TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

TÜRKMEN BEDEWINIŇ MILLI BAÝRAMY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni il-ýurt bähbitli beýik işlere, taryhy wakalara, toý-dabaralara beslenýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelerde, tutumly başlangyçlarda, taryhyň gatlarynda baky galjak şanly wakalarda halkymyzyň kämillik derejesine ýetiren milli gymmatlyklary, milli ýörelgeleri özboluşly beýanyny tapýar. Her bir halkyň dünýä medeniýetine goşan goşandy onuň maddy we ruhy gymmatlyklary bilen kesgitlenilýär. Türkmen halky hem asyrlaryň dowamynda umumadamzat bähbitli, naýbaşy gymmatlyklary döreden halkdyr. Şol gymmatlyklaryň biri-de türkmeniň toýly günde göwün hoşy, şowly günde baş ýoldaşy, gözelligiň göwher gaşy bolan behişdi bedewlerimizdir.

Gözellikde deňi-taýy bolmadyk, ajaýyp ahalteke bedewleri asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Hut şunuň üçin, edara binasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, tutuş ýurdumyz boýunça döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, her ýylyň aprel aýynyň soň­ky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramynyň şatlyk-şowhun, ruhubelentlik bilen giň­den bellenilmegi hem aýdylanlara şaýatlyk edýär. Bu senä bagyşlanyp, atlaryň halkara gözellik bäsleşigi, behişdi bedewleriň gaýtalanmajak tebigy gözelligini ýokary çeperçilik taýdan beýan etmek ugrunda medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarkalar, ylmy maslahatlar, at çapyşyklary hem-de arassa ganly bedewleriň sergilerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ýeri gelende ýatlasak, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen şu şanly ýylda hem Türkmen bedewiniň milli baýramy uly dabara bilen giňden bellenilýär.

Pederlerimizden miras galan «Irden tur-da, ata­ňy gör, ataň­dan soň — aty­ňy», «Aty baryň — ganaty bar», «At agynan ýerde toý bolar», «Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz», «At basyşyndan bellidir», «At gadyryn münen biler» di­ýen pä­him­den ugur al­ýan türk­men  hal­ky be­dew aty­ny özü­niň iň ýa­kyn hem­ra­sy, wepa­ly dos­ty ha­sap­lap­dyr. Geçmiş taryhymyzda-da, şu günümizde-de behişdi bedewlere goýulýan sarpanyň näderejede ýokarydygyny uludan kiçä ählimiz bilýäris. Çünki, at türkmeniň uçar ganaty, onuň merdana ogullarynyň ýakyn syrdaşy. Bu gün özüniň owadanlygy, duýgurlygy, ýüwrükligi bilen göreni haýrana goýýan ahalteke bedewleriniň waspy ajaýyp aýdym-sazlarda we şahyrana goşgularda ýetirilýär. Ýer ýüzünde ýyndamlykda, çydamlylykda, wepadarlykda tanalýan bedewlerimiz aýlawlarymyzyň, toý-dabaralarymyzyň bezegi bolup, halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi.

Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda tarypyna söz ýetmeýän ahalteke bedewlerimiziň sanyny artdyrmak, atçylyk pudagyny ösdürmek ugrunda  uly işler durmuşa geçirilýär.

Nesilden-nesle geçip gelýän milli gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda we dünýä ýaýmakda hormatly Prezidentimiz uly işleri durmuşa geçirýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ahalteke atlarynyň baş sanyny we dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslyk mekdebiniň baý däplerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak, türkmen alabaýlarynyň sanyny köpeltmek boýunça hem möhüm işleri dowam etdireris» diýip bellemegi, atçylyk pudagyny ösdürmek babatynda geljekde-de uly işleriň amala aşyryljakdygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup ulanylmaga berlen atçylyk-sport toplumlarynda at çapyşyklaryny, atly sport oýunlaryny hem-de atlaryň päsgelçiliklerden bökmek boýunça ýaryşlaryny geçirmek hem asylly däbe öwrülýär. Eziz Diýarymyz at çapyşyklarynyň, atçylyk sporty boýunça ýaryşlaryň geçirilýän mekanyna öwrülýär.

Gahryman Arkadagymyz özüniň «Gadamy batly bedew» atly kitabynda: «Bedew münmek türkmeniň gerçeklik edebiniň dessurydyr. Bu dessur türkmen maşgalasynda atadan ogla, agadan inä miras bolup geçýär. Ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki atçylyk sport toplumlarynda, aýlawlarda atşynaslyga, seýisçilige, çapyksuwarlyga höwesjeň ýaşlaryň tälim alýanlygy şol mirasyň dowamlylygyny aňladýar» diýip, örän jaýdar belläp geçýär.   Ata   kesbi  ogla  halal  diýilişi   ýaly,   Arkadagly  Serdarymyzyň  

Hankerwen atly mele bedewiň üstüne atlanyp, çapuw ýodasyna çykyp, öz maýdalyna ýöredip gezim edende, bedew çapyksuwaryň tejribelidigini, başarjaňdygyny duýup, onuň ähli ýumuşlaryny birkemsiz ýerine ýetirip, tomaşaçylara bedewiň gözelliginden, sazlaşykly hereketinden hem-de seýkin ýöreýşinden lezzet almaga döredilen pursatlar ýadymyzdan çykanok. Munuň özi ynsan bilen bedew atyň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklarynyň ajaýyp nusgawy sazlaşygyny görkezýär.

Bu gün Türkmenistanyň ösüşleriň we beýik ýeňişleriň belentliklerine tarap urýan ynamly gadamy bedew badyna meňzedilýär. Bu bolsa ata Watanymyzyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly barýandygyna şaýatlyk edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary halkara sirk oýunlary boýunça abraýly halkara festiwallaryna we bäsleşiklere gatnaşyp, iň ýokary baýraklara mynasyp boldy. Dünýäniň bäş gezek çempiony bolan bu toparyň dünýäde meşhurlygy gün-günden artýar. At üstündäki jigitlerimiz türkmeniň sirk we çapyksuwarlyk sungatynyň çylşyrymly maşklaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirip, dünýäni haýrana goýýarlar. Bu toparyň çykyşlary diňe bir ýurdumyzyň tomaşaçylaryny özüne bendi edip, haýrana galdyrman, eýsem, ençeme daşary ýurtlaryň tomaşaçylaryny hem özüne bendi etdi. Watanymyzda we daşary ýurtlarda inçebil, gamyşgulak türkmen atlarynyň üstünde ajaýyp oýunlary çeýelik bilen ýerine ýetirmegi başarýan gyrmyzy donly, ak telpekli ýigitleriň sungatyna örän ýokary baha berilýär. Bu topar dünýäde iň gowy atçylyk-akrobatika toparlarynyň biri hasaplanylýar.

Halkymyzyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan–şöhratyny has-da belende götermek, Diýarymyzda atçylyk sportuny ösdürmek hem at çapmagyň milli däplerini ýaýratmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatlarymyzyň ählisinde dünýä ülňülerine gabat gelýän döwrebap aýlawlaryň gurulmagy, atlaryň seýislenmegi, şeýle hem Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň çäklerinde Halkara ahalteke atçylyk ýokary okuw mekdebiniň we ylmy-önümçilik merkeziniň gurluşygynyň alnyp barylmagy hem döwletimiz tarapyndan atçylyk sportuny ösdürmek üçin ähli şertleriň we giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aňladýar.

Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we ähli  watandaşlarymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň, ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny belende göterýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

 

Hekimberdi Öwezow, 
 Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.