Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz milli buýsanjymyz bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny durmuş-ykdysady, syýasy, medeni ösüşlere, zähmet ýeňişlerine, ruhubelentlige besläp toýlady.
Her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürmäge, eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýän mukaddes Garaşsyzlygymyz ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köpasyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge ýol açdy.
Halkymyzyň aň-düşünjesinde, syýasy, medeni we ruhy durmuşynda uly özgerişler bolup geçdi, halkara hukugynyň demokratik kadalaryna esaslanýan adalatly, döwrebap jemgyýetçilik gatnaşyklary emele geldi.
Arkadag Prezidentimiziň belleýşi ýaly, eziz Diýarymyz adalatyň dabaralanýan ýurdudyr.
Garaşsyzlyk döwletiň, hukugyň we demokratiýanyň ösüşiniň konstitusion ýörelgeleriniň binýadyny emele getirýär. Garaşsyzlyk raýatlaryň mynasyp durmuşda ýaşamagynyň, döredijilik mümkinçilikleriniň artmagynyň we geljekde milli ruhly nesillerimiziň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň esasydyr.
Esasy Kanunymyzyň 1-nji maddasy Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwletdigini beýan etmek bilen, «Döwlet Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goraýar, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün edýär» diýip kesgitleýär.
Hukuk döwleti – ilki bilen döwletde kanunyň hökmürowanlygynyň berkarar edilmegini, jemgyýetiň raýat jemgyýeti derejesinde kämilleşmegini, ynsan mertebesiniň iň ýokary gymmatlyk hökmünde ykrar edilmegini aňladýar. Bu babatda alym Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ylmy-ensiklopedik eserinde: «Adam gymmatlygy hakyndaky düşünje şu zamanyň derwaýys ýörelgesidir. Çünki taryh ýaşaýşyň asyl maksadynyň adamlardadygyny, olaryň durmuşa gatnaşygyndadygyny anyk beýan etdi» diýip parasatlylyk bilen belleýär.
Türkmenistan Watanymyzda garaşsyzlyk döwründe milli döwlet gurluşy kemala geldi. Bu gurluş öz gözbaşyny 1990-njy ýylyň 29-njy awgustynda kabul edilen özygtyýarlylyk hakyndaky Jarnamadan alyp gaýdýar. Döwlet özygtyýarlylygy hakyndaky Jarnama Türkmenistan döwletimiziň özygtyýarlylygynyň, garaşsyzlygynyň hem-de içeri we daşary syýasatynyň esas goýujy ýörelgelerini berkidýän we ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň ilkinji hukuk binýady bolup şöhlelenýär.
Garaşsyz Türkmenistanyň döremeginde esas goýujy wajyplyga eýe bolan bu resminama 1991-nji ýylda Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakyndaky Türkmenistanyň konstitusion kanunynyň kabul edilmegi üçin zerur bolan syýasy hukuk şertleri döretdi.
Geçen asyryň ahyrlarynda, ýagny 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda bolsa, türkmen halky özüniň täze durmuşy gurmagyň, berkararlygy we ýurt rowaçlygyny üpjün etmegiň ýoluny taryhy resminamada – Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan etdi. Konstitusiýa özygtyýarly ýaş döwletiň berkarar bolmagynda, syýasy, ykdysady hem-de ýaşaýyş-durmuş özgertmeleriniň amala aşyrylmagynda uly hyzmatlary bitirdi. Ol türkmen halkynyň kalbynda beslän isleg-arzuwlaryny, şonuň ýaly-da azatlyk we döwletiň demokratik gurluşy baradaky düşünjelerini özünde jemledi.
Döwlet özygtyýarlylygynyň milli ýörelgeleri, Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda we halkara hukugyň beýleki kadalarynda göz öňünde tutulan hukuklary we azatlyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mazmunynda öz beýanyny tapýar.
Mähriban Prezidentimiziň jaýdar nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň Garaşsyzlygy we hemişelik Bitaraplyk syýasaty, döwletimizde höküm sürýän parahatçylyk we raýat agzybirligi, demokratiýanyň we kanunyň ileri tutulmagy halkymyzyň parahat we abadan durmuşyny üpjün edýän esaslardyr.
Döwlet Baştutanymyzyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine dünýä bileleşigi bilen netijeli strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden öňe sürýän başlangyçlary yzygiderli goldanylyp gelinýär. Munuň özi, Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde halkara gatnaşyklaryny goldaýandygyny, parahatçylygyň we abadançylygyň belent maksatlarynyň bähbidine bilelikde işlemäge, BMG-niň öňünde durýan wezipelerini amala aşyrmaga taýýardygyny görkezýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurtda syýasy durnuklylygy, jemgyýetçilik asudalygyny gazanmak baradaky ynsanperwer başlangyçlarynyň döwlet Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmakda örän uly ähmiýeti bardyr we mukaddes Garaşsyzlyk biziň baky bagtymyzdyr.
Garaşsyzlykdan galkynyp, ykbaly arşa göterilen türkmen halkyny ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýan milli Liderimiziň beýik başlangyçlarynyň, uly tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini, janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň hemişe belent bolmagyny arzuw edýäris.
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.