Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly, ynsanperwer baştutanlygynda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe toýy-toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara beslenýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň taryhy senesiniň şöhrata beslenýän ýylynda ýene bir döwletli başlangyç durmuşa geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bilen, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanmaga berilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň taslamasyny düzmek we gurluşygyny amala aşyrmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşme-siniň agzasy bolup durýan «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine tabşyryldy. Umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan, uzynlygy 600 kilometre golaý bolan, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde gurlan çatrykdan başlaýan bu ýokary tizlikli awtomobil ýoluna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Bu taslamany üç tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirildi. Häzirki wagtda, ýagny, 1-nji tapgyrynyň Aşgabat — Tejen aralygynyň gurluşygy doly ýerine ýetirildi. Ýokary tizlikli ýoluň 2-nji tapgyryny (Tejen — Mary aralygy) 2022-nji ýylda, 3-nji tapgyryny (Mary — Türkmenabat aralygy) bolsa 2023-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.
Bagtyýarlyk döwründe bu uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi ata-babalarymyzyň ýol, köpri gurmak ýaly sogap işleriniň dowamat-dowamdygynyň, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşleriniň aýdyň mysalydyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde paýhasly pederlerimizden gelýän şeýle sogaply işlere aýratyn ähmiýet berilmegi, asylly ýörelgelere eýerilmegi we olaryň döwrüň ruhuna laýyklykda kämilleşdirilmegi biziň her birimizi begendirýär, guwandyrýar. Şeýle uly taslamalaryň amala aşyrylmagy döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Ýoluň uzynlygy 203 kilometr bolan 1-nji tapgyrynyň, ýagny, Aşgabat — Tejen aralygynyň gurluşygynyň üstünlikli tamamlanmagy Diýarymyzda ulag diplomatiýasynyň üstünlikli ösýändigini aýdyň görkezýär.
Awtobanlar tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň esasy aýratynlygy onuň ýokary tizlikli hereket üçin niýetlenendiginden ybaratdyr. Şoňa görä-de, bu ýokary tizlikli ýol beýleki ýollar, şol sanda awtomobil ýollary ýa-da welosiped ýodajyklary bilen kesişmeýänligi bilen hem tapawutlanýar.
Ýokary tizlikli ýolda tehniki hyzmatlar üçin awtomobil hyzmat merkezleriniň 10-sy meýilleşdirildi. Şeýle-de ýoluň ugrunda döwrebap enjamlaşdyrylan gözegçilik, aragatnaşyk we dolandyryş ulgamy, uly we kiçi töleg terminallary ornaşdyryldy. Şeýle hem ýol gözegçilik gullugynyň nokady, dynç almak üçin niýetlenen meýdançalar ýerleşýär. Ýol hereketi awtomatik ulgam arkaly dolandyrylýar. Bu ulgamyň çäklerinde ýokary tizlikli awtomobil ýol gözegçilik gullugynyň esasy maglumatlary iberiler we ýatda saklanar. Bu işler ýapyk aýlawly teleýaýlym ulgamy arkaly ýerine ýetiriler. Şeýle hem şol ýere meteorologiýa bekedinden ýoluň çyglylygy, görüş aralygy baradaky we beýleki maglumatlar iberiler. Gurluşygyň meýilnamasyna laýyklykda, ýoluň ugrunda dürli ölçegdäki suw geçirijileriň 76-sy, mallary geçirmek üçin ötükleriň 10-sy, oba hojalyk tehnikalary üçin ötükleriň 17-si guruldy. Demir päsgelçilik germewi hem-de daşky gorag gözenegi çekildi.
Awtoban alty hereket zolagyndan ybaratdyr. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metr, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metrdir. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin halkara standartlaryna laýyk çyzgylar çyzylyp, ýol belgileri ýerleşdirildi. Munuň özi dünýäde şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär
Şeýlelikde, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň üstünlikli ulanylmaga berilmegi Türkmenistanda halkara ähmiýetli üstaşyr ulag düzüminiň çalt kemala gelýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bu awtomobil ýoly ýurdumyzdaky ulag taslamalarynyň iň irileriniň biridir. Şol taslamanyň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köp şahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Bu ýol ýurdumyzyň logistika ulgamyny, işewürligi hem-de döwletimiziň tutuş halkara gatnaşyklar ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly wezipeleri çözmekde uly ähmiýete eýedir.
Ýokary tizlikli awtomobil ýoly Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döreder. Şunuň bilen baglylykda, goňşy Özbegistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna we şol ýerden, deňiz ýoly arkaly, Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder.
Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň doly açylyp, ulanylmaga berilmegi netijesinde bolsa, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşip, Gündogar bilen Günbataryň siwilizasiýalaryny baglanyşdyran ýurdumyzda ulaglaryň dürli görnüşleri boýunça gatnaşyklary ösdürmekde bu ak ýollaryň uly ähmiýeti bolar.
Goý, ata Watanymyzy, mähriban halkymyzy dost-doganlygyň, rowaçlygyň, parahatçylygyň röwşen ýoly bilen ösüşlerden ösüşlere alyp barýan hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi
toparyň edarasynyň sekretar-referenti.