Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe il-ulsumyzyň kalbynda Bitaraplyk mukamy belent ýaňlanýar. Bitaraplyk düşünjesi tutuş dünýäde parahatçylygyň ykrar edilmegine ymtylyş bilen manydaşdyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde 185 döwletiň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Kararnamanyň kabul edilen güni ýagny, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry türkmen halkynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan möhüm seneleriň birine öwürdi. Şol günden soň «Bitaraplyk» sözi biziň dilimize, kalbymyza hemişelik ornady. «Bitaraplyk» sözi «Bagt» bilen manydaş söze öwrüldi. Türkmen Bitaraplygy döwletleriň we halklaryň arasynda dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmegiň, netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň oňyn guraly hökmünde ykrar edildi.
2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk» hukuk ýagdaýy hakyndaky Kararnama 193 döwletiň biragyzdan goldamagy netijesinde ikinji gezek kabul edildi. Şeýdip Türkmenistanyň ady Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan dünýäde ykrar edilen ilkinji we ýeke-täk Bitarap döwlet hökmünde dünýä doldy. Mälim bolşy ýaly, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirip, ýurdumyz halkara guramalary, dünýäniň döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary saklaýar.
Häzirki wagtda dünýäde ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Bu barada BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylda geçirilen 76-njy mejlisinde aýratyn bellenip geçildi.
Parahatçylyk söýüjilik, beýleki döwletleriň içerki işine gatyşmazlyk, olaryň özygtyýarlylygyna hormat goýmak, halkara harby guramalara we şertnamalara gatnaşmazlyk, deňhukukly, özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklary milli Liderimizi Bitaraplyk syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň jogapkärli uzak möhletleýin hyzmatdaşy, öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ygrarly ýurt hökmünde ykrar edilen Türkmenistan Merkezi Aziýada parahatçylygyň hyzmatdaşlygyň berkidilmegi ugrunda edilýän halkara tagallalara işjeň gatnaşýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynda BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi milli Liderimiziň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde gazanan uly üstünlikleriniň biridir. Bu Kararnama döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda, özara düşünişmegiň we hyzmatdaşlygyň esasynda tagallalary birleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Hawa, Bitaraplyk — bagtymyzyň gözbaşy. Bitaraplyk — baky parahatlyk, rowaçlyk we bagtyýarlyk. Bizi bagtyýarlygyň gujagynda ösüşlerden-ösüşlere, röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Aýna Saryýewa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň arhiwçisi.