Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde milli Lidermiziň alyp barýan pähim-parasatly içeri we daşary syýasaty esasynda bu gün il-günümiz bagtyýar durmuşda ýaşaýar.
Ata Watanymyzda ýaşaýan her bir türkmenistanlynyň kalby Arkadag Prezidentimize bolan alkyşlardan, hoşallyklardan doludyr. Ösüşiň halkara guramalary we dünýä döwletleri tarapyndan ykrar edilýän demokratik ýoluny saýlap alan Türkmenistan döwletimiziň merdana halky eşretli durmuşyň hözirini görüp, agzybirlikde, asudalykda halal zähmet çekýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurt başyna gelen ilkinji günlerinde, türkmen ykbalynyň taryhynda täze, heniz görülmedik ajaýyp sahypalar açylyp ugran pursadynda, her bir adamyň öz işine döredijilikli çemeleşmelidigini, diňe şeýle edilende ajaýyp durmuşy, berkarar döwleti, bagtyýar jemgyýeti gurup boljakdygyny öňe sürüpdi.
Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi esasynda halkymyzyň durmuş derejesi barha ýokarlanýar, eziz Diýarymyz gülläp ösýär, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär.
Gahryman Arkadagymyz biziň ata-babalarymyzdan gelýän gadymy halk demokratiýamyzyň üstüni onuň häzirkizaman nusgalary bilen baýlaşdyrdy. Türkmenistany hakyky erkinligiň, bagtyýarlygyň mekanyna öwürdi.
Hormatly Prezidentimiziň ösüşlere sary barýan nusgalyk ýoly halkymyzyň kalbyny joşa getirýär, Watana söýgini goşalandyrýar. Şoňa görä-de, bu gün ulus-ilimiz milli Liderimiziň daşyna has mäkäm jebisleşýär. Munuň şeýledigine, hormatly Prezidentimiziň 2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda jemi 6 dalaşgäriň gatnaşmagynda geçirilen saýlawlarda ýurdumyz boýunça saýlawçylaryň sesleriniň 89,23 göterimini;
2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda jemi 8 dalaşgäriň gatnaşmagynda geçirilen saýlawlarda ýurdumyz boýunça saýlawçylaryň sesleriniň 97,14 göterimini;
2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda jemi 9 dalaşgäriň gatnaşmagynda geçirilen saýlawlarda ýurdumyz boýunça saýlawçylaryň sesleriniň 97,69 göterimini alyp, ählihalk tarapyndan Türkmenistanyň Pezidentligine saýlanylmagy hem aýdylanlara şaýatlyk edýär.
Watandaşlarymyz türkmen halkynyň gadymy demokratik ýörelgelerine, däplerine üýtgewsiz eýerýändiklerini we ýurduň hemme ýerinde giňden ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň gös-göni gatnaşyjylary bolmaga aň-düşünjeli tagalla edýändiklerini tassyklamak bilen, saýlawçylar halkyň milletiň Lideri bilen bir bitewiligini we jebisligini, döwletiň her bir raýatyň bähbitlerine laýyk gelýän syýasatyny gürrüňsiz goldaýandyklaryny ynamly subut etdiler.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzda döwletiň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkidilmegine, raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen düýpli özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda milli hukuk kadalaryny kämilleşdirmek, şonuň esasynda-da jemgyýetimizi has-da demokratiýalaşdyrmak boýunça ulgamlaýyn işler yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Bu gün tutuş türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda özüniň ajaýyp eýýamyny üstünliklere besleýär. Bagtyýar halkymyz asuda, parahat Diýarymyzda ýurdumyzyň ösüşlerine goşantlaryny goşup, döredýär we gurýar.
Milli ykdysadyýetimiz bazar gatnaşyklaryna we innowasion-senagat tehnologiýalaryna geçmek bilen, barha kuwwatlanýar, bilim we ylym dünýä derejesine çykýar, medeniýet we sungat täze ösüş belentliklerine eýe bolýar, ýurdumyzyň dünýädäki abraýy, orny we täsiri has ýokarlanýar. Milli Liderimiziň ýurduň ykdysady kuwwatynyň berkemeginiň, häzirki we geljekki nesilleriň durmuş abadançylygynyň derejesiniň we hiliniň ýokarlanmagynyň bähbidine gönükdirilen syýasatynyň belent ruhy we döredijilik güýji her bir raýatyň kalbynda orun tapýar.
Häzirki döwürde biz hormatly Prezidentimiziň il-ýurt üçin bitiren hyzmatlarynyň öňünde baş egýäris. Ýurdumyzda syýasatda, ykdysadyýetde, medeni-gumanitar ulgamlarda, ylymda, bilimde, lukmançylykda gazanan üstünliklerimiziň, ýeňişlerimiziň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglydyr.
Bu gün sowulmaz bagtyýarlyk zamanasyny öz halkyna peşgeş beren milli Liderimiz bütin dünýäde iň kämil, iň parasatly syýasatçylaryň hatarynda tanalýar.
Türkmen halky öz dünýewi, hukuk döwletiniň parasatly, adyl, sahawatly Prezidentine ynanýar we ony goldaýar. Hormatly Prezidentimiz bolsa: «Ilkinji nobatda meniň ähli aladam halkym bolar» diýip, öz halkyna daýanýar. Arkadag Prezidentimiziň bu ruhlandyryjy sözlerinden güýç alyp, her bir işde raýatlarymyza nusgalyk görelde görkezýän döwlet Baştutanymyzyň saýlap alan adyl hem adalatly ak ýoly bilen ata Watanymyz bagtyýar geljege öňe barýar.
Ähli yhlas-tagallasyny mähriban halkynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirýän, halkymyzy ösüşleriň röwşen geljegine ak ýol bilen ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, döwletli il-ýurt bähbitli tutumlary has-da rowaçlyklara beslensin!