TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

TÜRKMEN BITARAPLYGY — HALKARA YKRARNAMASY

Täze taryhy eýýamda  12-nji de­kabr türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan mö­hüm se­ne­le­riň bi­ri­dir. Çünki, 26 ýyl mundan öň, 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­rynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 50-nji mej­li­sin­de 185 döw­le­tiň golda­ma­gyn­da «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma ka­bul edil­di. 2015-nji ýy­lyň 3-nji iýu­nyn­da bol­sa, Bir­le­şen Mil­let­ler Gura­ma­synyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 69-njy mej­li­sin­de «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hukuk ýagdaýy» ha­kyn­da­ky Ka­rar­na­ma­sy 193 döwlet ta­rapyn­dan ikin­ji ge­zek ka­bul edil­di.

Türkmenistan – Garaşsyz, Bitarap ýurt, Merkezi Aziýa sebitinde depginli ösýän döwlet. Ol ägirt uly tebigy baýlyklara, önümçilik kuwwatlyklaryna, giň ýaýbaňlandyrylan ulag-aragatnaşyk ulgamyna eýe boldy. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly agzasy hökmünde halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutýar, dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni we hukuk giňişliginde Bitarap döwlet hökmünde parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik taglymatlaryny öňe sürýär. Sebitde, dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak we goldamak, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ösdürmek babatda halkara tagallalaryny goldaýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýol­baş­çy­ly­gyn­da dö­re­di­ji­lik­li da­şa­ry syýa­sy ug­ry ama­la aşyr­ýan döw­le­ti­mi­z bütin dünýäde giňden tanalyp, parahatçylyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýörelgelerini, özara bähbitli gatnaşyklary ileri tutýan, olaryň netijelerini umumyadamzat bähbitlerine gönükdirýän ýurt hökmünde dünýä ýüzünde ähmiýetli orny eýeleýär.

2017-nji ýy­lyň few­ra­lyn­da Türk­me­nis­ta­nyň başlan­gy­jy  bo­ýun­ça   BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan 12-nji de­kab­ryň Hal­ka­ra Bitarap­lyk gü­ni di­ýip, res­mi taý­dan yg­lan edilme­gi buýsançly wakalaryň birine öw­rül­di.

Bi­ta­rap ýurt hök­mün­de öz borç­la­ry­na gy­şar­nyk­syz eýer­ýän Türkmenis­ta­nyň yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş hök­mün­de ab­ra­ýy­nyň artma­gyn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň ähmi­ýe­ti bi­möç­ber­dir. Hor­mat­ly Prezidenti­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejli­sin­de «2021-nji ýyl — Halka­ra parahatçylyk we yna­nyş­mak ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi Türk­me­nista­nyň parahatçy­ly­gyň ber­ka­rar bol­ma­gy ug­run­da­ky tagallalary­ny bü­tin dün­ýä äş­gär et­di. Hemişelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan dün­ýä­de parahat­çy­ly­gyň, abadançylygyň pug­ta­lan­dy­rylma­gyn­da uly tejri­be top­la­dy. Paýtagtymyzda BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa­da Öňü­ni alyş diplo­ma­ti­ýa­sy boýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň döre­dil­me­gi hem hut şu be­lent mak­sat­lar­dan ugur al­ýar. Ata-babalarymyzyň asyl­ly ýörel­ge­le­ri­ne esaslanyp, hal­ky­myz asyr­la­ryň dowamyn­da beý­le­ki halk­lar bi­len dostlukly gatna­şyp, öza­ra yla­la­şyk­la­ry ber­ki­dip­dir­.

Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukugyna eýe bolmagyna 26 ýyl dolýar. Hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzyň baky bagtydyr. Bu bagtyň aňyrsynda bolsa, ata-babalarymyzyň yhlasy, geçmişimize bolan buýsanjymyz, ýurdumyzyň ýagty geljegi bar. Türkmen halkynyň at-abraýyny belende göteren hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ata-babalarymyzyň parahatçylyga, demokratik kadalara esaslanýan ýörelgeleriniň dowamatydyr.

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolynyň ýüregi»  atly kitabynda hemişelik Bitaraplygyň tämiz ýörelgeleri çeper ýordumlaryň üsti bilen beýan edilýär. Kitapda: «Beýik Ýüpek ýoly yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Türkmenistan bu halkara söwda-medeni ýolunyň ýüregi – hereketlendiriji güýji hökmünde taryhyň sahnasynda esasy orny eýeledi»  diýip bellenilýär. Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi halklaryň arasyndaky dostlukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebiti parahatçylygyň, raýdaşlygyň, özara peýdaly hyzmatdaşlygyň hem-de durnuklylygyň sebitine öwürmäge ýardam edýär.

Gözel paýtagtymyzda ýerleşýän ýadygärlikleriň biri bolan Bitarap Türkmenistan şaýolunda ýerleşýän, alyslardan lowurdap görünýän Bitaraplyk binasy ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň binagärlik sungatyndaky aýdyň şöhlelenmesidir. Bitaraplyk binasynyň beýikligi 83 metr, heýkeliň beýikligi 12 metr bolup, jemi 95 metrdir. Bu sanlar döwletimiziň Bitaraplyk derejesine eýe bolan senesini - 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryny aňladýandyr.

2021-nji ýyl – «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy uludan toýlanyp, bellenip geçildi. Mundan başga-da, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilip, zähmet ýeňişleri gazanyldy. Şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň saýlaw ulgamynda hem bellärlikli wakalaryň biri boldy. Ýurdumyzyň Parlamentiniň iki palataly ulgama geçmegi bilen,  şu ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary guramaçylykly geçirildi.

Türkmen topragynda Halkara Bitaraplyk güni her ýyl dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Goý, toý-baýrama beslenen Diýarymyz güllesin, össün. Hormatly Prezidentimiziň başy dik, jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy Bitaraplygymyzyň  şanly 26 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

                                  

Maksat Saipow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň edarasynyň baş hünärmeni.