Bagy-bossan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny we bioköpdürlüligi üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär hem-de oňa gönükdirilen işleriň gerimi barha ýaýbaňlandyrylýar.
Türkmenistanda daşky gurşawy goramak boýunça Milli tokaý maksatnamasy esasynda her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde bag ekmek işleri gyzgalaňly amala aşyrylýar.
Bilşimiz ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň ýokary döwlet wezipesine girişenden soňra, ilkinji gatnaşan çäresi bolan ählihalk köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga bermegi milli Liderimiziň sogaply işleriniň dowamat-dowamdygynyň nyşanydyr. Munuň özi Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Şonuň netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri we welaýatlarymyz bagy-bossanlyga bürenýär.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasyndan hoş habaryň gelip gowşandygy mälim edildi. Ýagny, «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly beren goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan halkara güwänamanyň berlendigi hakynda habar berildi.
Abraýly Halkara guramasyndan şunuň ýaly derejeli hoş habaryň gelip gowuşmagy watandaşlarymyzyň ruhuny belende göterip, kalbyny şatlandyrdy. Bu berlen güwänama mähriban halkymyzyň tebigaty goramak baradaky janaýamazakly zähmetine berlen mynasyp bahadyr.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň BMG-niň daşky gurşawy goramak, ekologik heläkçilikleriň öňüni almak, tebigaty goramak baradaky ylalaşyklaryna ilkinjileriň hatarynda goşulandygy hem bellärliklidir. Şu günlerde-de ekologik howpsuzlygyň ýokary derejesini üpjün etmek, şäherleri we obalary bagy-bossanlyga öwürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri hem daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Köp ýyllaryň dowamynda hormatly Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda Türkmenistanda 145 milliondan gowrak bag nahallary ekildi. Köpçülikleýin bag ekmek halkymyzyň durmuşyna asylly däp bolup ornady. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna 25 million düýp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna 30 million düýp agaç nahalynyň oturdylmagy, täze desgalaryň açylyş dabaralary, ýaş çatynjalaryň nika toýlary, çaganyň dünýä inmegi mynasybetli oturdylýan baglar... Köpçülik bolup oturdylan millionlarça düýp saýaly, pürli, miweli baglar boý alyp, türkmen tebigatynyň gözelligine gözellik goşýar.
Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda alnyp barylýan işi ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny we döwrebap tehnologiýalary ulanyp, mundan beýläk-de dowam etdireris. Bu günki gün Türkmenistanda bag ekmek işi tebigy zolaklaryň has-da kämilleşmegine ýardam edip, her bir türkmenistanly üçin nusga alarlyk ýörelgä öwrüldi» diýip nygtamagy, bu möhüm we asylly däbiň geljekde hem giň gerimde dowam etdiriljekdigini äşgär edýär.
Hormatly Prezidentimize halkymyzyň buýsanjy bolan merjen şäherimiziň has-da gözelleşmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin tüýs ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.
Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun! Il-ýurt, umumadamzat bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.