Merdana pederlerimiziň erkanalyk, Garaşsyz döwlet gurmak barada eden baş arzuwy, ýürek küýsegi geçen asyryň ahyrlarynda hasyl boldy we türkmene bagt guşuny peşgeş beren bu şatlykly ajaýyp waka mukaddes Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Mundan 30 ýyl ozal türkmen halky öz ykbalyny erkin kesgitlemäge bolan mizemez hukugyna esaslanyp, döwlet Garaşsyzlygyna eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli başlangyçlary esasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä esaslanýan ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwer döwlet syýasaty barha rowaçlanýar.
Garaşsyzlyk türkmenistanlylaryň milli buýsanjyna, belent sarpaly ruhy gymmatlygyna öwrüldi. Bagtyýarlyk döwrümiziň şu günlerinde mähriban Diýarymyzda möhüm senäni — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi uly dabara bilen toýlamaga taýýarlyk görülýär. Garaşsyzlykdan ganatlanyp galkynan, ertirleriň ak ýoly bilen öňe barýan, kalplary buýsançdan doly türkmenistanlylar bu şanly senäni – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny täze zähmet üstünlikleri we ýeňişleri bilen, ruhubelentlik bilen belläp geçerler.
Garaşsyzlyk gymmatlygynyň özeninde ata-babalarymyzyň Watana, parahat durmuşa bolan söýgüsi, adalatlylyk, hoşniýetlilik ýaly ynsanperwerlik ýörelgeleri jemlenýär. Garaşsyzlyk türkmen halkyna erkin ýaşamaga, ene topragyna, maddy we ruhy gymmatlyklaryna eýe bolmaga, bar bolan mümkinçiliklerden, milli we umumadamzat bähbitlerinden peýdalanmaga, halkara giňişlikde özbaşdak döwlet hökmünde çykyş etmäge ägirt uly şert döretdi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ägirt uly üstünlikleriň özeni hormatly Prezidentimiziň şöhratly başlangyçlary we il-ýurt bähbitli işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyzlyk milli buýsanjymyza öwrüldi, ata-babalarymyzyň gadymy arzuwlary bolsa ajaýyp hakykata öwrüldi. Bitarap Watanyň ýagty geljegi jemgyýetiň agzybirligini we jebisligini berkitmäge mydama ýardam edýär.
Garaşsyzlygyň ösüş ýolunda gülläp ösüşiň we abadançylygyň täze sepgitlerine ýeten Türkmenistan özüniň 30 ýaşynyň dowamynda asyrlara barabar işleri amala aşyrdy. Milli Liderimiziň il-halk üçin edýän tükeniksiz aladalary bolsa döredýän, gurýan raýatlarymyz üçin ruhy güýç berýär. Olary ösüşe sary ruhlandyrýar, ganatlandyrýar. Şonuň üçin Türkmenistanyň halky Garaşsyzlyk gününe aýratyn hormat goýup, Garaşsyzlygy we bagtly durmuşy öz içine alýan ajaýyp baýram hökmünde garşylaýarlar. Türkmen halky öz arkadag Prezidentiniň töwereginde mäkäm jebisleşip, dünýäniň gülläp ösýän we parahatçylygy söýýän güýçli ýurtlarynyň hataryna ynam bilen girdi.
Döwlet jemgyýetçilik işjeňliginiň we ykdysady başlangyçlaryň, teklipleriň täze netijeli görnüşlerini höweslendirýär. Galyberse-de, ilatyň zähmetiniň, intellektual we döredijilik potensialynyň döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna doly gatnaşmagy bilen syýasy demokratiýa ösýär, doly demokratiýa döredilýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurtda demokratiýa umumy ykrar edilen halkara hukuk ýörelgelerine, ählumumy adamzat gymmatlyklaryna we milli däp-dessurlaryna laýyklykda dowam edýär.
Arkadag Prezidentimiziň ýakyndan ýardam bermegi esasynda saýlaw ulgamy hem yzygiderli kämilleşdirilýär, ýurdumyzda saýlawlar kanunalaýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda we guramaçylykly geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini hasda gowulandyrmak, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini ýokary derejelere çykarmak babatynda beýik işler amala aşyrylýar. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşaýan we Türkmenistan döwletimiziň belent ösüşleri nazarlaýan bu döwri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüdir. Şeýle ajaýyp zamanada gazanylýan beýik ösüşlerimiziň gözbaşynda bolsa ýurdumyzy belent sepgitlere tarap alyp barýan, sebit we dünýä derejesinde halkara başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyz dur.
Halkymyzyň asuda, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, ata Watanymyzy dünýäde iň bagtly adamlaryň ýaşaýan bagtyýarlyk mekanyna öwürmek Arkadag Prezidentimiziň baş maksadydyr.
Watanymyzy bedew bady bilen ösüşlerden ösüşlere alyp barýan, halkymyzy bagtyýar döwürde, eşretli zamanada ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç alsyn!
Ogulmaral REJEPOWA,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň edarasynyň esasy hünärmeni.