TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

OWAZY DÜNÝÄ ÝAŇ SALAN SUNGAT

2022-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň san­ly ul­gam arka­ly iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Iş maslahatynda BMG-niň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet ba­ra­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len edarasy bolan ÝUNESKO-dan hoş habaryň gelip gowşandygyny habar berildi. Gahryman Arkadagymyz du­tar ýa­sa­mak se­net­çi­li­gi­niň,  dutar­da  saz  çal­mak  we  bag­şy­çy­lyk  sunga­ty­nyň ÝU­NES­KO-nyň Adamzadyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi bilen,  ähli türkmen halkyny gutlady.

Mälim bolşy ýaly, bu çözgüt 2021-nji ýylyň 13 — 18-nji dekabry aralygynda Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasy gorap saklamak boýunça hökümetara komitetiniň    16-njy mejlisinde kabul edildi. Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnama Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu çözgüt ÝUNESKO-nyň hem-de halkara bilermenleriň bu hödürnama beren ýokary bahasynyň ykrary boldy. Şeýlelikde, parahatçylygyň, doganlyk-dostlugyň, birek-birege ynanyşmagyň nyşany hökmünde ençeme asyrlardan bäri türkmen topragynda belentden ýaň­lanyp gelen milli aýdym-saz sungatymyz umumadamzat mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, Türk­me­nis­ta­nyň ÝU­NES­KO bi­len gat­naşyk­la­ry­nyň Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň da­şa­ry sy­ýa­sa­tynda aý­ra­tyn orun eýe­le­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy. «Ga­dy­my Merw» we «Kö­neür­genç» döw­let ta­ry­hy-me­deni go­rag­ha­na­la­ry, Kö­ne we Tä­ze Nu­saý ga­la­la­ry, «Gö­rog­ly» des­san­çy­lyk sun­ga­ty, mil­li «Küşt­dep­di» aý­dym we saz, şeý­le hem türk­men ha­ly­çy­lyk sunga­ty ýa­ly me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň ÝU­NESKO-nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi hem mu­ny do­ly tassyk­la­ýar diýip belledi.

Bilişimiz ýaly, tutuş adamzat üçin gymmatly bolan dessurlar we özboluşly aýratynlyklary bolan sungat eserleri maddy däl medeni mirasyň Bütindünýä sanawyna girizilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bütin halkymyzy begendirdi.

Ata-ba­ba­la­rymyz­dan miras galan  türkmen saz gurallarynyň içinde iň naýbaşysy hasaplanýan türkmen halkynyň gazma dutary biziň gadym-dan gelýän, milli medeniýetimiziň gymmatly hazynalarynyň biridir.

Dutar saz guralynyň türkmen halkynyň milli buýsanjy, ru­hy syr­da­şy­dygy hakynda hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Ile döwlet geler bolsa...» atly çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan kitaplarynda gymmatly pikirleriň öňe sürülýändigini görmek bolýar.

Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da bu şatlykly waka «Halkyň Arkadagly zamanasy» ady bilen belent ruhda başlanan 2022-nji ýylyň şanly gadamlaryna aýratyn joşgun berýär. Şular ýaly hoş habarlaryň höwri köp bolsun!

Eziz Watanymyzyň şöhratly taryhyna, geçmiş mirasyna, milli medeniýetine aýratyn sarpa goýup, ony goramakda, ýaş nesle öwretmekde, dünýä ýaýmakda beýik işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Beýik maksatly, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

 

Hekimberdi Öwezow, 
Türkmenistanda  Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.