galýan gymmatly hünärdigini alamatlandyrýar. Gelin-gyzlarymyz hala çiten her bir nagyşlaryna öz arzuw-isleglerini, syrly söýgüsini, umydyny siňdirip-dirler. Oguz han türkmeniň  döwründen  bäri  türkmen zenanlarynyň çeper elleri, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen halylarymyz we haly-palas önümlerimiz Ýer ýüzünde özüniň gözelligi, ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar.

Türkmen halysy—gözelligiň nusgasy, halkymyzyň kalbynyň päkliginiň, reňklere baý tebigatynyň özboluşly beýanydyr. Bu özüne maýyl ediji gözellige dünýä aşyk. Türkmen halylary dokalyş aýratynlygy, çitimleriniň syklygy, reňkleriniň durnuklylygy, ýüzüniň tekizligi, gölleriniň özboluşlylygy bilen dünýäniň jahankeşdeleriniň, alymlarynyň, sungaty öwrenijileriniň ünsüni özüne çekýär. Halyçylyk hünärini sungat derejesine ýetiren ussat gelin-gyzlarymyzyň dokma daragynyň sesi owaz, aýdym, simfoniýa bolup eşidilýär. Bu owaz olaryň ýüreklerine üýtgeşik täsir edip, joşduryp, nepis  halylaryň täze görnüşlerini dokamaklyga, döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. Şeýle hem zenanlarymyzyň nepis duýgularyndan döreýän bu ajaýyp sungatyň waspy her döwrüň halk döredijiliginde, edebiýatynda özüniň mynasyp beýanyny tapýar.

Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Gözel nusgalary döredýän çeper zenanlarymyz işden argyn hallarynda hem döredijilikden daş bolmandyrlar. Olaryň zehininden dörän halk döredijilik eserleri ruhy hazynanyň müň owazly aýdymydyr» diýip parasatlylyk bilen belleýär. Bu gün mähir deňzi deýin nurana halyçylyk sungatyna uly sarpa goýlup, gelin-gyzlarymyz ene-mamalarymyzdan gelýän halyçylyk hünärini kämil ele alyp, ony yhlasly dowam etdirýärler.

Türkmen milli halyçylyk sungatynyň  ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem halkymyzyň milli gymmatlygymyza bolan buýsanjyny goşalandyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda täze çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilýär. Ussat halyçylarymyza hormatly atlar dakylýar, Şa serpaýlary gowşurylýar. Il ara­syn­da «Dok­ma­ly öý — dok öý» diýlişi ýaly, haly dokalýan öý Hakyň nur-sahawatyny eçilýän rysgal-döwletli öý hasaplanypdyr.

Meşhur «Halyçy gelin» aýdymynda aýdylyşy ýaly:

«Kak da­ra­gyň, bat­ly ýaň­lan­syn, ge­lin,
Owa­zyň her öý­de diň­len­sin, ge­lin».

Baýramyňyz gutly bolsun, sungat gözelligini döredýän halyçylar!