TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

DEMOKRATIK ÝÖRELGELER DABARALANÝAR

Saýlawlar raýat hukuklarynyň üpjün edilmeginiň we jemgyýetiň demokratiýalaşmagynyň esasy çeşmesi bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrebap demokratik özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz döwletiň we jemgyýetiň ähli ugurlarynyň üstünlikli kämilleşdirmeginiň, täze kanunçylyk resminamalaryny işläp taýýarlamagyň möhümdigini hemişe üns merkezinde saklaýar. Milli kanunçylyklarymyzy döwrebap derejede kämilleşdirmek işleri halkara derejesinde toplanan tejribelerden we ata-baba dowam edip gelýän milli däp-dessurlarymyzdan, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzdan ugur alnyp  amala aşyrylýar.

Milli Liderimiz «Garaşsyz ýurdumyzyň milli kanunçylyk ulgamyny Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze talaplaryna laýyk getirmek ata-babalarymyzyň miras galan adalatlylyk, deňlik we ynsanperwerlik ýörelgelerimize esaslanmalydyr. Hut şol ýörelgeler hem biziň içeri we daşary syýasatymyzyň binýady bolup durýar» diýip belleýär. Hut şu sözler hem häzirki wagtda döwletimizde halk häkimiýetliliginiň esasyny kesgitleýän, demokratik başlangyçlardan ugur alýan raýat jemgyýetiniň berkarar edilmegine uly ähmiýet berilýändigini tassyklaýar.

Alym Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda eziz diýarymyzy gülledip ösdürmekde, onuň syýasy, ykdysady we medeni taýdan öňe gitmegini üpjün etmek babatynda giň gerimli işler, milli meýilnamalar, maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz sebitde we dünýä giňişliginde ynsanperwerligiň, demokratiýanyň dabaralanýan, adalatlylygyň ýurdy hökmünde tanalýar.

Ykdysady ösüşiň häzirki şertlerinde jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ýurdumyzyň saýlaw ulgamynyň işiniň hem häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede ösmegini üpjün etdi.

Saýlawlar diňe bir günüň wakasy däldir. Saýlawlary geçirmek üçin öňünden ençeme taýýarlyk işleri görülýär. Saýlanylan wekiller bolsa, saýlawlardan soň öz ygtyýarlyk möhletiniň çäklerinde halkyň ykbalyna täsir edýärler. Munuň özi döwletiň syýasy ösüşinde saýlawlaryň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyl mundan ozal binýadyny goýup giden demokratiýasynyň esaslary ýolbaşçylaryň saýlawlylygyny, her bir adamyň erk-islegini erkin beýan etmegini aňladýar. Bu meseleleriň ählisi biziň däp-dessurlarymyzda we kada-kanunlarymyzda öz beýanyny tapýar. Saýlawlar ýurdumyzda guramaçylykly we tertip-düzgüne laýyklykda geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzda saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine, umumy ykrar edilen halkara kadalaryna laýyklykda, aýanlykda, milli demokratik ýolumyz esasynda guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan iň bir wajyp wezipedir. Milli Liderimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli döwlet syýasatynyň netijesinde, Türkmenistanda saýlaw ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, raýatlaryň esasy hukuklarynyň biri bolan saýlaw hukugyny durmuşa geçirmegiň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Saýlaw kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirilýär we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyk getirilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde geçirilýän saýlawlarda ata-babalarymyzyň birek-birege hormat goýmak ýaly halkylyk däplerine eýerilmegi, saýlawlara gatnaşýanlara deň şertleriň döredilmegi hem-de saýlawlaryň umumy ykrar edilen halkara kadalaryna, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Saýlaw kodeksine laýyk derejede geçirilmegi ýurdumyzyň saýlaw ulgamynyň çuň demokratik ýörelgelere esaslanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwletimizde demokratik gymmatlyklar we ýörelgeler baradaky kadalar öz gözbaşyny Esasy Kanunymyzdan alyp gaýdýar. Esasy Kanunymyzda «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýen konstitusion kada berkidildi. Bu kada ýurdumyzda döwlet häkimiýet edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlawlaryň geçirilmeginiň esaslaryny kesgitleýär.

Hormatly Prezidentimiz «Biziň ýurdumyz içerki durnuklylygy we syýasy ulgamynyň berkligi, döwlet hem-de jemgyýetçilik durmuşymyzda demokratik kadalaryň tapgyrlaýyn ornaşdyrylýandygy bilen hem tapawutlanýar» diýip belleýär. Hut şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda saýlaw ulgamynyň işini kämilleşdirmekde kadalaşdyryjy hukuk namalaryna uly orun degişlidir. Şeýle kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksini görkezmek bolar.

Saýlaw kodeksi Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, welaýat hukukly şäher, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna, sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlawlarda we sala salşyklarda öz erk-islegini erkin beýan etmegini üpjün edýän kepillikleri belleýär. Saýlaw kodeksi döwrebap we yzygiderli kämilleşdirilýär.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň demokratik ýörelgelere esaslanýan saýlaw ulgamynyň işiniň berk hukuk binýady döredilip, ol halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, milli ýol-ýörelgelerimize laýyk gelýär.

Elbetde, Türkmenistanda geçirilýän saýlawlaryň halkara derejesinde ykrar edilýändigini hem aýratyn bellemelidiris. Munuň özi ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň giňeldilýändiginiň, raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralýandygynyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatynyň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Halkymyzy parahat we asuda durmuşda ýaşatmak babatynda yzygiderli tagallalary edýän milli Liderimiziň jany sag, belent başy aman bolsun! Il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

 

Mämmetnurowa Ogulnyýaz, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň
edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.