Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer başlangyçlary esasynda raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen demokratik ýol bilen günsaýyn ösüp barýan asuda ýurdumyzda il-ýurt bähbitli dürli çäreler amala aşyrylýar. Şol çäreleriň hatarynda şu ýylyň iýun aýynda täzeden döredilen welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlaryny görkezmek bolar. Häzirki günlerde bolsa, 2016-njy döredilen etrap, şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, bu saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleri guramaçylykly dowam edýär. Bu çäreleriň alnyp barlyşy barada gürrüň bermegini sorap, biz Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň başlygy Berdimyrat Garýagdyýewe ýüz tutduk. Şonda ol bize şulary gürrüň berdi:
–Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, halkara kadalaryna laýyklykda, aýanlykda we demokratik ýörelgeler esasynda guramaçylykly geçirilmeginde, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk üpjün edilmeginde ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparlarynyň möhüm orny bardyr.
Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň iýul aýynda döredilen etrap, şäher saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletleriniň tamamlanýandygy sebäpli, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 32-nji maddasyna laýyklykda, etrap, şäher saýlaw toparlary degişli welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlary tarapyndan 11-15 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Bu saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, tassyklanylan meýilnama esasynda guramaçylykly amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça etrap, şäher saýlaw toparlarynyň jemi 60-sy hereket edýär. Has takygy:
Ahal welaýatynda 8, Balkan welaýatynda 13, Daşoguz welaýatynda 11, Lebap welaýatynda 11, Mary welaýatynda 13 we Aşgabat şäherinde hem 4 sany etrap, şäher saýlaw toparlary bardyr.
Şu ýerde ýurdumyzda saýlawlar bilen bagly çäreleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ykrar edilýän syýasy köpdürlülik, ýagny köppartiýalylyk we halk häkimiýetlilik ýörelgeleri esasynda geçirilýändigini aýratyn nygtamak isleýärin.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, şeýle-de jemgyýetçilik birleşikleriniň – Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, şeýle hem halk köpçüliginiň hataryndan düzülýän raýatlar toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenilýär.
Şeýle-de, däp bolşy ýaly, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň düzümine dürli ýaşdaky we bilim derejesindäki, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän dürli milletleriň wekilleri hödürlenilýär.
Mejlislerde, ýygnaklarda etrap, şäher saýlaw toparlarynyň düzümine hödürlenýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp bilner. Her ýygnakda etrap, şäher saýlaw toparynyň düzümine diňe bir wekil hödürlenilip bilner.
Saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemek hakynda geçirilen mejlisleriň, ýygnaklaryň teswirnamalary bellenilen tertipde degişli welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparyna iberilýär.
Hödürleme mejlisleriniň, ýygnaklarynyň netijelerine we welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň kararlaryna laýyklykda, bu saýlaw toparlary özleriniň birinji mejlislerini geçirip, toparyň başlygyny, başlygynyň orunbasaryny we kätibini saýlap, özleriniň düzümini düzerler hem-de olaryň täze düzüminiň agzalaryna şahsyýetnamalar gowşurylar.
Bu çäreleriň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem-de başymyzyň täji bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda geçirilýändigi uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.
Pursatdan peýdalanyp, bize şunuň ýaly giň demokratik şertleri döredip berýän Arkadag Prezidentimiziň hemişe janynyň sag, mertebesiniň belent we tutumly başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
– Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!
Gürrüňdeşligi ýazga geçiren H.Öwezow.