TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

GARAŞSYZLYK – BAŞYMYZYŇ TÄJI

Watanyny başynyň täji hasaplan ata-babalarymyzyň merdanalyk ýolundan buýsançly gadam urýan halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna barýar. Döwletimiziň Garaşsyzlygy türkmen halkynyň bagt daragtydyr. Bu daragtyň kökleri şöhratly geçmişimize uzaýar, onuň miweleri bolsa häzirki bagtyýarlyk zamanymyzdyr we geljekki uly ösüşlerimizdir, bagtyýar durmuşymyzdyr.

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda dünýä döwletleriniň içinde abraýly orny eýelän asuda Diýarymyzda uly ösüşler gazanylýar. Ata Watanymyzda her ýyly täze şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrülip, bu ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Şu taryhy ýylda Türkmenistan özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly toýuny döwlet derejesinde we uly dabaralar bilen toýlar.

Dünýä türkmenleriniň ata Watany bolan Türkmenistan tyllaýy güýz paslynda dabaraly toý lybasyna beslenip, parahatçylygyň wagyzçysy bolup, özüniň hoşniýetli Bitaraplyk ýoluna ygrarlydygyny ýene-de bir ýola äleme äşgär eder.

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň, il-günümiziň agzybirliginiň, bagtyýar durmuşyň mizemez binýadydyr. Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde ykdysady ösüşiň belentliklerine tarap okgunly hereketler amala aşyrylyp, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Döwletimiziň ykdysady kuwwaty, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy dünýä ýurtlary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmäge amatly şertleri döredýär. Ýurt Garaşsyzlygynyň ýyllary içinde ata Watanymyzyň taryh üçin uzak bolmadyk gysga döwürde ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde we beýleki ugurlarda ýeten derejelerine nazar aýlasaň, il-ýurt, dünýä bähbitli amala aşyrylan asyrlara barabar beýik işlere gözüň düşýär.

Berkarar Watanymyzda hukuk özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegi, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmäge, ýurdumyzyň demokratik ösüşini pugtalandyrmaga, zähmet hem-de durmuş üpjünçilik kanunçylygyny kämilleşdirmäge, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda milli Parlamentimiziň iki palataly ulgama geçmegi

Sözümizi jemläp aýdanymyzda, mukaddes Garaşsyzlyk türkmeniň buýsanjydyr, başynyň altyn täjidir. Biziň halkymyzyň aňynda orun tutan Garaşsyzlyk buýsanjy gadymydyr we müdimidir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mähriban halkyny ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň, dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň dabaralanmagy ugrundaky beýik işleriniň elmydama rowaç bolmagyny, berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýynyň mundan beýläk hem ýokarlanmagyny arzuw edýäris.

Milli Liderimizi, mähriban halkymyzy ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

 

Amangeldi ANNADURDYÝEW, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary
geçirmek boýunça merkezi toparyň kätibi.