Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde eziz Diýarymyz ylym, bilim we beýleki ulgamlarda döwür bilen deň gadam urýar.
Hormatly Prezidentimiziň: «Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini giňden açmakda, dünýä derejeli ylmy düşünjesi bolan hünärmenleri, alymlary ýetişdirmekde halkara hyzmatdaşlygyny täze derejelere çykarmagy zerur wezipe hökmünde aýratyn nygtamak isleýärin. Ylmyň kökleri çagalar bagyndan başlap ösmelidir we munuň üçin ylym-bilimiň basgançaklary dünýä standartlarynyň talaplaryna doly laýyk getirilmelidir. Ylmy döredijiligiň ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşyny ösdürmekdäki täsiriniň artmagy üçin daşary ýurtlar bilen ylmy hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna üns bererin» diýip, parasatlylyk bilen bellemegi, ähli ösüşleriň özeniniň ylym öwrenmek, bilim almak bilen baglydygyny aňladýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ylmy döwlet tarapyndan goldamak, täze tehnologiýalary we innowasiýalary ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak, halkara ölçeglerine laýyk gelýän, berk binýatly, häzirki zaman ylym ulgamyny döwrebap kämilleşdirmek hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ylym ulgamynda başyny başlan düýpli özgertmeleriniň netijesinde ýurdumyzda ylym ulgamy halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk, maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär. Ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýaş alymlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Şeýlelikde, döredijilik bilen meşgullanýan ýaş nesil kemala geldi.
Täze taryhy eýýamda täzeçil usullardan baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly hem-de häzirki zaman ylmyna, oňyn pikirlenmelere ygrarly ýaş nesilleriň ýetişmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy milli ylym ulgamynyň kanunçylyk binýadynyň özeni bolup durýar. Esasy Kanunymyza laýyklykda, döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar. Döwletiň ylmy-tehniki syýasaty jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitlerine laýyklykda alnyp barylýar. Döwlet ylmyň we tehnikanyň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.
Türkmeniň nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragynyň: «Ylym-taglym alan seni unutmaz» diýip, Mämmetweli Keminäniň: «Ylym bir daragtdyr» diýip, öz goşgularynda beýan etmegi olaryň ylym, bilim meselesini döredijilik işlerinde ünsden düşürmändigine şaýatlyk edýär. Asla, ata-babalarymyz ylym-bilim ugruna uly üns beripdirler.
Diýmek, ata-babalarymyzyň döreden iň gadymy we gymmatly mirasy ýaş nesillere bilim, terbiýe bermek ýörelgesidir. Ylym, bilim, terbiýe almak uzak wagtyň we yhlasly zähmetiň miwesi hasaplanýar. Çünki, biziň eşretli hem-de bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşy ylmyň we bilimiň kämilleşmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Gahryman Arkadagymyz: «Ylym hem-de bilim adamzadyň bezegidir. Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr» diýip belleýär. Munuň özi ähli ösüşleriň özeniniň ylym öwrenmek, bilim almak bilen baglydygyny aňladýar.
Eziz watandaşlarymyzy, hormatly Prezidentimizi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gün mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys.
Ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagyna uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt we umumadamzat bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin.
Hekimberdi Öwezow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti.