TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

ÖSÜŞIŇ MILLI NUSGASY

Gojaman Zeminiň goýnunda ýaşap geçen ata-babalarymyzyň guýma-gursak hoşniýetlilik, wepadarlyk häsiýetleri biziň üçin mukaddeslikdir we gyzyldan gymmatly mirasdyr. Merdana pederlerimiziň «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýip aýdyşlary ýaly, hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty netijesinde, ata-babalarymyzyň gadymy ýörelgeleri häzirkizaman ösen dünýäniň talaplary bilen sazlaşykly dowam etdirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan ynsanperwerlik, dost-doganlyk, ynanyşmak ýaly asylly ýörelgelere eýerýän umumadamzat ähmiýetli daşary syýasaty Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan goldaw tapdy. Muňa mysal edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň yglan etmegi bilen, 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýändigini uly buýsanç bilen, aýratyn bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen hem-de BMG-ä agza döwletler tarapyndan biragyzdan goldanylan bu teklip häzirkizaman dünýäsinde, halkara gatnaşyklar ulgamynda gaýragoýulmasyz zerurlyk hökmünde öňe çykdy.

Dünýäde parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň Watany hökmünde tanalýan eziz Diýarymyz parahatçylygy berkitmek, halklar arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak babatda anyk başlangyçlar bilen çykyş edýär. Milli Liderimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde oňyn seslenme tapýar. Ähli ugurlarda ösüşlere beslenýän, uly ykdysady kuwwata eýe bolan döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatyna dünýäde giň­den gyzyklanma bildirilýär. Muny hormatly Prezidentimiziň «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň žurnalisti bilen söhbetdeşligi hem aýdyň görkezýär. Bu söhbetdeşligiň barşynda milli Liderimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň geljegi, eziz Diýarymyzyň Bitaraplyk derejesi hakda hem gürrüň berdi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmäge, onuň dünýäniň ykdysady gi­ňişligine goşulyşmagyna gönükdirilen maksatnamalar amala aşyryldy.

Bu gün biz ýurdumyzda täze senagat düzümine esaslanan jemgyýeti döretmegiň ýoly bilen öňe barýarys. Şonuň bilen birlikde milli ykdysadyýetiň energetika, ulag, aragatnaşyk, obasenagat toplumy, maliýe-bank ulgamy ýaly, beýleki strategik ugurlaryny hem ösdürýäris.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kuwwatly durmuş syýasatynyň ösüş ýolumyzyň tapawutly aýratynlygyna öwrülendigini belledi. Mälim bolşy ýaly, döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göteriminden gowragy durmuş hajatlaryna, adamlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde täze ýaşaýyş jaýlary, mekdepler we çagalar baglary, saglygy goraýyş desgalary yzygiderli gurulýar. Gahryman Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyrylýar.

Dokma senagatynyň önümleri dünýä bazarlaryna çykarylýar. Oýlanyşykly döwlet syýasaty netijesinde ýurdumyzda azyk howpsuzlygy gazanyldy. Milli Liderimiziň ylmy-tehnologik ösüş üçin zerur şertleri döredip bermegi netijesinde Ýeriň milli emeli hemrasy älem giňişligine çykaryldy. Netijede, dünýä ölçeglerine laýyklykda, aragatnaşyk-telekommunikasiýa ulgamyny ýola goýmak üçin uly mümkinçilikler peýda boldy.

Ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny giň­den sanlaşdyrmak işi batly depginde dowam edýär. Bu babatda işler maksatnamalaýyn esasda, tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Türkmenistan döwletimiz jemi içerki önümi­ň ösüş depgini boýunça dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna girýär. Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, döwletimiz dünýäniň ortaça ösen ýurtlaryndan ýokary girdejili döwletleriň hataryna çykdy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasatynyň netijesidir. Golaýda hormatly Prezidentimiziň «Mir» döwletara teleradiokompaniýasynyň altyn nyşany bilen sylaglanylmagy eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygynyň nobatdaky beýany boldy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan günlerinde, ýagny şu ýylyň 25-nji sentýabrynda ge­çi­ril­en Türk­me­nis­ta­nyň Halk Masla­ha­ty­nyň mejlisinde mähriban Prezidentimiziň ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny alanyndan bäri geçen 30 ýylyň içinde ähli ugurlarda gazanylan uly ösüşler, üstünlikler baradaky anyk delillere esaslanýan çuň manyly çykyşy-da kuwwatly türkmen döwletiniň ýeten belent sepgitlerini bütin dünýä äşgär etdi.

Ägirt uly  mümkinçiliklere eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy demokratik ýörelgelere esaslanýan beýik ösüşleriň mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

 

Jennet Saparowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi 
toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.