Diýarymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň Permanyna, ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgelerine laýyklykda, Oraza baýramy döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär. Ruhy tämizlik we ahlak arassalygy, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik, şükranalyk ýaly ruhy gymmatlyklarymyzy dabaralandyrýan bu gadymy baýrama türkmen halky aýratyn ähmiýet berýär.
Asuda ýurdumyzda oraza aýynyň gelýändigini buşlap, şadyýan çagajyklaryň topar-topar bolup, öýme-öý aýlanmagy, her bir ojaga baranlarynda ýaşuly nesilleriň öwredişi ýaly, ýagşy dilegler içre ýaremezan aýtmaklary bilen oraza aýy başlandy.
Türkmen halky oraza aýyna beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy hökmünde aýratyn sarpa goýýar.
Aýlaryň serweri bolan mukaddes oraza aýynda agyz bekläp, kalbyňy, ruhuňy tämizlemek oraza aýynyň esasy häsiýetleriniň biridir. Çünki orazaly adam özüni päk, ýeňil we şähdaçyk duýýar.
Pygamberimiz Muhammet aleýhissalam hadyslarynyň birinde: «Oraza tutuň, bedeniňiz berk we sagdyn bolsun, her bir zadyň bir zekaty bardyr. Bedeniň zekaty orazadyr» diýip beýan edipdir. Oraza tutmak bilen biz bedeni keselden goraýarys. Oraza adamy erbet sözleri eşitmekden, gabahatlygy görmekden, nebsewürlikden, açgözlükden goraýar.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Ýigrimi dört sagat on iki aýda, Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýip, wasp edişi ýaly, oraza aýy ynsanlara mukaddes Gurhanyň inderilen aýydyr. Oraza aýy halkymyzda sahawatyň we kanagatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy hökmünde derejelenýär. Oraza aýy tutuşlygyna sogaba, päklige beslenen aýdyr. Bu aýda bäş parzyň biri bolan agyz beklemek parzy berjaý edilýär, öýke-kineler unudylýar, günäler bagyşlanylýar.
Müň aýdan zyýat görlen «gadyr gijesi» bu aýyň iň haýyrly pursatydyr. Gadyr gijesinde edilen ybadat, ýagşylyk, ynsanperwerlik müň aýyň haýyr-sogabyna barabar hasaplanýar. Bu haýyrly, ýagşy doga-dilegli, ybadatly gijede agzybir türkmen ili öz mukaddes ojaklarynda saçagyny giňden ýazyp, dürli tagamlary bişirip, goňşy-golamlara hödür-kerem edýär.
Hormatly Arkadagly Serdarymyz asylly däbe görä, bu mukaddes aýyň, mübärek gijäniň hormatyna, jenaýat edendikleri üçin «Iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Toba eden raýatlarymyzyň 514-siniň günäsi geçilip, olar bu sahawatly aýda öz mukaddes ojaklaryna gowuşdylar.
Hormatly Prezidentimiz: «Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmeti bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris» diýmek bilen, jenaýat eden ynsanlary halal, dogry ýola gönükdirýär. Munuň özi jemgyýetimiziň ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda kämilleşmegine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzda oraza aýy mynasybetli agzaçar sadakalary berilýär, tarawa namazy okalyp, öý-ojaklaryň abadançylygy, eziz Watanymyzyň parahatçylygy, il-günümiziň bagtyýarlygy, jebisligi, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagy dileg edilýär.
Bu aýda hajy Arkadagymyz kakasy Mälikguly aganyň belli gününiň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda ýerleşýän Abyl işan gonamçylygynyň ýanyndaky ýörite taýýarlanan ýerde agzaçar sadakasyny berdi.
Hormatly Prezidentimiz hem paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde atasy Mälikguly aganyň belli güni mynasybetli sadaka berdi. Bu sogap işler pederlerimizden miras galan ýagşy dessurlaryň biri bolup, adamlary sogap işlere, ahlak we ruhy päklige atarýar.
Mukaddes oraza aýynyň tamamlanan gününiň ertesi bolsa, erkana ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Baýram namazy okalyp, toý sadakalary berlip, Oraza baýramy şatlyk-şowhuna, dabara beslenýär.
Şeýlelikde, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda remezan aýy ençeme milli däp-dessurlarymyzy, edim-gylymlarymyzy özünde jemläp, ýagşy hem ýagty amallaryň agzybirlikde berjaý kylynmagy bilen tamamlanýar.
Goý! Watanymyzda amala aşyryljak tutumly işleriň rowaçlyklara beslenip, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň dowamat dowam bolmagy üçin, hormatly Prezidentimiz üçin aýdylan ýagşy doga-dilegleriňiz Hakyň dergähinde kabul bolsun!
Oraza baýramyňyz gutly bolsun! eziz watandaşlar!
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.