TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

RUHY PÄKLIGIŇ SAHAWATLYLYK BAÝRAMY

Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak eziz Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many–mazmuna eýe bolan mukaddes Gurban baýramy halkymyzy täze üstünliklere, beýik ösüşlere ruhlandyrýar. Eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde Gurban baýramy ajaýyp millilik ýörelgelerimize laýyklykda hiňňildikler dikilip, medeniýet we sungat işgärleriniň saz-söhbetli çykyşlary guralyp, döwlet derejesinde we ruhubelentlikde giňden bellenilýär. Bagtyýar maşgala ojaklarynda täze-tämiz lybaslar geýlip, bereketli saçaklar giňden ýazylyp, il-ýurt abadançylygynyň, sag-salamatlylygyň, rysgal-döwletliligiň dowamat-dowam bolmagynyň hatyrasyna gurbanlyk sadakalary berlip, ýagşy doga-dilegler edilýär. Halk içinde «Ilki tagam, soňra kelam» diý­li­şi ýa­ly, ta­gam­dan soň durmuşyň rowaçlygyny, ata Watanyň gülläp ösmegini, il-günüň parahat durmuşda ýaşamagyny, agzybirligiň höküm sürmegini dileg etmek, Arkadag Prezidentimize alkyşlar aýtmak Gurban baýramyna mahsus ýörelgelerdir.

Heňňamlar aşyp, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli Gurban baýramymyz döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy üpjün edip gelýän, belent ahlak ýörelgelerini hem-de ynsanperwerligi özünde jemleýän iň gadymy baýramlaryň biridir. Häzirki bagtyýar döwrümizde beýleki baýramçylyklar ýaly, Gurban baýramynyň hem şatlyk-şowhun bilen bellenilmeginde uly many bardyr. Munuň özi, täze taryhy döwürde halkymyzyň şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlaryna, ynsanperwerlige we hoşniýetlilige üýtgewsiz ygrarlydygynyň nyşany bolup durýar.

Gurban baýramy ähli musulman halklarynyň mukaddes baýramydyr. Ata- babalarymyz bu baýrama aýratyn uly ähmiýet beripdirler hem-de ony giňden belläp geçipdirler. Musulman dünýäsiniň esasy baýramçylyklarynyň biri bolan Gurban baýramy hijri-kamary ýyl hasaby boýunça Oraza tutmak ybadaty tamamlanandan soň, 71-nji günde başlanýar. Türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan bu mukaddes baýramçylygyň milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň sanawyna girizilmegi bilen, ata-babalarymyzyň ajaýyp däpleri mynasyp dowam etdirilýär.

Gurbanlyk baýramçylygy sözüň doly manysynda, ynsan kalbyny tämizleýär, adamlary birek-birege mähriban edýär, agzybirlige çagyrýar. Bu baýram ynsanlary birek-birege has ýakynlaşdyrýar, dostlaşdyrýar, jebisleşdirýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy – ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paýlaýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bu gün bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny, Türkmenistanyň döredijilik we ösüşler ýoly bilen öňe – beýik geljege gadam urýandygyny alamatlandyrýar hem-de jemgyýetçilik durmuşymyza täze öwüşgin çaýýar» diýip aýtmagynda hem uly many bar.

Gurban baýramy ata-babalarymyzyň iň mukaddes däpleriniň berjaý edilýän baýramlarynyň biri bolup, onda ynsana hormat goýmak, özgelere ak ýürekli garamak, ejizleri goldamak, hal-ahwalyny soramak, olara howandarlyk etmek, ýeri gelende mertligi, ýagşylygy we haýyr sahawatlylygy başarmak ýaly ajaýyp häsiýetler jemlenýär. Gurban baýramy günlerinde-de köňüller päklenip, milli däplerimiz çuňňur mana eýe bolýar.

«Agzy­bi­riň – aşy bir», «Maşgalada agzybirlik bolsa, ha­zy­na ge­rek däl», «Göwni açygyň – ýoly açyk» diýip pederlerimiziň aýdan sözi häzirem halk arasynda ýörgünli. Ýüregi arassa ynsany hemmeler gowy görüp hormatlaýarlar, baran ýerinde onuň mertebesi, hormat-sylagy belent bolýar. Gurban baýramy Taňrynyň kalby ylahy muhabbetden nurlanan bendelerine ynsanperwerligi, agzybirligi, mähribanlygy, rehim-şepagatlylygy ündeýär.

Başymyzyň täji, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna uly joşgun bilen taýýarlyk görülýän günlerde, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda agzybir halkymyz Gurban baýramyny toý şatlygyna beslär. Döwletli ojaklarda bereketli saçaklaryň başynda edilen söhbetlerde, arzuw-dileglerde, okalýan aýatdyr töwirlerde ýurdumyzy agzybirlige, jebislige besleýän hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdylar. 

Hormatly Prezidentimizi, tutuş halkymyzy Gurban baýramy bilen gutlaýarys.

Goý, mübärek Gurban baýramy günlerinde halkymyzyň agzybirligi, abadançylygy, eziz Diýarymyzyň berkararlygy, Gahryman Arkadagymyzyň ähli tutumlarynyň rowaçlygy üçin ediljek doga-dilegler, ýagşy umyt-arzuwlar gudraty güýçli beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Mukaddes Gurban baýramyňyz gutly, gurbanlyk sadakalaryňyz kabul bolsun, eziz ildeşler!

 

Ogulnyýaz Mämmetnurowa,
Türkmenistanda  Saýlawlary we  sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň edarasynyň esasy hünärmeni.