Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar innowasion we tehnologiki esasda yzygiderli hem-de döwrebap derejede ösdürilýär. Çünki, innowasion tehnologiýalar häzirkizaman dünýäsiniň ösüşiniň aýrylmaz bölegidir.
Indi bolsa «Sanly ulgam» diýlen düşünjäniň nämeden ybaratdygy barada durup geçeliň! Ösüşiň çäksiz mümkinçiliklerini üpjün etmek bilen aragatnaşyk we kompýuter tehnologiýalaryny öz içine alýan, ähli maglumatlary ýygnamaga, saklamaga, gaýtadan işlemäge hem-de torlaryň üsti bilen bir ýerden başga ýere geçirmäge giň şert döredýän tehnologiýalara «Sanly ulgam» diýilýär.
Alym Arkadagymyz «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy» atly kitabynyň birinji jiltinde ykdysadyýeti düýpli ösdürmek üçin kämil ylmyň gerekdigini, innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmalydygyny pähim-parasatlylyk bilen belleýär.
Dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda orun tutan ata Watanymyzda innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» aýratyn ähmiýete eýe boldy. Konsepsiýa boýunça öňde goýlan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Konsepsiýany durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmakda uly netijeler gazanyldy.
Sanly ulgamyň işini kadalaşdyrmagyň çäklerinde, 2020-nji ýylyň 14-nji martyndan elektron resminama, elektron resminamalaryň dolanyşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýän hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.
Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň ösüşlerine laýyk gelýän, kämil kanunlar bilen berkidilen milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan möhüm işler kesgitlenen meýilnama laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ähli pudaklary sanly ulgama geçirmek, olara öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak wezipeleriniň ýerine ýetirilmegi netijesinde ykdysadyýetde, ýaşaýyş-durmuşda we syýasatda möhüm ilerlemeleri görmek bolýar. Häzirki döwürde innowasiýalara esaslanýan sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak ykdysady ösüşi gazanmagyň hereketlendiriji güýjüne öwrüldi we durmuş ulgamlaryna oňyn täsirini ýetirip başlady. Bu bolsa, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň maglumat giňişligine üstünlikli goşulyşýandygyny doly äşgär edýär.
Sanly ulgam barada bellenilip geçilen bu üstünlikleriň netijesinde, dünýewi we hukuk döwletimiziň saýlaw ulgamynda hem oňyn tejribeler toplanylýar. Elbetde, saýlawlar hem döwletimiziň syýasy ösüşiniň aýrylmaz bölegidir.
Milli Liderimiziň saýlawlary guramaçylykly geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryndan, tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň hünärmenleri hem dünýä döwletleriniň saýlaw ulgamynyň işini we olaryň tejribesini yzygiderli öwrenýärler. Ýurdumyzyň saýlaw ulgamynyň işinde hem sanly ykdysadyýete hemmetaraplaýyn taýýarlykly geçilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Indi bolsa, saýlawlar baradaky habarlary sanly ulgam arkaly ilatyň dykgatyna ýetirmegiň görnüşlerini kämilleşdirmek babatynda amala aşyrylýan işlere ser salalyň!
Bu babatda ilki bilen Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň internet sahypasynyň (saylav.gov.tm) döredilendigini bellemek bolar. Saýlawlar baradaky ähli habarlar web-saýtda türkmen, iňlis, rus dillerinde yzygiderli ýerleşdirilip, öz wagtynda ilatyň dykgatyna ýetirilýär.
Ýene-de bir mysal hökmünde, saýlawlar güni Aşgabat şäherindäki we welaýatlarymyzdaky saýlaw uçastoklarynyň onlarçasynda wideo kameralar gurnalyp, saýlawçylaryň ses berişleriniň internet arkaly Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň web-saýtynda online (göni ýaýlym) tertibinde ilata görkezilýändigini nygtamak bolar. Bu tejribe ilkinji gezek, 2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen Parlamentiň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda ýola goýuldy hem-de beýleki geçirilen saýlawlarda-da ulanyldy. Diýmek, biziň ýurdumyzda geçirilýän demokratik saýlawlara türkmen jemgyýeti bilen bir hatarda dünýä ýüzi internet arkaly göni ýaýlymda syn edip bilýär. Bu bolsa ýurdumyzda saýlawlaryň aýanlykda we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilýändigini görkezýär.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramak hakynda Düzgünnama» hem-de «Türkmenistanyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölümi tarapyndan maglumat howpsuzlygy barada düzgünnama taýýarlanyldy. Düzgünnamada Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň maglumat howpsuzlygyny we onuň goraglylygyny gündelik tertipde hem-de ýakyn geljekde üpjün etmegiň tertibi beýan edilýär.
Kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasyndan we ony ýerine ýetirmegiň 2017-2021-nji ýyllar üçin meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek maksady bilen, bellenilen işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda kabul edilen Türkmenistanyň «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Kanunynyň uly ähmiýeti bardyr. Bu resminama ýurduň özbaşdaklygyny, bähbitlerini goramaga, internet ulgamynda howpsuzlygyň wehiminiň öňüni almaga, jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň, guramalaryň we raýatlaryň kanuny hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Şeýlelikde, mundan beýläk-de saýlawlar bilen bagly işlerde sanly ulgamy ösdürmegiň tejribeleri yzygiderli öwrenilýär.
Şular ýaly ýokary ösen innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarmagymyz üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, ähli tutumly başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.
Merdan Halbaýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň
Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.