TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

ZEMINIŇ ZYNATY – GÖWÜN GANATY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda toýlaryň toýa ulaşýan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda eziz Diýarymyzda ýene-de goşa baýram – goşa toý. Ýurdumyzda her ýylyň 25-nji maýynda «Soňky jaň» dabarasy hem-de Aşgabat şäheriniň  güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Uçurym bolup, ýokary we orta okuw mekdebi tamamlap, uly durmuşa gadam basýan, kalplary  hyjuwdan doly, ylyma-bilime höwesli ýaşlaryň  şatlygynyň çägi ýok! Olaryň şatlygyna goşulmak, buýsanmak ýaşlaryň bu  ruhy-ahwalyna düşünmek, gör, nähili bagt!  

Dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrülen, gojaman Zeminiň göwher gaşy deýin lowurdaýan Aşgabat gözellik babatda nepis dokalan ajaýyp hala meňzeýär. Onuň giň çäginde bina edilýän kaşaň-kaşaň ak mermerli ymaratlar hakyky tarypa mynasyp. Säher-saba bilen işe gelýärkäň Aziýanyň merjeni gözel şäheriň giň şaýollaryna syn etmegiň hem özboluşly, ruhuňy göteriji lezzeti bar.

Ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabadyň barha nurana görnüşe eýe bolýan keşbi halkymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Dowam edýän hoştap howaly bahar pasly paýtagtymyza özboluşly gözellik eçilýär. Kalbyňy heýjana getirýän bahar paslynyň ajaýyp günlerinde has hem owadan görünýän Aşgabadyň gözelligi aýratyn dessana mynasypdyr.

Göwnüňi açýan dürli reňkli täsin we ter gülleriň bir enaýy bolup ygşyldap durşy, salkyn saýaly bezeg agaçlarynyň bir geňsi bolup, ýanýodalara zynat çaýyşy, Köpetdagyň eteklerini gurşap alan tämiz howaly arça tokaýlyklary kalbyň köşgünde tebigata bolan mizemez söýgini oýarýar. Bagy-bossan Aşgabadymyz owadanlygyň, tämizligiň mekany. Daş-töweregiň arassa bolsa, göwnüň göterilýär, şähdiň açyk bolýar, kalbyň joşýar we işe bolan höwesiň artýar.

Aşgabadyň görküne-görk goşup, düwme-düwme damjalary bilen lezzet beriji owaz edýän suw çüwdürimlerini synlamagyň hem lezzeti başgaça. Keşbini ýazlardan alan owadan paýtagtymyz türkmeniň inçe, kämil sungaty bolan halysy ýaly nepis, gözelliklere diýseň baýdyr.

Aşgabat bu gün diňe bir lowurdap duran ak mermerli merjen şäher bolman, eýsem ol sebitde ylalaşdyryjy, dostlugyň we halkara gatnaşyklaryň merkezi hökmünde hem dünýäde giňden tanalýar. Ylalaşdyryjy we işewürlik merkezi hökmünde paýtagtymyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki ornunyň we ähmiýetiniň ýylsaýyn pugtalanýandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Häzirki wagtda Aşgabat dünýä we halkara derejesindäki maslahatlaryň we forumlaryň, sergileriň we bäsleşikleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu dabaralara gatnaşmaga gelýän daşary ýurtly myhmanlar Aşgabadyň binagärlik aýratynlygyna haýran galýandyklaryny belleýärler. Ak şäherimizde gurulýan binalaryň ençemesi halkara derejesindäki maslahatlary, forumlary geçirmäge niýetlenendir. Muňa mysal edip, ýaňy-ýakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň geçirilendigini  aýtmak bolar.

Aşgabadyň gülleriniň özem aýratyn waspa mynasypdyr. Bu gülleriň paýtagtymyzyň nahalhanalarynda köpçülikleýin ösdürilip ýetişdirilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Güllerden ýazgy döretmek, baglardan şekil ýasamak Aşgabadyň gül we bag hojalyk pudaklarynda gazanylan oňyn tejribedir.

Ak binalar, al-elwan güller, ýaşyl baglar – bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak ýollary nazarlaýan beýik işleriniň ajap miweleri bolup, didelerimize we göwünlerimize nur çaýýar. Merjen şäherimiz ak mermere beslenen belent binalarynyň tebigat bilen sazlaşmagy esasynda dörän gaýtalanmajak sungat eseridir. Aşgabat şäheriniň çäginde gür bagly, arassa howaly seýilgähleriň onlarçasy bar.

Aşgabadyň günorta künjeginde tokaý zolaklarynyň döredilendigini we ýylsaýyn giňelýändigini bellemek aýratyn ýakymlydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem ýurdumyzyň ähli künjeklerini we baş şäherini bagy-bossanlyga büremek boýunça ýaýbaňlandyrylan asylly çäreler üstünlikli dowam etdirilýär.

Muňa aýdyň mysal hökmünde bolsa, 20-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berilmegini bellemek bolar.

Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça amala aşyrylan oňyn işleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem dowamat dowam bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Esasy Kanunymyzyň 24-nji maddasy «Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir» diýip kesgitleýär. Görenleri haýrana goýýan paýtagtymyz Aşgabat şäheri bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşaýan ähli türkmenistanlylaryň buýsanjy we guwanjydyr, göwünleriniň ganatydyr. Ak şäherimiziň waspy aýdymdyr mukam, goşgy-gazal bolup, mukaddes ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynyň töründe ýaşaýar.

Hut şonuň üçin hem asuda, parahat ýurdumyzda her ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat şäheriniň güni we «Soňky jaň» dabarasy agzybirlikde, uly ruhubelentlikde toý-dabaralar, medeni çäreler bilen bellenilip geçilýär.

Hormatly Prezidentimizi we ähli türkmenistanlylary Aşgabat şäheriniň güni we «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe il-halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan, halk bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

 

Jahan ORAZOWA, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.