Garaşsyzlyk baýramy ýurdumyzda uludan tutulýan toýlarymyzyň naýbaşysydyr. Sarsmaz binýadynda milletimiziň asudalyk, dost-doganlyk ýörelgeleri goýlan döwletimiz 30 ýyl bäri özygtyýarlylyk, erkanalyk ýolunda uly ösüşlere beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Berkarar Watanymyzyň ösüşlerinde halkymyzyň jebisligi, jemgyýetimiziň asudalygy, durnuklylygy, agzybirligi aýdyň ýüze çykýar.
Garaşsyzlyk halkymyzyň buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň abadançylygynyň ygtybarly binýadydyr. Garaşsyzlyk milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan hem-de kalbyňy joşdurýan erkinlik hem parahatlyk mukamy bolup ýaňlanýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmegidir, türkmen ruhunyň we mertebesiniň millilik ýoly bilen täzeden halkara derejesinde dabaralanmasydyr. Çünki, Garaşsyzlyk zamanynda merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy ýüreklerinde ýaşadan arzuw-umytlary, erk-islegleri hasyl boldy. Garaşsyzlyk nury halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna öçmejek ýalkym saçdy. Garaşsyzlyk ýyllarynda – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyz merdana türkmen halkynyň at-owazasyny täze röwüşde äleme ýaýdy, milletiň mertebesini parahatçylyk söýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar etdirdi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ata Watanymyz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünlikleri gazandy. «Türkmenistan –parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýyl hem şanly wakalara baý boldy. Garaşsyz döwletimiziň parahatçylygyň we dostlugyň, ruhubelentligiň, sportyň hem-de sagdynlygyň ýurdy hökmünde halkara abraýynyň yzygiderli artýandygyna şaýatlyk edýän taryhy wakalar halkymyzy uly üstünliklere ruhlandyrýar. Milli Liderimiziň berkarar ýurdumyzda demokratik ösüşi pugtalandyrmak, raýatlaryň hukuklaryny, zähmet hem-de durmuş üpjünçilik kanunçylygyny kämilleşdirmek, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa ornaşdyrýan maksatnamalary Watanymyza, halkymyza egsilmez söýgüsinden aýdyň nyşandyr.
Milli Liderimiziň täze ýylyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryna laýyklykda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny giňden dabaralandyrmak maksady bilen, toplumlaýyn taýýarlyk işlerine badalga berildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bu şanly senesi Türkmen döwletiniň özygtyýarlylygyny, berkararlygyny, milletiň dowamatyny, erkinligini hem mertebeliligini şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr!». Sebäbi, Garaşsyzlyk millete erkana ýaşamaga, gözel tebigatyna we tebigy baýlyklaryna, ata-babalarynyň ruhy siňen mukaddes topragyna, özboluşly ruhy dünýäsine, milli gymmatlyklaryna eýe bolmaga, özüniň maddy we ruhy güýjüni, ilkinji nobatda, öz bähbitleri üçin peýdalanmaga halkara gatnaşyklarynda aýratyn bir abraýly döwlet hökmünde gatnaşmaga mümkinçilik berýär.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlygymyzy alan ilkinji ýyllarymyzdan başlap, pederlerimiziň kämil ýol-ýörelgelerine esaslanyp, ýurdumyz parahatçylygy, dost-doganlygy dabaralandyrýan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Türkmenistan dünýä bileleşiginde garaşsyz, özygtyýarly we dünýewi hem-de ählumumy ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna eýe bolan döwlet hökmünde Milletler Bileleşiginde özüniň mynasyp ornuny eýeledi.
Hormatly Prezidentimiz Bitaraplygymyz barada şeýle belleýär: «Biziň halkara başlangyçlarymyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly düzümler tarapyndan yzygiderli goldanyp gelinýär. Şeýdip, gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde, dünýäniň geosyýasy giňişliginde «Türkmenistan» atly parlak ýyldyz döredi». Soňky ýyllarda Türkmenistan dünýäde diplomatik gatnaşyklaryny has-da giňeldip, dünýäniň 150 golaý döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar we 50-ä golaý abraýly halkara guramalarynyň agzasy bolup çykyş edýär.
Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň 40 sany diplomatik wekillikleri we konsullyklary işleýär. Ýurduň içinde bolsa daşary ýurt döwletleriniň 35 diplomatik wekillikleri we 13 sany halkara guramalarynyň wekillikleri bar. Bu gün Berkararlygyň we bagtyýarlygyň nyşany bolan Döwlet baýdagymyz asuda türkmen topragynyň her bir künjeginde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňündäki merkezi meýdançada parahatçylyk söýüjilikli nurana keşbi bilen belentde parlaýar. Döwlet tugramyzda milli baýlyklarymyz şöhlelenýär, Döwlet senamyz Garaşsyz Watanymyzda iň buýsançly aýdym bolup ýaňlanýar.
Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşde öz baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda belent sepgitlere ýetdi. Türkmenistanyň ýokary depginde ösýän ykdysadyýeti sebit hem dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar. Türkmenistan ykdysady ösüşiň netijelerini durmuş ulgamyny ösdürmäge, ýurduň geljekki gülläp ösüşini üpjün etmäge ukyply ýokary intellektual we berk bedenli adam maýasyny kemala getirmäge gönükdirýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda belent ösüşler gazanyldy, durmuş maksatly iri taslamalar amala aşyryldy, bilim, saglyk, medeni, ylmy we sport maksatly edaralaryň giň toplumy döredildi.
Hormatly Prezidentimiziň oňyn başlangyçlarynyň netijesinde, milli ykdysadyýetimizi kuwwatlandyrmak boýunça kabul edilýän giň möçberli maksatnamalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Bu babatda döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynyň döwrüň talaplary esasynda kämilleşdirilmegi, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiliginiň döwrebaplaşdyrylmagy, hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy we geriminiň giňeldilmegi, dünýä ülňülerine laýyk gelýän taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi berkarar ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeler syýasatynyň özenini düzýär.
Garaşsyz Watanymyzyň şan-şöhratyny täze mertebä göteren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Maksat SAÝIPOW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi
toparyň edarasynyň baş hünärmeni.