2017-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda gadymy Ahalyň Nowruz ýaýlasyndaky ak öý binasy türkmen ähliniň pähim-paýhasyny bir supranyň başyna jemledi. Şol günler bu ýerde Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahaty geçirildi. Bu maslahatda türkmeniň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow il içinde uly abraýdan peýdalanýan hormatly ýaşulularymyz hem-de türkmen jemgyýetiniň dürli gatlaklarynyň wekilleri bilen döwletli maslahatlar etdi. Mazmuny kerem-sahawatdan doly bu maslahatda türkmen döwletini üçünji müňýyllykda täze belentliklere götermek, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýokary ykdysady ösüşleri gazanmak, kanunçylygy halkara ýörelgelerine laýyklykda kämilleşdirmek meseleleri geňeşildi. Münberden paýhas dürleri saçyldy. Il-ýurt bähbitli, halkyň bagtly geljegi bilen bagly möhüm strategik çözgütler we kararlar kabul edildi.
Bagt tagty rowan bolan köňli baý türkmen halkynyň ýaşululary senaly dillerine haýyrly söz pähimlerini getirip, il ykbalyna dahylly teklipleri orta atdylar. Köňül hazynasy diýseň baý, pespäl ýaşulular bilen geňeşilip çözülen işleriň mazmunyndan türkmen halky uly hoşallyk duýdy.
Nobatdaky bu maslahatda başga-da köp ýagşy işler amala aşyryldy. Has takygy...
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowa Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesini — «Altyn Aý» medalyny gowşurmak bilen Türkmenistanyň Gahrymany diýen at dakyldy.
Bu maslahatda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany ösdürmek boýunça Maksatnamasy kabul edildi.
Erkin ykdysady zolaklar hakynda, Türkmenistanyň Konstitutsiýasyna goşmaça girizmek hakynda, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitutsion Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda, Türkmenistanyň Halk maslahaty hakynda, «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda, «Ýer hakynda», «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme we goşmaçalar girizmek hakynda we başga-da ençeme möhüm kararlar kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň ençemesine «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň ençemesi Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanyldy.
Kalplara nur çaýýan bu şamçyrag ak öýde geçirilen naýbaşy maslahat-geňeş külli türkmen topragynyň ähli ýaşaýjylarynyň bir ten, bir jan, bir göwrä öwrülip, il ykbalyny has bagtyýar günlere götermegiň gamynyň has çyndan iýilýändigini, güýçli meýil, yhlas edilýändigini ýene bir gezek doly subut etdi.
Ýaşululara geňeşmek türkmen halkynyň ganyna, aňyna guýlan täsin, üýtgeşik häsiýetleriň biridir diýip, türkmeniň milli Lideriniň aýratyn nygtap belleýşi ýaly, bu gezekki maslahat milletimiziň agzybir, pähim-parasatly, tutanýerli halkdygyny ýene bir gezek Zemine äşgär etdi.
Maslahatly biçilen donuň gysga bolmaýşy ýaly, ýüzleri nurly ýaşulular bilen maslahatlaşylyp bitirilen işleriň miwesi has-da datly boldy. Durmuşyň ajysyny-süýjüsini gören ýaşulular bilen maslahatlaşyp çözülen meseleler külli türkmen halky tarapyndan goldaw tapdy.
Döwleti dolandyrmak işini, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde-de ýaşululara sala salmak, olar bilen geňeşmek örän peýdaly boldy.
Bu maslahatda türkmen jemgyýetini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, ulanylman ýatan mümkinçilikleri herekete girizmek bilen bagly meseleler barada hem giňişleýin maslahat edildi.
Gadymy Ahalyň Nowruz ýaýlasyndaky ak öý binasynda geçirilen bu maslahatda kabul edilen kararlar hem-de çözgütler döwletimiziň üçünji müňýyllykdaky ösüş strategiýasynyň döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýändiginiň özboluşly subutnamasy bolup ýaňlandy.