TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

DÖWLET BERKARARLYGYMYZYŇ MUKADDES SÜTÜNLERI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gadymy türkmen topragynda erkana ýaşaýan halkymyzyň toýlary-toýa ulaşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir güni il-ýurt bähbitli beýik işlere, taryhy wakalara, toý-dabaralara beslenýär. Eziz Watanymyzda her ýylyň 18-nji maýynda bolsa, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni hem agzybirlikde, ruhubelentlikde, şatlyk-şowhun hem-de uly dabara bilen giňden bellenilip geçilýär. Çünki, biziň ajaýyp ýurdumyz ýaşyl Tugunyň astynda özüniň täze taryhyny döredip, abadançylygyň hem-de ösüşiň nusgasy bolan döwlet hökmünde berkarar boldy. Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi bilen bolsa, berkarar döwletimiziň umumy ykrar edilen demokratik kadalara esaslanýan ygtybarly kanunçylyk binýady döredildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy biziň üçin goşa mukaddeslik bolup durýar. Esasy Kanunymyz we Döwlet baýdagymyz asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli ýörelgelerimizi özünde jemläp, umumadamzat ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşygy emele getirýär. Munuň şeýledigine bolsa, Döwlet baýdagymyzda haly gölleriniň we bitewüligi hem-de agzybirligi aňladýan bäş ýyldyzyň we ýarym Aýyň şekilleriniň ýerleşdirilmegi aýdyň subutnamadyr.

Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň kabul edilenine 30 ýyl dolýar, şu geçen döwürde Konstitusiýamyzyň döwrebap derejede kämilleşdirilmegi üçin birnäçe taryhy işler amala aşyryldy.

Parahatçylygyň, ynsanperwerligiň, abadan durmuşyň we bagtyýar ýaşaýşyň hukuk esasyny düzýän Esasy Kanunymyzda ýurdumyzyň her bir raýatynyň konstitusion hukuklary kesgitlenendir we bu kepillikler her bir bagtyýar türkmenistanlynyň beýik geljege bolan uly ynamyny has-da artdyrýar hem-de demokratik şertlerde ýaşamagyny üpjün edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, raýatlar bilim almaga, saglygy goraýyşdyr şypahana hyzmatlaryndan peýdalanmaga, zähmet çekmäge, hünärini, işiniň görnüşini we iş ýerini saýlap almaga, sagdyn hem howpsuz iş şertlerine, durmuş üpjünçiligine bolan hukuga eýedir. Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy  adamdyr.

Başymyzyň täjine deňeýän ata Watanymyzyň mukaddes Tugunyň bu günki gün asuda asmanymyzda bagtyýarlygyň nyşany bolup parlaýandygy, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjiliginiň hem-de berkararlygynyň kepili bolup durýandygy buýsanç bilen bellärliklidir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy mizemez agzybirligimizi, bitewüligimizi, beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwlet, parahatçylyk, ynsanperwerlik, adalatlylyk baradaky milli düşünjelerimizi özünde jemleýän Konstitusiýamyz, dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde Ýer ýüzünde buýsançly pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr.

Pederlerimiz «Adam edebinden tanalar, ýurt Tugundan» diýlen ajaýyp pähimi döredipdir. Geçmişimize ser salanymyzda oguz begleriniň tuglary halallygyň, adyllygyň, ynsanperwerligiň güwäsi bolan bolsa, türkmenleriň dünýäniň iň gadymy halklarynyň biridigine Seljuk soltanlarynyň baýdaklary hem şaýatlyk edýär.

«Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynda: «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň halkynyň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydyr» diýlip bellenilmegi ýaşyl Tugumyzyň ýurdumyzyň buýsançly nyşanydygyny görkezýär.

Asuda döwletimiziň ähli künjeklerinde goşa baýram toý-dabaralara beslenip, ruhubelentlikde bellenip geçirilýär. Çünki, eger-de biz, eziz Watanymyzy bagt guşuna deňesek, onda Konstitusiýamyz we Döwlet baýdagymyz onuň goşa ganatydyr.

Hormatly Prezidentimizi we eziz watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak, mertebesi belent bol­sun! Il-ýurt, umumadamzat bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

 

Allanur GÖKJÄÝEW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.