TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

BAŞ BAÝLYGYM— SAGLYGYM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda taryhy ähmiýetli şanly wakalara, ösüşleriň täze sepgitlerine beslenýär. Bütin–   dünýä saglyk gününi döretmek baradaky pikir 1948-nji ýylda Bütindünýä saglyk ýygnagynyň birinji mejlisinde öňe sürüldi. Saglyk gününi her ýyl bellemek 1950-nji ýyldan bäri däbe öwrüldi.  Şol seneden bäri hem her ýylda 7-nji aprel «Saglyk baýramy» hökmünde dabaraly ýagdaýda bellenilýär.

Ata Watanymyzda hem Bütindünýä saglyk güni her ýylda giňden bellenilýär.  «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bu şanly senä bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk dabarasy köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat çäreleri bilen utgaşyp giň gerime eýe bolýar.

Ajaýyp bahar paslynda  ir säherde uly şatlyk-şowhuna beslenip ýaýbaňlandyrylan welosipedli ýörişe we «Saglygym — baş baýlygym» diýen şygar astynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport çärelerine dürli ýaşdaky bagtyýar ildeşlerimiziň höwes bilen işjeň gatnaşmagy eziz Diýarymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülendigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmäge we ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir».

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, 2018-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynda  3-nji iýun «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edildi. Şunuň  bilen baglylykda, 2018-nji ýylyň iýun aýynda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp, 3 müň 246 adamyň gatnaşmagynda «Aşgabat» köpugurly stadionyndaky welosiped sporty boýunça türgenleşik sapagynyň dünýäde welosiped sporty boýunça iň köpçülikleýin tälim beriş sapagy hökmünde, 2019-njy ýylyň iýun aýynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde 3300 metr aralyga geçirilen welosipedli ýöriş dowamly, bir nyzamly ýöriş hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şeýle hem Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, 2020-nji ýylda «Welosiped» binasy açyldy.  Ynha  şu ýylyň 15-nji martynda bolsa Türkmenistanyň  başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň Milletler Bileleşigine agza döwletleriniň 62-siniň awtordaşlyk etmeginde biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekde gazanýan üstünliklerine halkara bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilýändigine şaýatlyk edýär. Munuň özi Bitarap döwletimiziň başlangyçlarynyň halkara giňişliginde ykrar edilýändiginiň subutnamasy bolup durýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda  dünýäniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, halkara guramalarynyň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Şeýle-de, daşary ýurtlaryň 40-synda ýurduň diplomatik wekilhanalarydyr konsullyk edaralary hereket edýär. Türkmenistanda dünýä ýurtlarynyň­dyr halkara guramalaryň diplomatik missiýalarynyň 48-si iş alyp barýar. Ýurdumyz halkara ylalaşyklardyr konwensiýalaryň hem 167-sine gatnaşýar, BMG-niň ge­ňeşleriniň, komitetdir komissiýalarynyň 13-siniň düzümine girýär.

Arkadagly Serdarymyzyň: «Welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Beýleki ulag serişdelerine garanyňda, ony dolandyrmak hem aňsat. Welosiped sporty bolsa sportuň ekologik taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär» diýip aýdyşy ýaly, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş kadalaryny has-da berk ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edil­ýär.

Munuň özi Garaşsyz Watanymyzda baş baýlygymyz bolan ynsan saglygyny goramaga, sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge döwlet derejesinde uly üns berilýändigini bütin dünýä äşgär edýär. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda welosiped sportunyň köpçülikleýin ýaýbaňlandyrylmagy sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän watandaşlarymyzyň sportuň bu görnüşine bolan höwesiniň barha artýandygyny aňladýar. Sebäbi, welosiped sporty soňky ýyllarda millionlarça türkmenistanlylaryň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Aslynda-ha, taryhy maglumatlara ser salanymyzda, ýurdumyzda sportuň bu görnüşi bilen ildeşlerimiziň ir döwürden bäri gyzyklanyp gelendiklerine göz ýetirmek bolýar. Munuň şeýledigine 1894-nji ýylda Aşgabatda welosiped sürmegi söýýänleriň jemgyýetiniň döredilmegi we 1895-nji ýylyň iýun aýynda welosiped sürmek boýunça ilkinji ýaryşyň geçirilendigi hem şaýatlyk edýär.

Ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda özüniň ekologiýa taýdan arassalygy bilen aýratyn  tapawutlanýan bu ulag serişdesi, ilkinji nobatda, adam bedeniniň sagdyn bolmagy üçin ýörite gural bolup hyzmat edýär. Arassa howada welosipedli gezelenç etmegiň adamyň beden hem ruhy taýdan sagdyn bolmagy, fiziki işjeňligiň ýokarlanmagy üçin örän peýdaly hereket bolup durýandygy dünýäniň ençeme ýurtlarynda alymlar tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde subut edildi. Ýagny, arassa howada her gün yzygiderli welosiped sürmegiň netijesinde adam bedeninde ýadawlyk, dartgynlylyk, närahatlyk ýaly duýgularyň döremek mümkinçiligi örän pes derejede bolýar. Welosipedli ýörişler nerw ulgamynyň sazlaşykly işlemegine ýardam berýär, adamyň umumy ruhy ýagdaýynyň gowulanmagyna getirýär, şähdini açýar, pikirleniş ukybyny ýokarlandyrýar, ýatkeşliginiň gowulanmagyna täsir edýär. 

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegi we sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi, welosiped sporty bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artmagy we täze ekologik garaýyşlaryň kemala gelmegi bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň haýyşnamalaryna laýyklykda, şu ýylda geçirilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli, paýtagtymyzdaky ekologik abadançylyga ýardam berýän awtoulagsyz günleri geçirmek çäresiniň yglan edilmegi hem bellärliklidir. Munuň özi sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde giň meşhurlyga eýe bolan eziz Diýarymyzda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanylýan welosiped sportuna berilýän uly ähmiýetiň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimizi we ähli  watandaşlarymyzy Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Watanymyzyň gülläp ösüşi, halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, ömri uzak, mertebesi belent bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

 

Hekimberdi Öwezow, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.