TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

GARAŞSYZLYK – BERKARAR DÖWLETLILIK

Mukaddes Garaşsyzlyk duýgusy biziň başymyzyň täjidir, kalbymyza ylahy güýç berýän nurana mukaddeslikdir, ömrümiziň manysydyr, ezizlikdir, bagtdyr, köňüllerimizi joşdurýan iňňän uly ruhy baýlykdyr, Hak nazary düşen şu toprakda ýaşap geçen ata-babalarymyzy tirsegine galdyran täsin gudratdyr. Erkana ýurduň asuda howasyndan dem almagyň özü-de milli ruhly ynsan üçin tapylgysyz şypadyr, rahatlykdyr, ykbal tumarydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda örän möhüm ähmiýeti bolan, buýsanç bilen uludan toýlanylýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy bosagada dur. Şöhratly taryhy gahrymançylyga beslenen merdana halkymyzyň Garaşsyz döwletli bolmak baradaky asyrlar boýy edip gelen köňül arzuwy 1991-nji ýylyň güýzünde hasyl bolup, bu gojaman Zeminiň goýnunda özbaşdak, demokratik Türkmen döwleti emele geldi.

Garaşsyzlyk asyrlar boýy halkymyzyň kalbynyň töründe orun tutan milli buýsançdyr, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlygynyň, mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we ruhubelentliginiň berk binýadydyr.

Eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygyny almagy diňe bir Türkmenistanyň bagtyýar raýatlarynyň däl-de, ýer ýüzüniň ençeme ýurtlarynda ýaşaýan ildeşlerimiziň ykbalyna hem oňyn täsir etdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwleti ýurt zaryny çekip ýören dünýäniň ähli türkmenleriniň mukaddes ata Watanyna öwrüldi.

Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge we dünýä medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga, häzirkizaman gazanylanlary nazara almak bilen ylym-bilimi ösdürmäge, ruhy taýdan taplanan, sagdyn bedenli nesilleri kemala getirmäge giň mümkinçilik berdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz ykdysadyýetde, medeniýet, bilim, ylym, saglyk, sport ulgamlarynda taryhy ösüşleri üpjün edýän ynsanperwerlik ýoly bilen öňe barýar. Bu gysga taryhy döwürde asyrlara barabar işler amala aşyrylyp, özüniň oňyn netijelerini berdi. Jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy.

Türkmenistan häzir, sözüň doly manysynda, öz syýasy, ykdysady garaşsyzlygyny üpjün edip bilýän ösen, kuwwatly ýurda öwrüldi.

Garaşsyzlyk millete erkana ýaşamaga, gözel tebigatyna we tebigy baýlyklaryna, ata-babalarymyzyň ruhy siňen mukaddes topragyna, özboluşly ruhy dünýäsine, milli gymmatlyklaryna eýe bolmaga, özüniň maddy we ruhy güýjüni, ilkinji nobatda, öz bähbitleri üçin peýdalanmaga, öz islegine laýyklykda dost — goňşy tutunmaga, halkara gatnaşyklaryna aýratyn bir döwlet hökmünde goşulyşmaga giň mümkinçilik berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz Türkmenistan diňe bir syýasy-ykdysady, medeni-durmuş taýdan ösen döwlet hökmünde däl-de, eýsem, parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň mekany hökmünde dünýäde tanalýar.

Bu gün ata Watanymyz Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy merkeze öwrülip, emele gelen döwletara meselelerini parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar bilen çözmegi teklip edýän döwlet hökmünde abraý-mertebä eýedir. Täze taryhyny, milli döwletini kemala getirmekde türkmen halkynyň öz ýoluny tapandygyna asuda, parahat durmuşymyz, okgunly ösüşlerimiz, dünýäniň ähli ýurtlary bilen ýola goýlan dostlukly, hoşniýetli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz şaýatlyk edýär.

Garaşsyzlyk milletiň ruhuna ruh, mertebesine mertebe, dowamatyna dowamat goşýar. Onuň mümkinçiliklerini artdyrýar, galkynmaga ýol açýar.

Ine, şu ýyl hem ähli türkmen halky üçin aýratyn ähmiýetli, taryhy sene hökmünde Garaşsyzlyk baýramynyň dabarasy dag aşýar. Halkymyz ýylyň-ýylyna bu taryhy günde diňe bir özygtyýarly türkmen döwletimiziň döredilen gününi däl, eýsem, beýik tutumly maksatnamalar boýunça gazanylan uly ýeňişlerini hem agzybirlikde baýram edýär.

Şeýlekin ajaýyp döwletiň raýaty bolup, Gahryman Arkadagymyzyň baky bagyş eden bagtyýarlyk eýýamynda milletimiziň naýbaşy ruhy gymmatlyklaryny sarpalap, olary döredijilikli we ussatlyk bilen dowam etmek her birimiz üçin parzdyr, iň uly bagtdyr.

Hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr!».

Her bir türkmenistanlynyň öz şirin janyndan eziz görüp söýýän mukaddes Watanymyzy bagtyýarlygyň mekanyna öwren Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

 

Maksatmyrat GELDIÝEW, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň
edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.