Garaşsyzlyk türkmen halkynyň ykbal äleminde dogan nurana Kuýaşdyr. Garaşsyzlyk eýýamynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna ruhubelentlik bilen taýýarlyk görülýär.
Garaşsyzlyk döwletimiziň, halkymyzyň at–abraýyny, şöhratyny, mertebesini, ruhy dünýäsini belende göterdi. Garaşsyzlyk ýürekleriň egsilmez buýsanjydyr, başymyzyň altyn täjidir, onuň waspy umman ýaly egsilmezdir, erkanalyk waspy Sena bolup ýaňlanyp, aýdyma, saza, esere öwrülip, kalplaryň töründe müdimilik orun tutup, ylhamyňy joşdurýar, on iki süňňümize ornap, mizemezlige, ezizlige, bakylyga eýe bolýar.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna tutulýan bu uly toý bagtyýar halkymyzyň milli buýsanjyny arşa göterýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ulgamlarda taryhy özgerişler amala aşyrylýar.
Bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, eziz Diýarymyzy ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmek «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary baş ýörelge edinen Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistany dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak babatda edýän irginsiz tagallalarynyň netijesidir, Garaşsyzlygyň miwesidir. Garaşsyzlygymyzyň gadyr–gymmaty halkymyzyň agzybirliginde, döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan özgertmelerini doly goldaýanlygynda, Watana bolan beýik söýgüsinde jemlenendir.
Magtymguly Pyragynyň «Türkmen binasy» atly ajaýyp goşgusyndaky:
Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy –
diýen dürdäne setirlerinden görnüşi ýaly, türkmen ili erkanalyga, bagtyýarlyga buýsanyp ýaşaýar .
Geçen asyryň ahyrlarynda, has takygy, 1991-nji ýylda ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen, ata Watanymyza, mähriban halkymyza erkanalyk döwrany dolandy. Hormatly Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, çuň parasada ýugrulan içeri we daşary syýasaty Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň we türkmen halkynyň at-abraýyny dünýä derejesine çykardy, älem-jahana meşhur etdi.
Döwletimiz özygtyýarlylygyny gazanandan soň, berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, hemmetaraplaýyn oýlanyşykly we tehnologik çözgütlere esaslanýan maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Bäsdeşlige ukyply, bazar gatnaşyklaryna meýilli ykdysadyýetimiziň milli nusgasy döredildi. Bu mynasyp işler asylly maksatlara ýetmegiň, durnukly ösüşi üpjün etmegiň baş guraly hökmünde häzirki döwürde hem yzygiderli dowam etdirilýär. Milli Liderimiziň amala aşyrýan durmuş özgertmeleriniň, öňe sürýän ynsanperwer başlangyçlarynyň baş wezipesi döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmakdan, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösüş ýoly bilen ösdürmekden we innowasiýa ugurly taslamalary durmuşa ornaşdyrmakdan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakdan ybarat bolup durýar.
Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bedew batly ösüşleriň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň, toý-baýramyň, täze gurulýan şäherleriň mekanyna, gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen öňe barýan kuwwatly senagat ýurduna öwrüldi.
Munuň şeýledigi milli Liderimiziň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym - Türkmenistan» atly ajaýyp eserindäki:
Parahatlyk – ýürek baýdagy,
Älem-jahan – mähir mukamy.
Türkmenistan – bahar baýramy,
Türkmenistan – dostluk mekany –
diýen pähim-parasatly, joşgunly setirlerinde ussatlyk bilen beýan edilýär.
Garaşsyzlygyň, parahatçylygyň, asudalygyň we agzybirligiň gadyr– gymmatyna belent sarpa goýýan hormatly Prezidentimiz umumadamzat bähbitli beýik işleri durmuşa ornaşdyrýar. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk senesi uly üstünliklere beslenýän ýüzlerçe buýsandyryjy wakalary, bitirilen ägirt uly işleri, rowaçlyklary sahylyk bilen bagyş edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzy goramaga we berkitmäge, halkara hyzmatdaşlygyny, milli agzybirligi pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş–durmuş derejesiniň has–da gowulandyrylmagyna, ykdysadyýetiň okgunly ösmegine gönükdirilen il–ýurt ähmiýetli kabul edilen syýasy, ykdysady we hukuk özgertmeleri gysga döwrüň içinde üstünlikli amala aşyryldy.
Ýurdumyzda adam hukuklary, azatlyklary, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň ählumumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagy ykrar edilýär, döwrüň talaplaryna laýyklykda, döwrebap hukuk özgertmeleri üstünlikli amala aşyrylýar. Üstünlikli amala aşyrylýan kanunçylyk özgertmeleri esasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwrüň talabyna laýyk gelýän ösen syýasy ulgamy, özygtyýarly döwlet hökmündäki abraýy barha belende göterilýär, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam hukuklarynyň hem–de azatlyklarynyň goraglylygy barha ýokary derejede üpjün edilýär.
Biziň ählimiziň «Dünýä dursun, sen dur, Türkmenistanym!» diýip ezizleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy has-da ösdürmek baradaky arzuw-maksatlar birleşdirýär. Bu gün - Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ösüşlere nazar aýlap, biziň her birimiz berkarar döwletiň raýatlary hökmünde ösüp gelýän nesilleriň öňünde eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady, ekologiýa abadançylygynyň, milli medeniýetiň dowamatynyň üpjün edilmegi üçin jogapkärçilik duýmalydyrys, ýaş nesil bolsa şol mirasy gorap saklamaga, has-da baýlaşdyrmaga borçludyr.
Goý, berkarar Diýarymyzy dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna çykarýan, beýik ösüşleriň ýurduna öwren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!
Gahryman Arkadagymyzy, mähriban halkymyzy ýetip gelýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Jahan ORAZOWA,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň edarasynyň esasy hünärmeni.