TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

WATAN GAHRYMANLARY – WATANSÖÝÜJILIGIŇ BEÝIK MEKDEBI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda  her bir günümiz taryhy wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Şeýle baýramlaryň biri – 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni hem giňden bellenilýär. Ikinji jahan urşuna gatnaşyp, mertligiň, edermenligiň, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen uruş weteranlary şeýle uly hormata mynasypdyr.

Bu şanly günde biz Watan üçin şirin janlaryny gurban eden ähli frontçularyň, tylda tutanýerli zähmet çekenleriň we gahrymançylyk görkezenleriň ýadygärligine baş egýäris. Türkmen ýigitleri Beýik Ýeň­şi gazanmaga uly goşant goşup, aýratyn gaýduwsyzlyk, edermenlik görkezdiler. Bu günki gün biziň borjumyz bolsa, ýe­ňijiler nesliniň bize peşgeş beren parahatçylygyny we azatlygyny aýawly goramakdyr. 

Mizemejek ruhy güýç, söweş meýdanlarynda hem-de tylda görkezilen durnuklylyk, jebislik adamzadyň taryhyndaky iň weýrançylykly uruşda faşizmiň derbi-dagyn edilmegine getirdi. Beýik Watançylyk urşunda ýowuz synaglary gerdenlerinde çeken mertleriň ady biziň halkymyzyň gahrymançylygynyň, edermenliginiň we şöhratynyň nyşany hökmünde asuda ýurdumyzyň senenamasyna baky ýazyldy.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Ýeňiş güni — bu parahatçylyga, ynsanperwerlige we döredijilige bolan beýik gyzyklanmalary äşgär edýän aýratyn senedir. Türkmen halky ýaş nesilleriň terbiýesinde möhüm orun eýeleýän bu baýramy has-da dabaralandyrýar.

Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ynsan mertebesini belentde saklap, Watan, il-ýurt hem-de gel­jek­ki ne­sil­le­riň bag­ty­ýar dur­mu­şy üçin şi­rin janyny gur­ban eden ger­çek­le­ri­miz, sag-aman ata Wa­ta­ny­my­za do­la­nyp ge­len we häzir hem ara­myz­da ýa­şap ýö­ren mer­da­na uruş we­te­ran­la­ry­myz, ur­şa gidenle­riň yzyn­da ga­lyp, mukaddes ojak­la­ry­ny wepadarlyk bilen göz­le­ri­niň gö­re­ji de­ýin sak­lan ak saç­ly ene­le­ri­miz bi­ziň üçin gahryman­çy­ly­gyň, mert­li­giň, we­pa­dar­ly­gyň ölmez-ýitmez mek­de­bi­dir.

Biz, şu günki nesiller Watana, halka wepaly bolan mertlere tüýs ýürekden hormat goýýarys. Geçen urşuň gahrymanlarynyň edermenligine we gaýduwsyzlygyna belent sarpa goýup, parahatçylygyň, asuda we bagtyýar durmuşyň gadyryna has doly düşünýäris. Bu dessur parzdyr we mukaddesdir. 

Näçe ýyl geçse-de, Watan goragyna aýaga galan gahrymanlaryň edermenligi nesilleriň hakydasynda we ýüreklerinde hemişelik saklanýar. Olar şöhratly Watan goragçylarynyň batyrlygynyň we gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýärler.

Watan gerçekleriniň deňsiz-taýsyz gahrymançylygy, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken enelerimiziň görkezen zähmet edermenligi, olaryň ýaş nesillerimizi watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde alyp barýan asylly işleri, amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge goşýan goşantlary görelde mekdebidir.

Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şun­da ga­za­nylan ýeňişde türk­men hal­ky­nyň bi­ti­ren hyzmaty ulu­dyr. Uruş ýyl­la­ryn­da tyl­da ga­lan ýur­du­my­zyň ila­ty, garry­lar­dyr gelin-gyzlar we ýet­gin­jek­ler gi­je-gün­diz gaý­rat­ly zäh­met çe­kip, bol gal­la we pag­ta öndürdiler. Fron­ta ze­rur bo­lan önüm­le­ri, egin-eşik we azyk ibe­rip, Ýeň­şiň gazanyl­ma­gy­na uly go­şant goş­du­lar.

Türkmen halky ynsanperwerligiň beýik ýörelgelerine hemişe ygrarlydyr. Häzirki döwürde beýleki halklar bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ýola goýýan türkmen halky üçin öz gahrymanlarynyň ýörelgeleri baş çelgi bolup durýar. Geçen uruş we onuň ýowuzlygy baradaky hakyda parahatçylygyň bähbidine halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde ägirt uly güýje öwrüldi. 

Watançylyk urşunda wepat bolan gahrymanlaryň hatyrasyna «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň meýdançasynda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda wepat bolan gahrymanlara çuňňur sarpanyň nyşany hökmünde gül desseleri goýulýar. Bu bolsa ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenilmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Uruş weteranlary we ýaşulular bilen geçirilýän duşuşyklaryň uly ruhy täsiri bar. Bu çäreler halkymyzyň özboluşly däp-dessurlarynyň baý taryhyna, medeniýetine has giňişleýin göz ýetirmäge, nesilleriň arabaglanyşygyny, eziz Watanymyzyň abadançylygy ugrundaky taglymlaryň we jogapkärçiligiň dowamatlylygyny berkitmäge ýardam berýär. 

Asuda, parahat ýurdumyzda agzybirlikde, ruhubelentlikde bellenilýän Beýik Ýeň­iş baýramy Türkmenistanyň Bitaraplyk we hoşniýetli parahatçylyk söýüji syýasatynyň we üstünlikli ösüşleriniň dabaralanmasy bolup, kalbyňy buýsanja besleýär.

Türkmen halkyny şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Dinmuhammet ANNAÇARYÝEW, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.