Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň her bir güni kalbyňy şatlandyrýan toýlara-baýramlara, buýsançly taryhy wakalara beslenýär. Ine, şeýle ajaýyp, şatlyk-şowhunly baýramlaryň biri hem bagtly çagalygyň ýurdy hasaplanýan Türkmenistan döwletimizde her ýylyň 1-nji iýunynda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara günüdir.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, berk bedenli, ylymly-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Ol maksatnamalaýyn işler ýurdumyzda çaganyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edip, belent ahlak häsiýetinde terbiýelenmegine oňyn ýardam edýär.
Ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 – 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi hem ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň bagtyýar geljegine gönükdirilen üstünlikli özgertmeleriň alnyp barylýandygyny äşgär edýär.
Erkana, asuda durmuşda ýaşaýan ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşini ýola goýmak hem-de saglygyny goramak we berkitmek ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýär. Munuň şeýledigine, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem doly şaýatlyk edýär.
Elbetde, bu haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döredýär.
Häzirki wagtda paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde, ähli şäherdir obalarymyzda häzirki zaman enjamlary, multimedia we okuw-tehniki serişdeleri bilen doly üpjün edilen çagalar baglary, mekdepler, sport merkezleri hereket edýär. Şeýle hem enelerimize hem-de körpelerimize ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş hyzmatlaryny amala aşyrýan «Ene mähri» saglyk merkezleri, çagalaryň saglygyny dikeldiş merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi.
Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagy bilen birlikde, tomusky we gyşky dynç alyş möwsümlerinde häzirki zaman çagalar sagaldyş, dynç alyş merkezlerinde döwrebap dynç almaklary, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin hem ähli şertler döredilýär. Ajaýyp künjekleriň biri bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, «Gökdere» jülgesinde gurlan sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde çagalaryň müňlerçesi wagtlaryny şatlykly hem-de manyly geçirýärler. Zehinli çagalary ýüze çykarmak, olary döredijilige ruhlandyrmak maksady bilen, her ýylda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil» atly bäsleşikler, şeýle-de döredijilik bäsleşikleri geçirilýär.
Ýurdumyzda çagalaryň saglygyny, hukugyny goramak, olara ahlak ýörelgeleri esasynda bilim-terbiýe bermek ugrunda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Döwletimiz bu ugurda binýatlaýyn halkara hukuk resminamalarynyň birnäçesine – Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, şeýle-de Gaaga Konwensiýasyna goşuldy.
Türkmenistan BMG-niň birnäçe möhüm konwensiýalaryna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär. Şol sanda ýurdumyz Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýany tassyklamak bilen, ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämilleşmegi üçin oňaýly şertleri üpjün etmäge işjeň gatnaşýar.
Türkmenistanda çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek we ganazlyga garşy göreşmek çäreleri iri halkara guramalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Ýurdumyzyň çaga dogrulýan düzümleri «Çaga bolan mähirli gatnaşyklaryň hassahanasy» diýen ýokary derejä mynasyp boldy.
Ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalara işjeň gatnaşýan BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) biziň uzakmöhletleýin hyzmatdaşymyzdyr.
Çagalaryň hukuklaryny üpjün etmegiň kepillikleri berkidilen esasy hukuk binýady ýurdumyzyň Konstitusiýasynda hem-de «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Kanunda öz beýanyny tapýar.
Maşgala we hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň 12-nji babynyň tutuşlygyna çagalaryň hukuklaryna bagyşlanmagy ýurdumyzda çagalaryň hukuklarynyň eldegrilmesizdigini subut edýär. Her ýylyň 1-nji iýunynda ata Watanymyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň bellenilip geçilmegi olaryň her biriniň şahsyýet hökmünde kemala gelmeginde ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.
Türkmen halky üçin çaga ýaly eziz zat ýokdur. «Bal süýji – baldanam bala süýji» diýlişi ýaly, eziz çagalar her bir ene-atanyň göz-guwanjydyr. Ene gujagynda yssy mähirden ganýan bagtyýar çagany göreniňde göwnüň ganatlanyp, şatlyk duýgulary gaplap alýar. Bagtyýar ojaklary gülki sesleri bilen bezeýän perzentlerimiz bizi özleriniň näzijek mährine maýyl edýär.
Hut şonuň üçin hem asuda, parahat ýurdumyzda her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni agzybirlikde, uly ruhubelentlikde toý-dabaralar bilen bellenilip geçilýär.
Bagtyýar çagajyklarymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda uly aladalar edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan tutumly işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Maksat SAIPOW,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.