TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

SAÝLAWÇY WE SAÝLAW BÝULLETENI

Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda ses bermegi geçirmek üçin saýlaw býulletenleri çap edilýär. Saýlaw býulletenleri bilen ses bermegiň tertibi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 70-nji maddasyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.

Saýlaw býulletenleri döwlet dilinde çap edilýär, şeýle hem olar degişli etrap, etrap hukukly şäher saýlaw toparlarynyň  haýyşnamasy esasynda, raýatlaryň saýlaw hukuklaryny, olaryň ses bermäge gatnaşmaklary üçin goşmaça kepillikleriň döredilmegini üpjün etmek maksady bilen, saýlaw uçastogynyň saýlawçylarynyň köplüginiň ulanýan dillerinde hem çap edilip bilner.

Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda saýlaw býulletenine saýlaw okrugy boýunça, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda bolsa, welaýat boýunça bellige alnan dalaşgärleriň hemmesi girizilip, onda her bir dalaşgäriň familiýasy (elipbiý tertibinde), ady, atasynyň ady, işleýän ýeri, eýeleýän wezipesi (käri) we ýaşaýan ýeri görkezilýär.

NUSGA

Ses berilýän güne çenli, uçastok saýlaw topary saýlaw býulletenlerini ses bermek üçin taýýarlap goýýar. Saýlaw býulletenleriniň arka tarapyna uçastok saýlaw toparynyň başlygy we kätibi gol çekýär hem-de saýlaw uçastogynyň möhri basylýar. Gol çekilende we möhür basylanda diňe gök syýa ulanylýar.

Saýlaw  býulleteniniň  arka  tarapy

Uçastok saýlaw toparynyň başlygy saýlawlar güni toparyň agzalarynyň haýsysynyň saýlawçylara saýlaw býulletenini bermelidigini öňünden kesgitlemelidir.

Saýlaw býulletenleriniň berilýän ýerinde saýlawçylar üçin degişli görkezijiler (sanlar ýa-da köçeleriň atlary) ýerleşdirilmelidir.

Saýlaw uçastogynda ses bermek geçirilende, uçastok saýlaw topary saýlawça saýlaw býulletenini saýlawçylaryň sanawy esasynda, pasportyny ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga resminamasyny görkezende berýär.

Saýlaw býulletenini alan saýlawçy saýlawçylaryň sanawynda gol çekýär.

Saýlawçy saýlaw býulletenini kabinada doldurýar. 

Saýlaw býulleteni doldurylanda kabinada ses berýänden başga adamlaryň bolmagy gadagandyr. Saýlaw býulletenini özbaşdak doldurmaga mümkinçiligi bolmadyk saýlawçynyň, öz islegine görä, saýlaw toparynyň agzalaryndan, synçylardan, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryndan, teklipçi toparyň agzalaryndan başga adamy kabina çagyrmaga hukugy bardyr.

Saýlaw býulleteni saýlawlaryň esasy resminamalarynyň biridir. Hut şonuň üçin hem onuň dogry doldurylmagy örän wajypdyr. Saýlawlarda saýlawçy dalaşgärleriň haýsysynyň tarapyna ses berýän bolsa, saýlaw býulleteninde şonuň familiýasynyň deňinde bellik edýär.

Saýlawçynyň haýyşy boýunça, zaýalanan saýlaw býulleteniniň deregine oňa täze saýlaw býulleteni berlip bilner.

Saýlawçy doldurylan saýlaw býulletenini saýlaw gutusyna eplenen görnüşde atmalydyr.

Saýlaw býulletenleri Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilen nusgadan başga görnüşde bolsa;

saýlaw býulleteninde birden köp dalaşgäriň familiýasynyň deňinde bellik edilen bolsa;

saýlaw býulleteninde hiç hili bellik edilmedik bolsa;

saýlaw býulleteninde saýlawlar gününe çenli çykyp giden dalaşgärler üçin ses berlen bolsa;

saýlaw býulleteninde goşmaça familiýa ýazylan bolsa;

saýlaw býulletenlerine uçastok saýlaw toparynyň başlygy we kätibi gol çekmedik hem-de saýlaw uçastogynyň möhri basylmadyk bolsa;

saýlaw býulleteni ýyrtylyp, onda saýlawçynyň kimiň tarapyna ses berendigini takyklamaga mümkinçilik ýok bolsa, onda şol saýlaw býulleteni hakyky däl diýlip hasap edilýär.

Saýlaw býulletenleri saýlawlaryň netijeleri resmi taýdan yglan edileninden soň, degişli etrap, şäher saýlaw toparyna eltilýär we şol ýerde iki aý möhlete çenli saklanylýar.

Saýlaw býulletenleri Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň we Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ygtyýarlyklary ykrar edileninden iki aý soň ýerlerde işçi toparlar döredilip, ýakylyp ýok edilýär.

Saýlaw býulletenlerini galplaşdyryp çap edenler ýa-da olary başga şahslara ses bermäge mümkinçilik döretmek maksady bilen raýatlara berenler hem-de saýlaw býulletenlerini ses berilýän jaýdan bikanun çykaranlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler. 

 

Ses bermek boýunça
GÖZÜKDIRIJI

 

Saýlawçynyň ses bermek hereketleriniň
YZYGIDERLILIK TERTIBI

1. Saýlaw býulletenini almak.

2. Kabinada gizlin ses bermek.

3. Býulleteni saýlaw gutusyna atmak.

4. Saýlaw uçastogyndan çykmak.

 

Maksatmyrat GELDIÝEW, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň
edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň başlygy