TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

GARAŞSYZLYK- HALKYMYZYŇ HASYL BOLAN ARZUWY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:

«Garaşsyzlyk berkarar döwletimiziň synmaz binýady,
bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr
!».

 

Taryhda watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň, ynsanperwerligiň nusgasyna öwrülen şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan bu mukaddes toprakda gadymy Oguz han nesli şu günlerde özüniň baş baýramyna – Garaşsyzlyk toýuna uly buýsanç we ruhubelentlik bilen barýar.  

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler halkymyzyň ençeme asyrlaryň dowamynda kämilleşdiren parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini dünýä ýaýýar. Kuwwatly Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny barha berkidýär. Şeýlelikde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň toýlanylýan ýylynda eziz Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlary esasynda ählumumy abadançylyga goşant goşýan, bedew batly ösýän döwlet hökmünde ykrar edildi. Çünki mukaddes Garaşsyzlyk — döwlet berkararlygymyzyň belent ykrarnamasy, döwletliligiň, milliligiň berk binýady bolup, ata-babalarymyzyň ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda erkinlik, özbaşdaklyk hakynda arzuwlan bagtyýarlyk döwrüdir hem-de türkmen halkymyzyň agzybirliginiň döredijilik ukybynyň datly miwesidir.

Garaşsyzlyk – halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň, jemgyýetimiziň jebisliginiň we abadançylygynyň berkden tutulan binýadydyr.

Garaşsyzlyk döwrüniň içinde goýny bagy-eremli, merjen şäherli eziz Watanymyz arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň asyrlar boýy Garaşsyz, berkarar döwletli bolmak baradaky ýürek  arzuwlarynyň amala aşmagyna, kämil milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Bu gün Türkmenistan dünýäniň ösüşlerine öz ykdysady hem ruhy täsirini ýetirýär, abadançylykly ýaşaýşyň ýokary nusgasyny dünýä ýaýýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň baýramynyň öňüsyrasynda bir-biri bilen utgaşýan taryhy wakalar türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, berkarar döwletimiziň ösüşleriniň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Milli Liderimiziň: «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryna eýerilip, ýurdumyzda geçirilýän ähli özgertmeleriň esasy aýratynlygy, olaryň innowasion häsiýeti, halkymyzyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilmegi bolup durýar. 

Garaşsyz Diýarymyz indi syýasy, ykdysady we medeni taýdan dünýäniň has çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzyň her bir künjeginde halkyň medeni-ýaşaýyş derejesi barha ýokarlanýar. Sözüň doly manysynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylan beýik işler ýurduň ykdysady kuwwatynyň mizemezliginiň, döwlet gurluşynyň berkdiginiň aýdyň subutnamasy bolup, halkymyzyň bagtyýar geljeginden habar berýär.

Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da eziz Diýa­rymyz­da asyrla­ra ba­ra­bar uly iş­ler ama­la aşyryldy. Ýurdumyzda syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda hem-de ylym-bilim, sport, sag­ly­gy go­raýyş  ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuş-medeni ähmiýetli binalaryň birnäçesi açylýar we ulanylmaga berilýär, hal­kyň aba­dan, bo­le­lin we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üp­jün edilýär.

Türkmenistan mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyny ykdysady we ynsanperwer ölçeglerde uly ösüş mümkinçilikleri bolan, sebit hem dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýan, durnukly ösýän döwlet hökmünde garşylaýar.

Mil­li Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygyn­da ama­la aşyrylýan düýp­li özgertmeleriň we uly tutumlaryň netijesin­de türkmen halky asuda, abadan, eş­retli durmu­şyň hö­zirini görüp ýaşaýar, döredýär, tutanýerli zähmet çekýär.

Ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan, parahatçylygyň, agzybirligiň, jebisligiň ýer ýüzünde dabaralanmagy üçin beýik başlangyçlary öňe sürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Aýna Saryýewa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň edarasynyň arhiwçisi