Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
— Çagalaryna aýratyn söýgi, aýratyn alada bilen garamak, olara özüniň iň gowy zatlaryny bagyş etmek türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir. Bu gün biziň Diýarymyz bagtly çagalygyň ýurdudyr, ýaşlaryň ähli arzuwlarynyň we islegleriniň hasyl bolýan ülkesidir diýip arkaýyn aýdyp bileris.
Bagtyýar çagalaryň gülki sesiniň belentden ýaňlanýan ýurduna öwrülen ata Watanymyzda Çagalary goramagyň halkara güni her ýylyň 1-nji iýunynda şatlyk-şowhun, ruhubelentlik bilen bellenilýär. Bu sene nesilleriň dowamatllygyny, ruhy sazlaşygyny alamatlandyrýar. Milli Liderimiz şahsy göreldesi bilen maşgala gymmatlyklarynyň hem-de sütünleriniň mizemezligini, çagalar barada içgin aladanyň we ünsüň nusgasyny görkezýär. Çünki, biziň geljegimiz çagalarymyzdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, bilim we terbiýe almaklary üçin giň mümkinçilikler we ähli şertleri döredilýär. Ýurdumyzda häzirki zaman çagalar baglary, orta mekdepler, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär. Çagalaryň saglygyny goramak hem-de dikeltmek boýunça hem ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi bilen olaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy, sagdyn endiklere eýerip, bagtly durmuşda ýaşamagy we jemgyýetde öz orunlaryny tapmagy üçin hemme şertler döredilýär.
Biziň Watanymyz ähli arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna — bagtly çagalygyň mekanyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bir sebäp bilen ata-enesinden mahrum bolan çagalar üçin köşkleriň, çagalar öýleriniň, mekdep-internatlarynyň täze, döwrebap binalary gurulýar. Şolaryň biri hem çagalaryň terbiýelenýän we hossarlyk edilýän bilim-terbiýeçilik edarasy bolan Döwletliler köşgüdir. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz bu ýerde terbiýelenýän çagalar, ýagny bilim-terbiýe alýan uçurymlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň hal-ýagdaýy, okuwlary bilen gyzyklandy. Munuň özi döwletimiz tarapyndan her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändigini aňladýar. Munuň şeýledigine hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem doly şaýatlyk edýär.
Çagalygy goramak ýörelgeleri Esasy Kanunymyzda kanunçylyk taýdan berkidilip, kabul edilen kanunlarda, Türkmenistanyň gatnaşýan halkara konwensiýalarynda, şeýle hem milli maksatnamalarda doly öz beýanyny tapýar. Bilşimiz ýaly, «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasy» we «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli strategiýa» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle hem, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy» tassyklanyldy. Munuň özi her bir çaganyň bagtyýar ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek, olaryň sagdyn, döwrebap bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin edilýän ynsanperwer tagallalaryň netijesidir.
Goý, Arkadag Prezidentimiziň saýasynda bagtyýar çagalaryň şadyýan gülküleri belentden-belent ýaňlansyn!