TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

WELOSPORT — SAGDYNLYGYŇ DABARALANMASY

Bütindünýä welosiped güni parahatçylygy we dostluk ýörelgelerini dabaralandyrýan sport baýramy hökmünde  ajaýyp tomus paslynda, ýagny 3-nji iýunda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň  başlangyjy bilen, dünýäniň 56 döw­letiniň awtordaş bol­magynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň kararnamasy bilen 3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edildi. El­bet­de, we­lo­si­ped in­di ýüz­ler­çe ýyl­lar bä­ri dünýä­de giňden ula­ny­lyp ge­lin­ýär. Häzirki wagtda bütin dünýäde welosipedleriň 1 milliarddan gowragy ulanylýar. Şoňa görä-de, welosiped iň köp ýaýran ulag serişdesi hasaplanylýar we ýer ýüzünde her ýylda  150 milliona golaý welosiped öndürilýär. Bu görkeziji dünýädäki awtomobil önümçiliginden iki esse köpdür.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň belleý­şi ýa­ly: «Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped  gü­ni pa­ra­hat­çy­lyk we dost­luk, sag­dyn­lyk we ru­hu­be­lent­lik tag­ly­mat­lary­nyň äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­ýan hal­ka­ra baý­ramdyr. Bu baý­ram pa­ra­hat­çy­ly­gyň il­çi­si bo­lan spor­ty ös­dür­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li hem-de dö­re­di­ji­lik­li hyzmat­daş­ly­gy ýo­la goý­ma­ga hem-de ony ös­dür­mä­ge giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär».

Ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ro­waç­lan­ma­gyn­da, be­denter­bi­ýä­niň köp­çü­lik­le­ýin hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gyn­da, ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­tuň we olim­pi­ýa he­re­ke­ti­niň ösme­gin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň nus­ga­lyk gö­rel­de gör­kez­ýän­di­gi­ni Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­niň 4-nji gezek giň­den bel­len­ýän günlerinde aý­ra­tyn nyg­ta­mak has hem gu­wan­dy­ry­jy­dyr.

Hormatly Pre­zi­den­ti­miziň Türk­me­nis­tan­da we­lo­si­ped spor­tu­ny ös­dürmek­de we ony hal­ka­ra de­rejesine­ çy­kar­mak­da bi­ti­ren iş­le­ri­niň yk­rar edil­me­gi­niň ny­şa­ny hök­mün­de Halka­ra we­lo­si­ped­çi­ler bir­le­şi­gi­niň ýol­baş­çy dü­zü­mi­niň ge­çi­ren mej­li­si­niň jem­le­ri bo­ýun­ça bu gu­ra­ma­nyň iň ýo­ka­ry sy­la­gy bilen sylaglanylmagy biziň her bi­ri­mi­zi buý­sandyrdy.

Dogrusyny aýtsak, hakykatdan-da welosiped sporty soňky ýyllarda türkmenistanlylaryň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzda Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik keşbine görk berýän «Welosiped» binasyny açyp bermegi hem  raýatlarymyzyň  kalbynda mukaddes  Watana, milletiň Liderine bolan beýik söýgüsini, hormatyny has-da artdyrdy. Şeýlelikde, Köpetdagyň etegindäki tebigy gözellik bilen täsin we özboluşly sazlaşyk döreden We­lo­si­ped bi­na­sy­ny gö­re­niň­de onuň ju­da oý­la­ny­şyk­ly iş­le­ni­lip taý­ýar­la­nan­dy­gy­na göz ýe­tir­ýär­siň. Bu bi­na tu­tuş­ly­gy­na hal­ky­my­zyň mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny özün­de jemläp, türk­me­niň ga­dy­my däp-des­sur­la­ry, edim-gy­lym­la­ry, mil­li buý­sanç­la­ry bi­na­da şöh­le­len­diri­lip­dir

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sany hem günsaýyn artýar. Mälim bolşy ýaly, 3246 adamyň gatnaşmagynda «Aşgabat» köpugurly stadionynda geçirilen welosport boýunça köpçülikleýin türgenleşik sapagynyň, şeýle-de Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde welosipedli iň dowamly bir nyzamly 3300 metr aralyga geçirilen ýörişiň hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini buýsanç bilen bellesek ýerlikli bolar. 

Welosipedli ýörişler ýurdumyzda köpçülikleýin ýaýbaňlandyrylyp, sportuň ekologiýa taýdan arassa we gy­zyk­ly gör­nü­şiniň biri bolan welosipedli gezelenç etmek täsirli dynç alyş bilen utgaşdyrylýar. Welosiped sporty bilen meşgullanmagyň adamyň saglygyny berkidýändigi, işjeň­ligini ýokarlandyrýandygy şübhesizdir.

Bu babatda bize Gahryman Arkadagymyzyň özi görelde görkezip, bagtyýar türkmen halkynyň bu sporta höwesini has-da artdyrýar.

Aslynda, paýtagtymyzda welosipedçileriň ilkinji jemgyýeti baryp 1894-nji ýylda döredildi. Şondan bir ýyl soň welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirildi. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­da durma­gyn­da 2015-nji ýy­lyň güý­zün­de ýur­dumyz­da we­lo­si­ped spor­tu­nyň Mil­li teh­ni­ki mer­ke­zi hem dö­re­dil­di.

Arkadag Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport-sagaldyş hereketleri uly ösüşlere eýe bolup, sportda gazanylýan üstünlikler dünýä bilen aýakdaş ösüp barýan Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belentliklere göterýär.

Jemgyýetde köpçülikleýin sportuň giňden ornaşmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýaýbaňlanmagy ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak, döw­let äh­mi­ýet­li tu­tum­la­ry he­mi­şe rowaç bol­sun!