Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel Diýarymyzyň seneleri toýdur baýramlara, ýatdan çykmajak şatlykly wakalara beslenip, merdana halkymyzyň kalbyny joşdurýar.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem şanly wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Ata Watanymyzyň ýüregi, ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyryl-magynyň 140 ýyllygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramy agzybirlikde, ruhubelentlikde, şatlyk-şowhun bilen uludan toýlanyldy.
2021-nji ýyl ýurdumyzyň taryhynda durmuş-ykdysady, syýasy, medeni ösüşlere, zähmet ýeňişlerine, belent sepgitlere ýetilen ýyl bolup hakydamyzda galar. Bu ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşlerine, belent maksatlara gönükdirilen giň möçberli işler ähli türkmenistanlylarda egsilmez güýji, ruhubelentligi döredip, ata Watana bolan beýik söýgini dabaralandyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda döwrüň sebit we ählumumy meselelerini çözmekde ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli we ynsanperwer syýasaty halkara derejesinde barha rowaçlanýar. Munuň şeýledigine, şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň, şeýle hem noýabr aýynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň guramaçylykly geçirilmegi hem döwletimiziň halkara abraýynyň artýandygyny ýene bir gezek tassyklady.
Şu ýyl ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, köp sanly durmuş we önümçilik maksatly binalardyr desgalaryň ençemesi gurlup, ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda dünýä ölçeglerine kybap gelýän, iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze dokma toplumlaryny, şeýle-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 1-nji tapgyrynyň —uzynlygy 203 kilometr bolan Aşgabat — Tejen aralygynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem bellenilmäge mynasyp taryhy wakadyr.
Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuş we önümçilik maksatly ýüzlerçe desganyň gurluşygy ýokary depgin bilen dowam edýär.
Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz döredijiligiň we üstünlikleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna oňaýly täsirini ýetirip, geljege ynamyny has-da berkidýär. Diýarymyzyň sebitlerinde müňlerçe bagtyýar maşgalalar öz mukaddes ojaklarynda jaý toýlaryny toýladylar.
Eşretli durmuşyň, bagtyýar zamananyň ruhy joşguny halkymyzy yhlasly zähmet çekmäge, döredijilikli iş alyp barmaga ruhlandyrýar. Şonuň üçin-de Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir ýyly ýokary zähmet üstünlikleri, oňyn netijeler bilen jemlenilýär.
Arkadag Prezidentimiziň oba zähmetkeşleri barada edýän aladasynyň netijesinde, tamamlanyp barýan ýylda zähmetsöýer daýhanlarymyz hem galla we pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý etdiler. Şeýle-de, miwe, gök-bakja önümlerini öndürijiler hem bol hasyl ösdürip ýetişdirip, milli ykdysadyýetimiziň berkemegine mynasyp goşantlaryny goşdular.
Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça işler hem ýokary depginler bilen alnyp barylýar.
Elbetde, döwletimiziň syýasy ösüşinde demokratik esaslarda geçirilýän saýlawlaryň hem aýratyn ähmiýeti bardyr. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Parlamentiniň iki palataly ulgama geçmegi bilen, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary demokratik kadalar esasynda guramaçylykly geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň öz halkyna bolan çäksiz söýgüsi, umumadamzat ähmiýetli çekýän zähmeti ata Watanymyzy beýgeldip, Diýarymyzy bagtyýarlygyň ýurduna öwürdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan ösüşleriň, gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary durandyr.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça her ýyla mynasyp at berilmegi asylly däbe öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki zaman ösüşiniň möhüm tapgyrlaryna aýratyn ünsi çekmäge mümkinçilik berýär, her ýylyň ähmiýetli wakalara beslenmegine giň ýol açýar. Halkymyzyň abadançylygyny, ýaş nesliň Watanymyza buýsanjyny, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny has-da artdyrýar.
Asylly däbe eýerilip, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi bagtyýar zamanany esaslandyran we halkymyzy hem-de Watanymyzy täze belent sepgitlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza bildirilýän belent hormatyň aýdyň nyşanydyr.
Ýurdumyzyň taryhynda müdimilik galjak 2021-nji ýyl tamamlanyp barýar. Döwletli, döwranly zamanamyzda, merjen şäherimiz Aşgabadyň hem-de welaýatlarymyzyň Täze ýyl lybasyny geýnip, dürli reňkli baýramçylyk yşyklaryna beslenip, şöhle saçyp durmagy uly baýlykdyr, bagtyýarlykdyr.
Täze ýylymyzyň hem ösüşleriň ýyly boljakdygyna tüýs ýürekden ynanýarys. Şeýle ajaýyp zamanada ýaşamak her bir türkmenistanly üçin uly bagtdyr.
Bagtyýar durmuşy peşgeş beren hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzyň çägi ýokdur.
Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Goý, «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip yglan edilen 2022-nji Täze ýyl her bir öýe şatlyk paýlasyn, bagt getirsin, ojaklaryň berekedi artsyn! Watansöýüjiligiň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun! Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaç almagyny arzuw edýäris.
Täze — 2022-nji ýylyňyz düşümli ýyl bolsun!
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala
salşyklary geçirmek boýunça merkezi
toparyň edarasynyň sekretar-referenti.