Gadymy Oguz han neslini baky bagtyýarlyga ýetiren hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly, ynsanperwer baştutanlygynda, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan günlerinde dünýä ýaň salýan taryhy wakalara şaýat bolmak bagtyýarlykdan, döwletlilikden nyşandyr.
Alym Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp täze kitabyny halkymyza sowgat bermegi şeýle şatlykly wakalaryň biri boldy. Bu gymmatly eser Garaşsyzlygyň geçen 30 ýylynyň dowamynda ata Watanymyzda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň beýany, türkmen Garaşsyzlygynyň taryhy ähmiýetiniň aýdyň şöhlelenmesi bolup durýar. Şamçyrag bolup, dogry ýol görkezjek bu gymmatly, taryhy kitap şöhratly senä, ýagny Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan özboluşly edebi esere öwrülip, watandaşlarymyzyň arasynda uly seslenmä eýe boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby okyjyny asyrlaryň dowamynda ençeme beýik döwletleri döreden türkmen halkynyň iň täze taryhyna özboluşly syýahata alyp gidýär. Kitapda Garaşsyzlyk hem-de onuň gözbaşlary barada çuň pikir ýöredilip, gazanylan ýeňişleriň, üstünlikleriň we Türkmenistanyň barha artýan halkara abraýynyň özeninde hut döwlet Garaşsyzlygynyň durýandygy ussatlyk, buýsanç bilen beýan edilýär. Şeýle-de, agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň baky bagtyny gazanmak, berkitmek, Watanymyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe, diňe öňe äkitmek ugrunda amala aşyrylan we aşyrylýan işleriň ildeşlerimiziň egsilmez gaýratynyň, joşgunly zähmetiniň netijesidigi baradaky çuňňur many-mazmunly pikirler kitabyň esasy özenini tutýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda dünýäde onlarça döwleti gurupdyrlar. Kuwwatly hem şöhratly türkmen döwletiniň saýasynda adamzat üçin beýik ýol – ýörelgeler kemala gelipdir. Ol döwletlerden soňra asyrlar geçip, ikinji müňýyllygyň ahyrlarynda ata-baba halal topragymyzda döredilen adamzat taryhyna öz şuglasyny saçdy. Şeýlelikde, dünýäniň syýasy kartasynda täze döwlet bolan – Türkmenistanyň öz mynasyp ornuny eýelemegi bilen, taryhymyzda – türkmen halkyň durmuşynda bütinleý täze döwür başlandy».
Garaşsyzlyk bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak beýik düşünjedir, döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň agzybirliginiň we jebisliginiň müdimi binýadydyr. Bu beýik hem-de çuň manyly sözde ata-babalarymyzyň erkin, özygtyýarly, abadan hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamak baradaky iň süýji arzuw-maksatlary, eziz Diýarymyzyň şanly geçmişi, şu güni hem-de beýik geljegi jemlenendir.
Garaşsyzlyk bagty ýürekleriň egsilmez buýsanjydyr, başymyzyň altyn täjidir, onuň ajaýyp waspy umman ýaly egsilmezdir, erkanalyk waspy her säherde Sena bolup ýaňlanyp, aýdyma, saza, esere öwrülip, kalbyň töründe müdimilik orun tutup, ylhamyňy joşdurýar, on iki süňňümize ornap, mizemezlige, ezizlige, bakylyga eýe bolýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp kitabyny uly höwes bilen okanymyzda milleti mertebeleýän, il-ulusy derejeleýän, halky beýgeldýän zatlaryň agramly böleginiň hut Garaşsyzlyk bilen baglydygyna göz ýetirýärsiň.
Bizi ruhubelentlige atarýan gyzyldan gymmatly bu kitabyň «Türkmen halky — döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk eýesi» diýen bölüminde milli özboluşlylygyň hem-de türkmenlere mahsus bolan sabyr-kanagatlylygyň netijesinde, ýaş, özbaşdak döwletiň kemala gelýän döwründe hökman we esasly çözülmegini talap edýän ençeme çylşyrymly meseleleri ýeňip geçmegiň başardandygy tötänden nygtalmaýar. Çünki, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet gurluşy hem-de dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýan durmuş ýörelgeleri halkyň arzuw-islegini we pikirlerini hemişe nazarda tutan parasatly ata-babalarymyzyň köpasyrlyk tejribesine daýanýar.
Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän, halkymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna uly sowgat bolan «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly göwrümli kitap 13 bölümden ybarat bolup, üç dilde neşir edildi. Ol agramly eser diňe türkmen okyjylaryna däl-de, eýsem, Merkezi Aziýada ösüşiň Güneşi bolup, dünýä şugla çaýýan eziz Diýarymyzyň dünýä ýüzündäki muşdaklaryna, bu döwleti ýakyndan tanamak isleýän her bir okyja niýetlenendir.
Hormatly Prezidentimiziň her bir ylmy-edebi eseri türkmen halkynyň ruhy dünýäsini, milli medeniýetini, sungatyny, taryhyny, tebigatyny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda iňňän ähmiýetlidir.
Mukaddes Garaşsyzlygymyza ajaýyp toý sowgady bolan bu kitap halkymyzyň döwletliliginiň — bagtyýarlygynyň aýdyň geljeginiň buşlukçysydyr.
Şeýle ajaýyp eserleri öz mähriban halkyna yzygiderli peşgeş berýän hormatly Prezidentimiziň galamynyň hemişe ýiti, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!