TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

WELOSPORT — SAGDYNLYK WE RUHUBELENTLIK

Hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe, sagaldyş hem-de sport hereketini höweslendirmäge gönükdirilen taýsyz tagallalary netijesinde, dünýäniň sport giňişliginde eziz Diýarymyzyň abraýy has-da ýokarlanýar. Türkmenistanda sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, welosiped sporty hem täze ösüşlere eýe bolýar. Munuň şeýledigine her ýylyň 3-nji iýunynda — dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde ýurdumyzda uly ruhubelentlikde bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilýän sport ýaryşlary, welosipedli ýörişler aýdyň subutnama bolup durýar.

Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş kadalaryny has-da berk ornaşdyrmak,  halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edil­ýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Beýleki ulag serişdelerine garanyňda, ony dolandyrmak hem aňsat. Welosiped sporty bolsa sportuň ekologik taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär» diýip, parasatlylyk bilen bellemegi, sportuň bu görnüşiniň uly ähmiýete eýedigini görkezýär.

Häzirki wagtda welosiped sporty ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna we adamyň saglygyny berkitmäge ýardam berýän sportuň meşhur görnüşleriniň biridir.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Kararnamada dünýäniň ähli ýurtlaryna ösüş strategiýasynda welosiped sportuna aýratyn üns bermek, ony milli, sebit we halkara maksatnamalaryna goşmak baradaky çagyryş beýan edilýär.

Şu wakanyň hormatyna Aşgabatda «Welosiped» binasy guruldy. Bu bina 2020-nji ýylda dabaraly ýagdaýda açyldy. Bularyň ählisi bir maksada — 2030-njy ýyla çenli döwür üçin «Gün tertibinde» kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir. Sagdynlyk, sport we ekologiýa bolsa şolaryň ählisiniň içinden eriş-argaç bolup geçip, her bir ynsanyň abadan, asuda ýaşaýşyny gazanmak arkaly adamzadyň «umumy öýünde» durnukly ösüşidir rowaçlygy ilerletmegiň ählumumy ykrar edilen mizemez binýatlarydyr. Welosiped sporty häzirki döwürde dünýäniň sport babatda beýik ösüşlerine şaýatlyk etmek bilen bir hatarda adamzadyň parahatsöýüjilik taglymatlaryny, dostlugy we hoşniýetliligi dabaralandyrýar.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 15-nji martynda  Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi uly buýsançly waka öwrüldi. 

 Bilişimiz ýaly, adamzat indi iki asyrdan gowrak wagt bäri ekologiýa taýdan arassa, hereketlendirmesi ýönekeý, howpsuzlyk taýdan ygtybarly welosipedi ulag serişdesi hökmünde peýdalanýar. Şunuň bilen baglylykda welosiped sporty tutuş dünýäde giňden ýaýrandyr we örän meşhurdyr.

Taryhyny 1869-njy ýylda Fran­si­ýa­nyň Pa­riž we Ru­an şäherleriniň ara­lygynda geçirilen ilkinji uly ýaryşdan alyp gaýdýan welosiped sporty 1896-njy ýylda Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi.

Welosiped häzirki wagtda tutuş dünýäde iň ýörgünli ulag serişdesine öwrüldi. Awtomobiliň welosipede çalşylmagy daş-töwerege ýaýraýan zyýanly gazlaryň derejesini peseltmäge kömek edýär. Ynsan saglygy, ekologiýanyň arassalygy üçin hem iňňän ähmiýetli bu ulagyň biziň ýurdumyzda sanynyň köpelmegi, ýaşlaryň arasynda welosipede bolan höwesiň artmagy onuň meşhurlygyny barha ýokarlandyrýar. Ýer ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolan bu sport görnüşiniň Türkmenistanda hem uzakdan gözbaş alýan taryhynyň bardygy bellärliklidir. Bu taryh 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmeginden gözbaş alýar. Munuň şeýledigine 1895-nji ýylyň iýun aýynda welosiped sürmek boýunça ilkinji ýaryşyň geçirilendigi hem şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz sport ulgamynda täzeçil döwlet strategiýasynyň başyny başlap, ajaýyp türgen bolmak bilen, bedenterbiýe we sport bilen işjeň meşgullanmagyň tarapdary bolup durýar. Munuň özi ýaşlykdan Arkadagymyzyň durmuş kadasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow asylly maşgala däplerini dowam edip, sport bilen meşgullanmaga uly üns berýär. Sport bilen meşgullanmak adamyň beden we ruhy ýagdaýyna oňaýly täsir etmek bilen birlikde, zähmetsöýerlik,ruhubelentlik, maksada okgunlylyk, düzgün-nyzamlylyk ýaly häsiýetleri ýüze çykarmaga ýardam edýär. Şunda nesilleriň dowamatlylygy öz aýdyň beýanyny tapýar.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýaýbaňlanmagy ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak il-ýurt, umumadamzat bähbitli, tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin!

       

Ogulnyýaz Mämmetnurowa, 
Türkmenistanda  Saýlawlary we  sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.