Dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, ynsanperwerligi, agzybirligi, durnukly ösüşi öňe sürýän hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz özüniň syýasy durmuşynda dünýäde ykrar edilýän demokratik ýoluny saýlap aldy. Biziň ajaýyp mekanymyz asudalygyň hem bagtyýarlygyň, erkinligiň hem demokratiýanyň ýurdudyr.
Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary bilen ata Watanymyz gün-günden gülleýär, gül açýar, kämilleşip, beýik derejelere ýetýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her günki ösüşleri nusgalykdyr. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçip barýan 2021-nji ýyl hem ençeme syýasy, ykdysady, medeni wakalara, toý-dabaralara beslenýär. Agzybir türkmen ili her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk gününi hem ruhubelentlik bilen belläp geçýär. Çünki, Bitaraplyk parahatçylygyň we durnukly ösüşiň ygtybarly kepilidir hem-de Türkmenistanyň halkara arenasyndaky hereketiniň işeňňirliginiň esasy häsiýetini kesgitleýän düýpli ýörelgesidir.
Bitaraplyk türkmen halkynyň ata-baba ýol-ýörelgesi bolup, asyrlar bäri dowam edip gelýän bu taglymat halkymyzyň aňynda müdimilik orun tutandyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 2-nji maddasynda kesgitlenendir.
Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň çäklerinde, milli Liderimiz tarapyndan «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygary öňe sürlüp, Türkmenistan syýasy, ykdysady, energetika, ekologiýa we ynsanperwer meseleleri ýaly, ösüşiň dürli ugurlary boýunça netijeli gepleşikleriň mundan beýläk-de hoşniýetlilik bilen alnyp barylmagyna Milletler Bileleşiginiň ünsüni çekýär. Şonuň netijesinde bolsa, hyzmatdaşlyk babatynda diňe parahatçylygy dörediji taslamalaryň islendik ýurdy we bütin adamzady ösüşiň ýagty geljegine alyp barýan köprüleriň ygtybarly sütünleri bolup biljekdigini dünýä äşgär edýär.
Hormatly Prezidentimiz «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Türkmen Bitaraplygy – bu parahatçylygyň ýoludyr, biziň planetamyzyň ähli halklarynyň dostluk we doganlyk ýoludyr. Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, bütindünýä bileleşiginiň gymmatlygydyr» diýip belleýär. Mähriban Prezidentimiziň «Türkmenistan durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly gymmatly kitabynda hem biziň parahatçylyga, hoşniýetli hyzmatdaşlyga esaslanýan ösüş ýolumyz baradaky taglymatlar iňňän paýhaslylyk bilen beýan edilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Rezolýusiýanyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bolsa gaýtadan kabul edilmegi, hormatly Prezidentimiziň umumadamzat bähbitli başlangyçlary esasynda, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýanyň we beýleki öňe sürlen degişli teklipleriň biragyzdan kabul edilmegi Bitaraplyk syýasatynyň «Türkmen nusgasyny» kemala getirdi.
Bitaraplyk derejesi ýurdumyza ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde belent abraýa eýe bolmagyna, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, türkmen jemgyýetiniň ruhy-medeni durmuşynda uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berdi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty parahatçylygyň, ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrüldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berdi. Türkmenistan gysga wagtda halkara arenasynda özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde özüni tanatdy. Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde we ylalaşdyryjy merkez hökmünde 26 ýylda bitiren hyzmatlary ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da beýgeltdi.
Türkmenistan goňşy döwletler bilen hem-de dünýädäki ähli ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary saklaýar. Türkmenistanyň sebitde ýüze çykýan dawalaryň öňüni almakda we çözmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde işlemek tejribesi bardyr.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýy has-da artyp, onuň sebitde we dünýäniň dürli yklymlarynyň döwletleri bilen bähbitli gatnaşyklary täze derejelere ýetdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrýan umumadamzat bähbitli tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli, sebit we dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Maksatmyrat GELDIÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.