Agzybir halkymyzy asuda, parahat durmuşda ýaşadýan döwlet Baştutanymyzyň il-ýurt bähbitli taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli pudaklarda uly ösüşler, üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni il-ýurt bähbitli beýik işlere, ruhuňy göterýän taryhy wakalara, şatlyk-şowhunly toý-dabaralara beslenýär.
Mukaddes ata Watanymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramy hem agzybirlikde, ruhubelentlikde bellenilip geçilýär. Haly baýramy, halyçylaryň el işleriniň dünýä ýaýylmagy üçin guralýan sergiler we dakylýan hormatly atlar hem-de berilýän döwlet sylaglary – bularyň hemmesi Arkadagly Serdarymyzyň halyçylyk sungatyny ösdürmäge berýän üns-aladasynyň netijesidir. Şeýle bolansoň, bu günki günde her bir halyçynyň hormatly Prezidentimize bolan alkyşy egsilmezdir.
Hormatly Prezidentimiziň: «Türkmen milli halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu ajaýyp sungat ösüp gelýän nesillerimizi terbiýelemekde, gadymy senedimizi ösdürmekde mynasyp orny eýeleýär. Şoňa görä-de, halylarymyzy täze göllerdir nagyşlar bilen baýlaşdyrmak, ýerli we daşary ýurtly alyjylaryň isleglerini doly kanagatlandyrmak boýunça işler dowam etdiriler» diýip, parasatlylyk bilen bellemegi, halyçylyk sungatyny ösdürmäge gönükdirilen asylly işleriň dowamat dowam bolýandygyny äşgär edýär.
Türkmen halylary özüniň gaýtalanmajak täsin gözelligi, berkligi we görenleri haýrana goýýan ýokary hili bilen bütin dünýäde meşhurlyga eýedir. Bu halylarda biziň halkymyzyň şöhratly beýik geçmişi janlanýar, bagtyýar geljege bolan ýagty umytlary, hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik häsiýetleri şöhlelenýär. Taryhyň gatlaryndan gözbaş alyp gaýdýan nepis halyçylyk sungatymyz dünýä ýüzüniň alymlarydyr syýahatçylaryny, sungatşynaslaryny hem içgin gyzyklandyryp gelýär.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň dokmaçylygyň täsin däplerini, türkmen halylarynyň gözelligini wasp edýän «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», şeýle hem «Paýhas çeşmesi» atly ajaýyp eserleri-de milli halyçylyk sungatynyň gadymy däplerini wagyz etmek işine uly goşant bolup hyzmat edýän gymmatly hazynadyr. «Paýhas çeşmesi» atly kitabyň dürdäne setirlerinde haly, kilim ýaly haly önümleriniň nakyllarda ulanylmagy bizi begendirýär. Muňa mysal hökmünde: «At – ýigidiň diregi, haly – gyzyň ýüregi», «Haly ýüwürdip, kilim kesme» ýaly nakyllary görkezmek bolar.
Türkmen gelin-gyzlary öz ýürek arzuwlaryny, mähirini, nuranalygyny hala syrly nagyşlar bilen siňdiripdirler. Olar tebigatyň gözel görküni, ymgyr çölüni, dag-düzüni, ýaýlasyny suratlandyranda tebigatda bar bolan ähli reňkleri ussatlyk we inçelik bilen ulanypdyrlar. Şeýlelikde, keşde-nagyşlaryň many-mazmunynda, çeper çözgütleri saýlap tapmakda deňi-taýy bolmadyk özboluşly dürli reňkler emele gelýär. Bu çözgütleriň dürlüligi sanardan köpdür, olaryň biri köşeşdirýär, biri synçylygy oýarýar, başga birlerinde owaz, toý-baýram, dabara, üçünji birleri bolsa bilesigelijiligi, göz öňüne getirmeleri güýçlendirýän köpmanyly çözgütlerdir.
Gözel halylaryň waspy halk döredijiligimize-de şahyrana setirler arkaly siňipdir. Olar lälelerde, hüwdülerde, monjugatdylarda, matallarda, tapmaçalarda, nakyllardyr atalar sözünde öz beýanyny tapypdyr. Bu dürdäne eserler beýik sungat hem-de ruhy we maddy medeniýetiň baý gory hökmünde türkmen el halyçylygyna bolan düýpgöter täze garaýşy açdy.
Hormatly Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» kitabyndaky: «Biziň döwletimiziň ýene-de bir genji-hazynasy taýsyz çeper eserler bilen deňleşdirilen ajaýyp halylarymyzdyr» diýen setirleri türkmen halyçylyk sungatyna berlen mynasyp bahadyr.
Haly gölleri ýurdumyzyň mukaddes Döwlet baýdagyny bezeýär, binagärçilik bezeginiň aýrylmaz düzümi bolup durýar. Türkmen halysy türkmen ruhunyň joşgunly çeşmesinden, halkyň görkana gelin-gyzlarynyň kalbyndaky gönezlikden, ýüregindäki nuranalykdan dörän sungatdyr.
Ajaýyp türkmen halylary biziň halkymyzyň ruhy dünýäsiniň täsin melhemidir, ene mähri deýin ýakymlydyr. Sebäbi, ony synlanyňda ruhy dünýäň rahatlyk tapýar, kalbyňy mähir gaplap alýar, göwnüň açylýar.
Eziz Diýarymyzda halyçylyk sungaty yzygiderli ösdürilýär. Bu pudak döwlet tarapyndan goldanylýar hem-de halyçylygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär, bu ajaýyp nepisligiň dünýä äşgär bolmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Bilşimiz ýaly, 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt komitetiň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň gudraty bilen döredilen nepis halylaryň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Arkadagly Serdarymyz türkmen halylarynyň abraýynyň mundan beýläk hem belende göterilmegi, bu ajaýyp sungatyň dowamat dowam etdirilmegi ugrunda bimöçber tagallalary edýär. Nepis halylarymyz biziň milli buýsanjymyza öwrüldi. Türkmeniň halysy halkymyzyň ruhy ahwalydyr, çünki, haly halkymyzyň ruhunda ýaşaýar.
«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylda-da türkmen halyçylarynyň daraklarynyň sesi batly ýaňlansyn!
Goý, kalby milli gymmatlyklarymyza söýgüden, pederleriň geçen şöhratly ýoluna hormat-sarpadan püre-pür Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda nur-röwşenli menziller bedew batly geçilsin! Halkymyzyň bagtyýar zamanada ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli amala aşyrýan beýik işleri rowaç alsyn!
Türkmen halysynyň baýramy gutly bolsun, gadyrdan watandaşlar!
Jennet SAPAROWA,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.