Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzda gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň taryhyň şöhratly sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýan eýýamy boldy. Bu täze taryhy eýýamda Türkmenistan oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirýär.
Eziz Diýarymyz halkara forumlaryň, duşuşyklaryň geçirilýän ýurdy hökmünde dünýäde uly abraýa eýedir. Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 12-nji maýda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň, şeýle-de 13-nji maýda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň geçirilmegi hem bu hakykaty aýdyň subut etdi.
Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen halky dost-doganlyga, parahatçylyga hem-de halklaryň agzybirligine uly gadyr goýýar. Gözbaşyny ruhy-medeni gymmatlyklaryň umumylygyndan alyp gaýdýan özara bähbitli hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşyklarynyň pugta binýady bolup durýar. Biziň halklarymyzy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökler, gadymy, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar» diýmek bilen, ýurdumyzyň halkara syýasy gatnaşyklarynyň maksadyny we ýörelgelerini kesgitleýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk etmeginde Merkezi Aziýanyň we Russiýa Federasiýasynyň çäginde sebitde ilkinji gezek geçirilen bu möhüm ähmiýetli syýasy forum geljekde ýurdumyzyň goňşy halklar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe bolar.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda has işjeňleşdirilýär. Ýurdumyzyň iki palataly parlament ulgamyna geçmegi hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen, türkmen-rus parlamentara gatnaşyklary ösüşiň belent derejelerine çykarylýar.
Parlamentara forumda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur manyly çykyşy oňa gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň sebitde durnuklylygy berkitmekdäki, döwletara gatnaşyklary ösdürmekdäki goşandyny dünýä halklary ykrar etdi. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde bu wajyp işi üstünlikli dowam etmek bilen köptaraply hyzmatdaşlygyň täze, has belent derejä çykmagyna uly ýardam berýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä döwletleri bilen açyklyga we özara bähbitli gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli alyp barýar. Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramalary, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hoşniýetli, oňyn hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Forumyň mejlisi tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Onda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Soňra parlamentara forumyň maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzdaky Maslahat köşgüniň uly mejlisler zalynda sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Azerbaýjan Respublikasynyň Ýaşulular Geňeşiniň «Hormatly aksakgal» altyn ordeni we degişli şahadatnama, «Azerbaýjan dünýäsi» halkara žurnaly bilen bilelikde döredilen «Dede Korkut» milli gaznasynyň «Ýer ýüzünde parahatçylygy üçin» milli baýragy hem-de «Ulu türk» altyn ordeni we degişli şahadatnamalary, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli döredilen ýubileý medaly we degişli şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkony Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglamak hakyndaky permanyna laýyklykda, ordeni we degişli şahadatnamany Gahryman Arkadagymyz dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Mälim bolşy ýaly, bu forumyň çäklerinde 13-nji maýda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogy geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy indi iki ýyldan bäri hereket edip gelýär. Munuň özi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň halkara derejesinde uly abraýa eýe bolýandygyndan habar berýär.
Zenanlar barada alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň syýasy ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Dialogyň esasy maksatlarynyň hatarynda oňa gatnaşyjy döwletleriň zenanlarynyň arasynda durnukly ösüşi, howpsuzlyk, kanun çykaryjylyk, ekologiýa, adam hukuklaryny goramak, deňhukuklylyk, lukmançylyk diplomatiýasy, ylym we bilim babatynda tejribe alyşmaga goldaw bermek, sanly tehnologiýalar, bilim, medeniýet, telekeçilik, sungat we sport, şeýle hem ýaşlary goldamak baradaky tagallalar aýratyn bellärliklidir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýip atlandyran filosofiýasy halklary, ýurtlary geljegiň röwşen menzillerinde bilelikde gadam urmaga çagyryşdyr» diýip belleýişi ýaly, paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilýän Parlamentara forumy hem Türkmenistanyň daşary syýasatda toplan oňyn tejribesiniň nobatdaky ykrar edilmegidir.
Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde kanun çykaryjylygyň halkara işi, parlament diplomatiýasy örän möhümdir.
Walentina Matwiýenkonyň belleýşi ýaly: «Bu forum parlamentara gatnaşyklarda täze sahypany açdy. Bu format amala aşyryldy, ol örän çuň many-mazmunly geçdi hem-de «Aşgabat görnüşi» diýlip atlandyrylar».
Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döredilen, hyzmatdaşlygyň «Aşgabat görnüşi» diýlip atlandyrylan bu meýdança parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ony pugtalandyrmak we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak üçin täsirli gural hökmünde möhüm ähmiýete eýedigini tassyklady.
Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bu forumyň we dialogyň Aşgabatda geçirilmegi geljekde Türkmenistanyň sebit döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ulgamlardaky ysnyşykly, birek-birege hormat goýmak, dostluk, doganlyk, parahatçylyk söýüjilikli häsiýete eýe bolan gatnaşyklarynyň barha pugtalandyrylmagyna, parlament diplomatiýasynyň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirer.
Täze eýýamda ýurdumyzda parlamentara gatnaşyklaryň täze sahypasyny açmaga badalga berip, ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende göteren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça
merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.