TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

MEDENIÝET WE SUNGAT IŞGÄRLERINIŇ HEM-DE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ŞYGRYÝET GÜNI

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:

«Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir».

Taryhda öçmejek yz galdyran, şygryýet äleminiň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy biziň ruhy sütünimizdir.

Ruhy gymmatlyklarymyza uly hormat goýýan Arkadag Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda her ýylyň iýun aýynyň 27-sine Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi uly dabara bilen döwlet derejesinde bellemek asylly däbe öwrüldi.

Milli Liderimiziň belleýişi ýaly: «Bu sene milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň özara baglanyşygyny, bitewüligini emele getirýär, sungat bilen şygryýetiň durmuşdaky ähmiýetini has-da artdyrýar. Sebäbi, medeniýet halkyň kalbydyr, sungat milletiň mertebesidir». Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde medeniýete we sungata, şeýle-de  Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiligine  goýulýan uly hormatdan nyşandyr.

Medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Şonuň netijesinde medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, sungatymyzy ylmy taýdan öwrenip, dünýä ýaýmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, abadançylygynyň baýramy saýylýan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni  jemgyýetde milli jebisligiň, rowaçlygyň, berkararlygyň uly ähmiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Halkymyz Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa, watançylyga ýugrulan goşgularynda beýan edilen belent arzuwlaryň hasyl bolýan döwründe ýaşaýar.

Magtymguly indi tas üç asyr bäri di­ňe bir türkmenleri­ň däl, eýsem dünýäniň dürli künjeklerinde söze sarpa goýup bilýän millionlarça ynsanlaryň aňynda, ýüreginde ýaşaýar.

Häzirki döwre çenli Magtymguly Pyragynyň goşgulary dünýäniň otuzdan gowrak döwletinde neşir edildi. Bu kitaplar ynsanperwerligiň, halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň ajaýyp köprüsiniň emele gelmegini üpjün etdi.  Hut şonuň üçin hem dürli ýurtlaryň meşhur alymlarydyr edebiýatçylary Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ürç edip öwrenýärler. Bu bolsa Magtymguly Pyragynyň meşhurlygynyň ýylsaýyn  artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýeri gelende aýtsak, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ýygyndysy dünýäniň köp dillerine, şol sanda türk, rus, iňlis, azerbaýjan, arap, ermeni, belarus, gazak, özbek, täjik, gruzin, ukrain, hytaý, ýapon, rumyn we beýleki dillere terjime edildi.

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hormatly Prezidentimiziň  ala­da­sy bi­len mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi we sun­ga­ty­my­zy hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek hem-de kä­mil­leş­dir­mek bi­len bag­ly ama­la aşyryl­ýan  iş­le­r me­de­ni­ýet hem-de sun­gat us­sat­la­ry­nyň, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň yl­ham çeş­me­si­ni joş­dur­ýar.

Medeniýet hem-de sungat ulgamyndaky döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy gymmatlyklaryny artdyrmaga, halkyň medeni-ahlak gymmatlyklaryny hem-de ruhy bitewiligini pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Medeni ulgamyň häzirki gazanýan üstünlikleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygynda, olaryň durkunyň täzelenmeginde, medeniýet edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagynda, sungatyň dürli görnüşleriniň gaýtadan dikeldilip, ösdürilmeginde, şeýle-de giň halkara medeni hem bilim gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynda öz aýdyň beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiziň ruhy mirasymyza,  döredijiligi bilen halkyň söýgüsine mynasyp bolan dana pederlerimize, beýik şahsyýetlerimize goýýan hormaty, şeýle-de, medeniýete, sungata, döredijilige berýän uly ünsi halkymyzy begendirýär hem-de has hyjuwly, ruhubelentlik bilen zähmet çekmäge, döretmäge, gurmaga ruhlandyrýar.

On sekizinji asyrda ýaşap geçen, türkmen nusgawy edebiýatyny esaslandyryjy Magtymguly Pyragynyň eserleriniň ähmiýeti  biziň döwrümizde has-da artýar.

Gahryman Arkadagymyz Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny 2024-nji ýylda bellemek bilen baglanyşykly karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda birnäçe çäreleri amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Hususan-da, bütin adamzadyň altyn genji-hazynasyna giren Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek maksady bilen, XVIII asyryň meşhur akyldar şahyrynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanylan ýörite internet-portalyny döretmek maksat edinilýär.

Nusgawy şahyrymyz, şygyr sungatymyzyň şamçyragy, weli ynsan, döredijiligi pähim-parasada ýugrulan akyldar hem-de halkynyň hakyky durmuşy bilen ýaşan şahsyýetiň — Magtymguly Pyragynyň dürdäne setirleriniň halkymyzyň täze neslini watançylyk, ýokary ruhy-ahlak, adamkärçilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetiniň hem örän uludygyny buýsanç bilen bellemek zerurdyr.

Toý-baýramly Diýarymyzda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde belleniljek Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni Lebap welaýatynda şu ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda uly şatlyk-şowhun bilen geçiriljek Medeniýet hepdeligi bilen utgaşýar. Munuň özi türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň ajaýyp bitewüliginden, mäkäm sazlaşygyndan nyşandyr.

Ýurdumyzy ösüşleriň hem özgerişleriň aýdyň ýoly bilen röwşen geljege alyp barýan, medeniýetiň we sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

Biz hem  medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen hormatly Prezidentimizi, şeýle hem  medeniýet we sungat işgärlerini gyzgyn gutlaýarys!

 

Merdan Halbaýew, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň
edarasynyň Aşgabat şäheri boýunça iş ýöredijisi.